Magtymguly — halkyň beýik danasy

17 Iýul 2024
449

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň uly üstünliklere beslenýän günlerinde akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäreler geçirilýär. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde guramagynda geçirilen «Magtymguly — halkyň beýik danasy, äleme nusgadyr ähli namasy» atly maslahat hem ýokary ruhubelentlige beslendi. TKA-nyň welaýat birleşmesinde geçirilen maslahata dürli ulgamlarda zähmet çekýän bagtyýar ildeşlerimiz gatnaşdylar.

Maslahatda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň başlygy, Hormatly il ýaşulusy Aşyrdurdy Allaýew, «Daşoguz habarlary» gazetiniň bölüm redaktory Döwletnazar Işangulyýew, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň pudaklar boýunça utgaşdyryjylary Jumagül Hojaýewa, Haltäç Bäşimowa, maglumat tehnologiýalary boýunça esasy hünärmeni Begmyrat Baýramow dagy çykyş edip, akyldar şahyryň edebi mirasynyň ähmiýeti hakynda gürrüň etdiler. Mälim bolşy ýaly, Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny dünýä ýaýmakda ýurdumyzda birnäçe işler alnyp barylýar. Şolaryň hatarynda «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň ähmiýeti örän uludyr. Bu kanun beýik söz ussadynyň medeni mirasynyň aýawly saklanmagyna we geljek nesillere ýetirilmegine degişli wezipeleriň hukuk binýadyny berkidýär. Akyldar şahyryň döredijilik mirasy häzirki wagtda halkara derejede uly gyzyklanma eýe bolýar. Çykyş edenler şular barada bellemek bilen, şeýle giň gerimli işleriň şanly ýylyň taryhy ähmiýetli wakalarynyň hatarynda mynasyp orny eýeleýändigini aýtdylar.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar