Duşuşyk işjeňlikde geçdi

18 Iýul 2024
189

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kaka etrap Geňeşiniň edara jaýynda ilkinji guramalaryň başlyklarynyň we işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna bagyşlanan duşuşygyň esasy maksady etrapda ýaşlar bilen geçirilýän wagyz-nesihat işleriniň netijeliligini gazanmakdan we işjeňligini artdyrmakdan ybarat boldy.

Duşuşykda «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasynda göz öňüne tutulan wezipeleriň gyşarnyksyz durmuşa geçirilýän häzirki eşretli günlerimizde ýaşlaryň aýratyn alada bilen gurşalandygy, olaryň döwrebap şertlerde zähmet çekmegi, döretmegi ugrunda ajaýyp mümkinçilikleriň bardygy, şolardan netijeli peýdalanmagyň möhümdigi barada aýdylanlar has-da täsirli boldy. Duşuşykda ýaşlaryň arasynda geçirilýän wagyz-nesihat, düşündiriş işleriniň netijeliligini gazanmagyň ýollary barada çykyşlar diňlendi hem-de ajaýyp döwri peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.

Azat HALMYRADOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kaka etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar