Göwünleri galkyndyrýan özgertmeler

18 Iýul 2024
309

Golaýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet haklarynyň möçberini 10 göterim ýokarlandyrmak hakynda Permana gol çekmegi göwünleri galkyndyrdy. Munuň özi ýurdumyzda adam barada edilýän aladanyň ýene bir subutnamasy boldy.

Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň durmuş ugurlydygyny amala aşyrylýan islendik giň gerimli işler aýdyp dur. Mälim bolşy ýaly, durmuş syýasaty bilimi hem öz gurşawyna alýar. Mugallym hökmünde bize bu ulgamdaky düýpli özgertmeleriň oňyn netijelerini iş we durmuş tejribämde görmek miýesser edýär. Muny okuwa kabul etmek boýunça işleriň iňňän guramaçylykly we talabalaýyk ýola goýlandygyndan hem bilip bolýar. Täze hünärler, okuwa kabul edilýän talyplaryň sanynyň artdyrylmagy, döredilýän we açylýan döwrebap bilim edaralary abadan, bagtly durmuşy, röwşen geljegi üpjün etmäge gönükdirilendir. Däp bolşy ýaly, täze ýyldan talyp haklary hem ýokarlanar. Bu asylly çäreleriň ählisi mugallymlary döredijilikli we yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrsa, talyplarda okamak, öwrenmek bilen, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmaga höwes döredýär.

Oguldurdy JUMAÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar