Ýurdumyzyň altyn gaznasy

13 Aprel 2022
1088

12-nji aprelde paýtagtymyzda iri guramanyň — Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygyna bagyşlanan serginiň we maslahatyň açylyş dabarasy boldy. Häzirki wagtda bu birleşme ýurdumyzyň hususy işewürliginiň wekilleriniň 27 müňden gowragyny özünde jemleýär hem-de ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamyny ösdürmek, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak boýunça giň gerimli işleri amala aşyrýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisine hem-de maslahatyna gatnaşyjylara iberen Gutlagynda nygtaýşy ýaly, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gazananlarynyň, hususy pudagyň ýeten sepgitleriniň gözden geçirilişine öwrülen bu çäreler hususy haryt öndürijileriň öndürýän önümleriniň möçberini içerki we daşarky bazarlarda artdyrmaga, maýa goýum we innowasion işewürligi ösdürmegiň has möhüm ugurlaryny kesgitlemäge ýardam berýär.

Ýörite habarçymyz.