Baky bagtyýarlygymyzyň badalgasy

7 Dekabr 2022
639

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk alyp galkynmagy ata-babalarymyzyň asyrlarboýy köňlüne beslän ajaýyp arzuwlarynyň wysaly. Garaşsyzlyk alyp galkynan ata Watanymyz Türkmenistan, 1995-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň ykrar etmeginde hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň hem eýesi boldy.

Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ata-babalarymyzyň ynsanperwer häsiýetiniň döwrebap dowamydyr. Munuň şeýledigine dutary gylyçdan has güýçli saýan Şükür bagşynyň başyndan geçirenleri-de aýdyň şaýatlyk edýär. Taryhyň saralan sahypalaryny agtaryp görsek, türkmen halkynyň asyrlarboýy diňe öz ýurdunyň däl, eýsem, dünýäniň parahatçylygyny pugtalandyrmak ugrunda hem göreşendigine göz ýetirmek mümkin. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny «Türkmen Bitaraplygy» diýip atlandyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen Görogly beg hakyndaky adybir dessançylyk sungaty, onuň golundaky dutary, kalbyndaky namasy bilen umumadamzat derejeli nusgalyk esere öwrülip, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna goşuldy. Türkmen dutarynyň, türkmen owazynyň dünýä derejesinde buýsanç bilen dabaralanmagy, Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň eçilen miweleridir.

Döwran AMANMYRADOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň aýratyn tabşyryklar boýunça uly gözegçisi, polisiýanyň maýory.