Ýaşlar we jemgyýet

17 Iýul 2024
216

Türkmen halkynyň terbiýeçilik däp-dessurlary, ruhy-ahlak ýol-ýörelgesi özboluşly bir durmuş ýoly bolup, ol milli terbiýeçilik mekdebi — halk mugallymçylygy derejesine ýetirilipdir.

Magtymguly Pyragynyň umman ýaly döredijilik mirasynda, «Görogly», «Gorkut ata» ýaly halk eposlarynda, halk dessanlarynda, rowaýatlarynda, tymsallarynda, ertekilerinde, nakyllarynda şol milli mekdebiň parasatly garaýyşlary öz beýanyny tapýar. «At seýse bagly, adam — terbiýä», «Çaga eziz, edebi ondan hem eziz», «Bal süýji, baldanam bala süýji», «Alym bolmak asan, adam bolmak kyn», «Adam edebinden belli, ýurt — tugundan», «Perzent edep görmese, edep görkezmez», «Edep — bergi» ýaly atalar sözleri milletimiziň nesil hakyndaky aladany we onuň terbiýesini näderejede ýokary goýýandygyny aýdyň görkezýär.

Ýunus MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar