Bitaraplyk syýasatynyň ykdysady mümkinçilikleri
Türkmen Bitaraplygynyň ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklaryna galkynyşly menzilleri bagyşlandygy hakykat. Ylym, bilim, medeniýet, sungat, edebiýat, syýasat, ykdysadyýet ýaly ulgamlarda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanyp, amal edilen işler sanardan köp. Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabyndaky: «Bitaraplyk syýasaty sebitiň dünýäde häzirki zamanda bolup geçýän işlere ähli ugurlar boýunça tiz goşulyşmaga ýardam berýär. Merkezi Aziýanyň, syýasy nukdaýnazardan durnukly ösýän, netijeli ykdysady gatnaşyklar berkidilýän sebite öwrülmegi üçin zerur şertleri döredýär» diýen sözleri biziň söhbedimize giriş boldy. Gürrüň türkmen Bitaraplygynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýetiren özgerişli täsirleri dogrusynda barýar. Ýadymyzda şöhlelenişi ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Garaşsyz ýurdumyz 185 döwletiň biragyzdan goldamagynda BMG tarapyndan ilkinji ykrar edilen hemişelik Bitarap döwlet hökmünde dünýä çykdy. Dünýäde şeýle mertebelenmek «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýanyň ikinji gezek kabul edilmegi bilen, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň biragyzdan goldamagy netijesinde binýat boldy. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan islendik döwletiň ähli ulgamlar boýunça ösmäge, öňe gitmäge galkynjakdygy öz-özünden düşnükli. Ine, G