"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Gün urmadan goranalyň!

Tomus paslynda adamy Günüň urmagy zähmet we dynç alyş düzgüniniň bozulan ýagdaýynda ýüze çykýar. Munuň üçin suw we iýmitlenmegiň kadalaryny dogry berjaý etmeli. Bedenimiziň teşneligini gandyrmak üçin günde 2-2,5 litr suw içmeli. Gök çaý hem teşneligi gowy gandyrýar.

Ýol hereketiniň hukuk binýady

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly kitabynda: «Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy tarapyndan adamlaryň, aýratynam, çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda ýol hereketiniň howpsuzlygy barada düşündiriş işlerini geçirmegiň, hereket howpsuzlygynyň düzgünlerine düşünjeli garaýşy terbiýelemegiň örän möhüm wezipedigi hem birjik-de ünsden düşürilmeli däldir» diýip, parasatly nesihat etmek bilen pyýadalaryň howpsuzlygyny üpjün etmek çäreleriniň häzirki wagtda bütindünýä hereketine öwrülendigini belleýär. Alym Arkadagymyzyň bu ajaýyp eserinde nygtaýşy ýaly, ol herekete Birleşen Milletler Guramasy howandarlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ýol-ulag infrastrukturasy barha ösdürilýär. Ýurdumyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýollar, köprüler, estakadalar gurlup, ýol hereketiniň howpsuzlygy üpjün edilýär. Ýollarymyzda hereket kadalarynyň berjaý edilmegini gazanmak bu işleriň aýrylmaz düzüm bölegi bolup, ol maksatnamalaýyn hem-de toplumlaýyn esasda alnyp barylýar. «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly şygar astynda ýurdumyzda her ýyl geçirilýän çäreler toplumy aýdylanlara doly şaýatlyk edýär. Giň jemgyýetçilik gyzyklanmasyna eýe bolýan bu köpçülikleýin çäräniň gerimi barha giňeýär.

Administratiw önümçiligi

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 60-njy we 61-nji maddalarynda her bir adamyň döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň we wezipeli adamlaryň çözgütlerine hem-de hereketlerine kazyýete şikaýat etmäge, şeýle hem her bir adamyň döwlet edaralarynyň, gaýry guramalaryň, olaryň işgärleriniň, şeýle hem aýry-aýry adamlaryň bikanun hereketleri bilen özüne maddy ýa-da ahlak taýdan ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagyny kazyýet tertibinde talap etmäge hukugynyň bardygy kesgitlenilýär. Munuň özi, şol bir wagtyň özünde, her bir adamyň döwlet edaralaryna ýüz tutmaga bolan hukuklarynyň bardygyny äşgär edýär. Bu ýüztutma administratiw önümçiligi tertibinde seredilýär. Milli kanunçylykda, administratiw önümçiligi diýlip administratiw edaralary tarapyndan administratiw namalarynyň kabul edilmegi, ýerine ýetirilmegi ýa-da ýatyrylmagy bilen bagly amala aşyrylýan işe aýdylýar. Türkmenistanda jemgyýetçilik gatnaşygynyň bu ugry 2017-nji ýylyň 3-nji iýunynda kabul edilen «Administratiw önümçiligi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny arkaly düzgünleşdirilýär. Kanunyň 8-nji maddasyna laýyklykda, her bir şahsyň özüniň hukuklary we kanuny bähbitleri bilen gönüden-göni bagly bolan meseleler boýunça administratiw edara ýüz tutmaga, haýyşnama bildirmäge ýa-da administra

Wagyz-nesihat çäreleri

Degerli düzgünler düşündirildi Häzirki wagtda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi dowam edip, çagalaryň köp sanlysy dürli çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde wagtlaryny gyzykly geçirýärler. Şol merkezlerde çagalaryň göwnejaý dynç almaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

Gyz edebi zenan gözelligidir

Ýakynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölüminiň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň hem-de TMÝG-niň etrap geňeşiniň bilelikde guramaklarynda etrapdaky 23-nji orta mekdebiň mejlisler zalynda duşuşyk geçirildi. Oňa etrabyň bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda zähmet çekýän zenanlar, il sylagly ýaşulular, mähriban eneler we ýaşlar gatnaşdylar. Bu çäre maşgala ojagyna wepadarlyk, zenan edebi, zenanlara goýulýan sarpa ýaly meselelere bagyşlanyldy. Maslahatda “Baýramaly” daýhan birleşiginiň hünärmeni, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölüminiň başlygynyň orunbasary Oraznabat Esenowa, TMÝG-niň etrap geňeşiniň işgäri Ogulbagt Amanmyradowa, TMÝG-niň etrap birleşmesiniň hünärmeni Aýbölek Beknepesowa çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda zenan edebi we mertebesi, ony saklamak, maşgala mukaddesligi, zenan adyna şek ýetirjek ýaramazlykdan gaça durmak, nesil terbiýesinde ruhy-ahlak ýörelgelerimize salgylanmak dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.

El hünäri — il gezer

Sergi guraldy TKA-nyň Sakarçäge, Türkmengala, Baýramaly etrap hem-de Baýramaly şäher birleşmeleriniň bilelikde guramaklarynda “El hünäri — il gezer” atly sergi guraldy. Oňa TKA-nyň Sakarçäge, Türkmengala, Baýramaly etrap hem-de Baýramaly şäher birleşmeleriniň ýolbaşçylary we işgärleri, medeniýet işgärleri hem-de eli hünärli ildeşlerimiz gatnaşdylar. Sergide, ilki bilen, Sakarçäge etrabynyň Gülüstan geňeşliginiň ýaşaýjysy Aýnabat Çaryýewa özüniň agaçdan ýasaýan dürli görnüşli çemçeleridir okaralary, şu etrabyň Çaşgyn geňeşliginiň ýaşaýjysy Gowşut Gapurow türkmeniň milli saz guraly bolan dutaryň ýasalyşy barada çykyş etdiler.

Çagalar özara bäsleşdiler

Ýakynda welaýatymyzda hereket edýän “Arkadagyň bagtyýar nesilleri” atly çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Sport parahatlykdyr, dostlukdyr, sagdynlykdyr we gözellikdir” atly hereketli oýunlar boýunça ýaryş geçirildi. Ýokary derejede geçirilen sport ýaryşyna “Arkadagyň bagtyýar nesilleri” atly çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalar gatnaşdylar. Ýaryş, diýseň, gyzykly we çekeleşikli geçdi. Ýaryşda çagalar özara bäsleşip, hereketli oýunlar boýunça özleriniň ukyp-başarnygyny görkezdiler. Netijede, “Watan” topary 1-nji, “Joşgun” topary 2-nji, “Arkadagyň nesli biz” topary 3-nji orunlara mynasyp boldular.

Aýdym-sazly dabara

Magtymguly Pyragy — türkmeniň ruhy çyragy Golaýda etrap merkezi kitaphanasynda TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, etrap merkezi kitaphanasynyň hem-de medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli “Magtymguly Pyragy — türkmeniň ruhy çyragy” ady bilen aýdym-sazly dabara geçirildi. Oňa ýokarda ady agzalan edara-kärhanalaryň, etrabyň medeniýet we sungat işgärleri, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar gatnaşdylar.

Maslahat geçirildi

Arkadag ýyldyzy — geljegiň ýagty ýoly Şeýle at bilen welaýat kitaphanasynyň kiçi mejlisler zalynda TMÝG-niň şäher geňeşiniň hem-de welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramagynda maslahat geçirildi. Oňa TMÝG-niň şäher geňeşiniň işgärleri we işjeň agzalary, welaýat hem-de şäher merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçylary gatnaşdylar.

Aýdym-sazly dabara

Berkarar döwletiň bagtyýar nesilleri Golaýda TMÝG-niň Sakarçäge etrap geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrapdaky 3-nji çagalar bagynda körpeleriň arasynda “Berkarar döwletiň bagtyýar nesilleri” ady bilen aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabara TMÝG-niň etrap geňeşiniň işgärleri, etrap bilim bölüminiň hünärmenleri, etrapdaky 1-nji, 3-nji, 5-nji çagalar baglarynyň terbiýeçileri gatnaşdylar.

Duşuşyk işjeňlikde geçdi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kaka etrap Geňeşiniň edara jaýynda ilkinji guramalaryň başlyklarynyň we işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna bagyşlanan duşuşygyň esasy maksady etrapda ýaşlar bilen geçirilýän wagyz-nesihat işleriniň netijeliligini gazanmakdan we işjeňligini artdyrmakdan ybarat boldy. Duşuşykda «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasynda göz öňüne tutulan wezipeleriň gyşarnyksyz durmuşa geçirilýän häzirki eşretli günlerimizde ýaşlaryň aýratyn alada bilen gurşalandygy, olaryň döwrebap şertlerde zähmet çekmegi, döretmegi ugrunda ajaýyp mümkinçilikleriň bardygy, şolardan netijeli peýdalanmagyň möhümdigi barada aýdylanlar has-da täsirli boldy. Duşuşykda ýaşlaryň arasynda geçirilýän wagyz-nesihat, düşündiriş işleriniň netijeliligini gazanmagyň ýollary barada çykyşlar diňlendi hem-de ajaýyp döwri peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň mümkinçilikleri Arkadag şäherinde geçirilen tegelek stolda giňişleýin beýanyny tapdy

Döwlet ähmiýetli Arkadag şäheriniň Aragatnaşyk müdirliginiň binasynda «Sanly ykdysadyýetiň durnukly ösüşiniň innowasion ýollary» atly tegelek stol geçirildi. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetinde habar berildi. Onuň çäginde aragatnaşyk pudagynda zähmet çekýän hünärmenler hem-de Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymlary ýurdumyzyň pudaklarynda we edara-kärhanalarynda täze maglumat hyzmatlarynyň we ulgamlarynyň yzygiderli ornaşdyrylmagy bilen bagly amal edilýän ädimleriň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar.

Göwünleri galkyndyrýan özgertmeler

Golaýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet haklarynyň möçberini 10 göterim ýokarlandyrmak hakynda Permana gol çekmegi göwünleri galkyndyrdy. Munuň özi ýurdumyzda adam barada edilýän aladanyň ýene bir subutnamasy boldy. Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň durmuş ugurlydygyny amala aşyrylýan islendik giň gerimli işler aýdyp dur. Mälim bolşy ýaly, durmuş syýasaty bilimi hem öz gurşawyna alýar. Mugallym hökmünde bize bu ulgamdaky düýpli özgertmeleriň oňyn netijelerini iş we durmuş tejribämde görmek miýesser edýär. Muny okuwa kabul etmek boýunça işleriň iňňän guramaçylykly we talabalaýyk ýola goýlandygyndan hem bilip bolýar. Täze hünärler, okuwa kabul edilýän talyplaryň sanynyň artdyrylmagy, döredilýän we açylýan döwrebap bilim edaralary abadan, bagtly durmuşy, röwşen geljegi üpjün etmäge gönükdirilendir. Däp bolşy ýaly, täze ýyldan talyp haklary hem ýokarlanar. Bu asylly çäreleriň ählisi mugallymlary döredijilikli we yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrsa, talyplarda okamak, öwrenmek bilen, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmaga höwes döredýär.

Çagalara serpaý — bereketden paý

Ýagty geljegimiz bolan ýaş nesil baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. 12-nji iýulda Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan we saglyklaryny dikeldýän çagalara edermen gallaçylarymyzyň gazanan ajaýyp zähmet ýeňşi mynasybetli hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan ýörite sowgatlaryň gowşurylmagy-da munuň aýdyň beýanydyr. Bu gezekki çäre ata-babalarymyzyň asylly däplerinden, durmuş taglymatyndan gözbaş alýan, hormatly Prezidentimiz we Gahryman Arkadagymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän nusgalyk ýörelgäniň ajaýyp dabaralanmasyna öwrüldi. Şeýle hem ol hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer ýörelgelere esaslanýan durmuş ugurly syýasatynyň rowaçlanmasydyr. Dabaranyň dowamynda çagalaryň çykyşlaryna giň orun berildi. Merkezde bejergi alýan we saglyklaryny dikeldýän çagalar ajaýyp sowgatlar üçin tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny goşgy setirleri, joşgunly sözler bilen beýan etdiler. Olar sagdyn durmuş, eşretli ýaşaýyş we sazlaşykly ösüş ugrunda özleri barada yzygiderli alada edýän lukman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize çäksiz hoşallyklaryny bildirdiler. Ýurdumyzda her bir ynsan, hususan-da, çagalar baradaky alada «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygarymyzy dabaralandyryp, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksa

Ýaşlar we jemgyýet

Türkmen halkynyň terbiýeçilik däp-dessurlary, ruhy-ahlak ýol-ýörelgesi özboluşly bir durmuş ýoly bolup, ol milli terbiýeçilik mekdebi — halk mugallymçylygy derejesine ýetirilipdir. Magtymguly Pyragynyň umman ýaly döredijilik mirasynda, «Görogly», «Gorkut ata» ýaly halk eposlarynda, halk dessanlarynda, rowaýatlarynda, tymsallarynda, ertekilerinde, nakyllarynda şol milli mekdebiň parasatly garaýyşlary öz beýanyny tapýar. «At seýse bagly, adam — terbiýä», «Çaga eziz, edebi ondan hem eziz», «Bal süýji, baldanam bala süýji», «Alym bolmak asan, adam bolmak kyn», «Adam edebinden belli, ýurt — tugundan», «Perzent edep görmese, edep görkezmez», «Edep — bergi» ýaly atalar sözleri milletimiziň nesil hakyndaky aladany we onuň terbiýesini näderejede ýokary goýýandygyny aýdyň görkezýär.

Il-ýurt bähbitli beýik işler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri il-halkyň ykbalynyň galkynýan ajaýyp döwrüne öwrülýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň netijesinde, il-halkyň bähbidine gönükdirilen beýik işler rowaçlanýar. Munuň şeýledigini şu ýylyň 12-nji iýulynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde berlen hasabatlar hem aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy. Bu bolsa ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň durnukly ösüş depginini saklaýandygyny görkezýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly şygary bagtyýar ildeşlerimiziň kalbynyň senasyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, zähmet haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny hem-de talyp we diňleýji haklaryny 10 göterim ýokarlandyrmak hakynda gol çeken Permany ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň barha ýokarlandyrylmagyna ýardam eder. 

Özgertmeler — döwrüň talaby

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent ösüşlere beslenýän ýyllarynda bolup geçýän özgertmeler döwlet durmuşynyň ähli ugurlarynyň täze döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirilmegini şertlendirýär. Şu jähtden her bir ugurda gazanylýan üstünlikleri berkitmek, olaryň hukuk binýadyny kämilleşdirmek işleri giň gerimde durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň bu babatda öňde goýýan wezipelerinden ugur alnyp, golaýda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň altynjy maslahatynda dürli ugurlara degişli kanunlary kämilleşdirmek boýunça taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Şolaryň hatarynda «Bolgariýa Respublikasynyň, Çehiýa Respublikasynyň, Estoniýa Respublikasynyň, Horwatiýa Respublikasynyň, Kipr Respublikasynyň, Latwiýa Respublikasynyň, Litwa Respublikasynyň, Wengriýanyň, Malta Respublikasynyň, Polşa Respublikasynyň, Rumyniýanyň, Sloweniýa Respublikasynyň we Slowakiýa Respublikasynyň Ýewropa Bileleşigine girendigini göz öňünde tutup, bir tarapdan Türkmenistan bilen we beýleki tarapdan Ýewropa Bileleşiginiň we oňa agza döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy döredýän gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşyga Teswirnamany tassyklamak hakynda», «Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň Tertipnamasynyň VI maddasyna Üýtgetmäni tassyklamak hakynda», «Ýabany ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ýitip gitmek howpy astyndaky görnüşleriniň halk

Eziz Diýarymyz — mukaddes seždegähimiz

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlislerinde Watan gullukçylarynyň arasynda ýaşlaryň watanperwerlik terbiýesini yzygiderli ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri kämil derejede guramagyň zerurdygyna ünsi çekýär. Watana gulluk etmegiň, ony jandan eziz görüp goramagyň we ýurdumyzy gülledip ösdürmek üçin hyzmat etmegiň her bir ynsanyň ömrüniň manysy, mertebeli ýaşaýşynyň özeni, maksat-myrady bolup durýandygyny pent-nesihat edýär. Çünki Watan ogullarynyň — merdana, batyr gerçekleriň watanperwerlik duýgusy her gysym topragyň keramatdygyna uýmakdan, şöhratly geçmişimize, öý-ojagyň mukaddesligine, il-ulsuň, ata-babalaryň çuňňur pähimine hormat-sarpa goýmagy başarmakdan başlanýar. Şöhratly geçmişine sarpa goýýan nesil şu günüň bagtyýarlygyna guwanyp, geljegiň röwşendigine ynanyp, eziz topragyna söýenip ýaşaýar. Biziň Watana bolan söýgimiz ata-babalarymyzyň nesilleriň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin görkezen gahrymançylyklarynyň üstümizde ganat gerýän ölmez-ýitmez ruhlary bilen utgaşýar, bir bitewi güýje öwrülýär. Ynsan geçmişiniň beýikligini, köki-damarynyň çuňlugyny, köňlüniň rahatlygyny, şu gününiň bagtyýarlygyny, sarsmaz-synmaz rysgal-döwletliligini diňe öz Watanynyň goýnunda görýär. Göbek ganymyz daman Watan topragy, ony goramak,

Magtymguly — halkyň beýik danasy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň uly üstünliklere beslenýän günlerinde akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäreler geçirilýär. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde guramagynda geçirilen «Magtymguly — halkyň beýik danasy, äleme nusgadyr ähli namasy» atly maslahat hem ýokary ruhubelentlige beslendi. TKA-nyň welaýat birleşmesinde geçirilen maslahata dürli ulgamlarda zähmet çekýän bagtyýar ildeşlerimiz gatnaşdylar. Maslahatda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň başlygy, Hormatly il ýaşulusy Aşyrdurdy Allaýew, «Daşoguz habarlary» gazetiniň bölüm redaktory Döwletnazar Işangulyýew, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň pudaklar boýunça utgaşdyryjylary Jumagül Hojaýewa, Haltäç Bäşimowa, maglumat tehnologiýalary boýunça esasy hünärmeni Begmyrat Baýramow dagy çykyş edip, akyldar şahyryň edebi mirasynyň ähmiýeti hakynda gürrüň etdiler. Mälim bolşy ýaly, Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny dünýä ýaýmakda ýurdumyzda birnäçe işler alnyp barylýar. Şolaryň hatarynda «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň ähmiýeti örän uludyr. Bu kanun beýik söz ussadynyň medeni mirasynyň aýawly saklanmagyna we geljek nesillere ýetirilmegine degişli wezipeleriň hukuk binýadyny berkidýär. Akyldar şahyryň döredijilik mirasy häzirki wagtda halkara derejede uly gyzyklanm

Hepdäniň habarlary

Täze taryhy eýýamyň ganaty Daşoguz şäher häkimliginiň, TDP-niň welaýat, şäher komitetleriniň hem-de şäher kazyýetiniň bilelikde guramagynda «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň özgertmeler syýasaty — taryhy eýýamyň ganaty» atly maslahat geçirildi.