Gahryman Arkadagymyz «Bitarap Türkmenistan» atly kitabynda: «Türkmenistanyň Bitaraplygy — bu biziň mizemez gymmatlygymyzdyr, durmuşymyzyň aýrylmaz bölegidir, biziň baş maksadymyzdyr. Bitaraplyk türkmen halkyna parahat, asuda, bolelin we gülleýän durmuşy berdi. Ol Garaşsyzlygyň çuň manyly ideýalarynyň amala aşyrylmagy üçin ynamdar kepil bolup hyzmat edýär» diýip belleýär.
Hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiziň iki gezek ykrar edilmegi şanly waka boldy. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndan bäri geçen döwrüň dowamynda baky Bitarap Türkmenistan halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny yzygiderli berkidýär, parahatçylygy goldaýar, beýleki döwletler bilen hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny alyp barýar.