Parahatçylygyň hem ösüşiň taglymaty

5 Dekabr 2022
699

Bitaraplyk. Halkara hukugynda giňden ýaýran bu düşünjäniň aňrysynda uly many bar. Taryhyň dowamynda ençeme kynçylyklary başdan geçiren adamzat jemgyýeti bu günki gün ählumumy abadançylyga hem-de parahatçylyga naýbaşy gymmatlyk hökmünde garaýar. Bu ugurda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň eýeleýän orny, öňe sürýän başlangyçlary, durmuşa geçirýän işleri hem dünýä nusgalykdyr. Ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilip, Ýer ýüzünde bellenilýän Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda parahatçylyga ýugrulan ýörelge hem-de ony baýdak edinýän döwletler barada söhbet etmek ýakymlydyr.

Kämilleşýän düşünje, uly jogapkärçilik

Ahmet GELDIÝEW,
«Watan».