El hünäri — il gezer

18 Iýul 2024
215

Sergi guraldy

TKA-nyň Sakarçäge, Türkmengala, Baýramaly etrap hem-de Baýramaly şäher birleşmeleriniň bilelikde guramaklarynda “El hünäri — il gezer” atly sergi guraldy. Oňa TKA-nyň Sakarçäge, Türkmengala, Baýramaly etrap hem-de Baýramaly şäher birleşmeleriniň ýolbaşçylary we işgärleri, medeniýet işgärleri hem-de eli hünärli ildeşlerimiz gatnaşdylar. Sergide, ilki bilen, Sakarçäge etrabynyň Gülüstan geňeşliginiň ýaşaýjysy Aýnabat Çaryýewa özüniň agaçdan ýasaýan dürli görnüşli çemçeleridir okaralary, şu etrabyň Çaşgyn geňeşliginiň ýaşaýjysy Gowşut Gapurow türkmeniň milli saz guraly bolan dutaryň ýasalyşy barada çykyş etdiler.

Beýleki habarlar