Bitaraplyk — döwletimiziň mertebe sütüni

6 Dekabr 2022
746

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň dünýä derejesinde dabaralanýan zamanasydyr. Garaşsyzlyk ýyllary içinde Bitaraplyk derejämiz Türkmenistanyň Konstitusiýasynda öz beýanyny tapdy. Döwlet baýdagymyzda Bitaraplyk derejesiniň alamaty bolan zeýtun baldajyklary şekillendirildi. Döwlet senamyz Bitaraplyk derejämiz bilen şöhlelendi.

Bitaraplyk güni – ýurdumyzyň iň naýbaşy baýramlarynyň birine öwrüldi. Alym Arkadagymyz «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly eserinde: «Türkmen Bitaraplygy halkymyzyň Tug deýin belent saýýan mertebe sütünidir» diýip ýazýar. Bu, hakykatdan hem şeýle. Çünki biz ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni ösüşlerinde baky Bitaraplygymyzyň halkymyza beren miwelerini görýäris.

Güljeren ANNABERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.