Il-ýurt bähbitli beýik işler

17 Iýul 2024
266

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri il-halkyň ykbalynyň galkynýan ajaýyp döwrüne öwrülýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň netijesinde, il-halkyň bähbidine gönükdirilen beýik işler rowaçlanýar. Munuň şeýledigini şu ýylyň 12-nji iýulynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde berlen hasabatlar hem aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy. Bu bolsa ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň durnukly ösüş depginini saklaýandygyny görkezýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly şygary bagtyýar ildeşlerimiziň kalbynyň senasyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, zähmet haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny hem-de talyp we diňleýji haklaryny 10 göterim ýokarlandyrmak hakynda gol çeken Permany ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň barha ýokarlandyrylmagyna ýardam eder. 

«Daşoguz habarlary».
Beýleki habarlar