"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Su­was­ty sy­ýa­hat gu­ra­lar

Ame­ri­kan işe­wür­le­ri Lar­ri Kon­nor bi­len Pat­rik La­heý «Ti­ta­nik» gä­mi­si­niň ba­tan ýe­ri­ne su­was­ty sy­ýa­ha­ty gu­ra­mak­çy­dyk­la­ry­ny mä­lim et­di­ler. Ba­ta­ny­na 110 ýyl­dan gow­rak wagt bo­lan gä­mi­niň ga­lyn­dy­la­ry At­lan­tik um­ma­ny­nyň de­mir­ga­zy­gyn­da su­wuň 3 müň 800 metr aşa­gyn­da ýa­tyr. Işe­wür­ler bu çuň­lu­ga bar­mak üçin «Tri­ton 4000/2 Abys­sal Explo­rer» at­ly su­was­ty gä­mi­den peý­da­lan­ma­gy mak­sat edin­ýär­ler. La­heý «Tri­ton Sub­ma­ri­nes» at­ly kom­pa­ni­ýa­nyň esas­lan­dy­ry­jy­la­ry­nyň bi­ri bo­lup, bu ugur­da tej­ri­be­li hünärmenleriň biridir. Kon­nor bol­sa, goz­gal­ma­ýan em­läk kom­pa­ni­ýa­sy­na ýol­baş­çy­lyk ed­ýär. Kon­no­ryň kom­pa­ni­ýa­sy su­was­ty sy­ýa­ha­tyň de­ňiz­çi­lik gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan do­ly tas­syk­la­nan­dan soň­ra ama­la aşy­ryl­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di. Bu kyn sy­ýa­hat­da ula­nyl­jak gä­mi 4 müň met­re çen­li çuň­lu­ga git­mä­ge ukyp­ly bolar. Su­wuň aşa­gy­na gi­dil­di­gi­çe ba­syş ýo­kar­lan­ýar. Şol se­bäp­li su­wuň aşagyna nä­çe çuň­lu­ga gi­dil­jek bol­sa, gä­mi hem şon­çarak berk bol­ma­ly.

Agaç­dan ýasalan eme­li hem­ra

Ýa­po­ni­ýa­da agaç­dan ýa­sa­lan eme­li hem­ra kos­mo­sa ibe­ri­ler. «Lig­no­Sat» at­ly en­ja­myň ag­ra­my ba­ry-ýo­gy 1 ki­log­ram tö­we­re­gi. «Su­mi­to­mo Fo­rest­ry» (SFC) kom­pa­ni­ýa­sy bi­len Kýo­to uni­wer­si­te­ti­niň bi­le­lik­de iş­läp taý­ýar­lan en­ja­my­nyň taý­ýar bo­lan­dy­gy mä­lim edil­di. Bi­le­lik­dä­ki be­ýa­nat­da ar­zan ba­ha­ly, daş­ky gur­şa­wa zy­ýan­syz kos­mos teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­mak mak­sa­dy bi­len ýo­la goý­lan tas­la­ma­nyň çäk­le­rin­de en­ja­myň 4 ýyl­da ön­dü­ri­len­di­gi aý­dyl­dy. Kos­mo­sa goý­be­ril­jek en­jam­da çüý, ýe­lim ýaly zat­lar ula­nyl­man, bö­lek­le­ri di­ňe ada­ty usul­lar ar­ka­ly bir­leş­di­ri­lip­dir. Ki­çi göw­rüm­li eme­li hem­ra Hal­ka­ra Kos­mos Be­ke­din­de ge­çi­ri­len sy­nag­lar­da berk­li­gi we çat aç­ma­ga gar­şy du­ru­jy­ly­gynyň ýo­ka­ry­dy­gy anyk­la­nan mag­no­li­ýa aga­jyn­dan ýa­sa­lyp­dyr. Eme­li hem­ra­nyň sent­ýabr aýyn­da ABŞ-nyň Ken­ne­di adyn­da­ky kos­mod­ro­myn­dan or­bi­ta goý­be­ril­jek­di­gi mä­lim edil­di. Jennet Atdaýewa,

Uly hö­wes bi­len abu­na ýa­zyl­ýa­rys

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Galkynyşy döw­rün­de ýur­du­my­zyň äh­li ul­gam­la­ry bi­len bir ha­tar­da ne­şir­ýat ul­ga­my hem düýp­li ös­ýär. Dö­wür bi­len aýak­daş bar­ýan ýur­du­my­zyň ne­şir­ýat ul­ga­myn­da ýe­til­ýän sep­git­ler mu­ňa aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär. Ýur­du­myz­da çap edil­ýän is­len­dik ga­zet-žur­nal­la­ry di­ňe bir ka­gyz gör­nü­şin­de däl, eý­sem, yk­jam el te­le­fon­la­ryň, ýan komp­ýu­ter­le­riň üs­ti bi­len oka­mak, gün­de­lik tä­ze­lik­ler bi­len ta­nyş­mak müm­kin. Ýur­du­myz­da çap edil­ýän beý­le­ki ga­zet-žur­nal­lar bi­len bir ha­tar­da «Za­man-Türk­me­nis­tan» ga­ze­ti­niň oky­jy­la­ry­nyň köp­dü­gi­ni aý­ra­tyn bel­le­mek ge­rek. Çün­ki ga­zet sa­hy­pa­la­ryn­da, elekt­ron saýt­la­ryn­da di­ňe bir ýur­du­myz­da­ky däl, eý­sem, dün­ýä­dä­ki tä­ze­lik­ler giň­den be­ýan edil­ýär. Ga­ze­tiň ha­bar­lar, dün­ýä tä­ze­lik­le­ri, sport, sun­gat, sy­ýa­hat­çy­lyk, yk­dy­sa­dy­ýet, ede­bi­ýat, teh­no­lo­gi­ýa ýa­ly bö­lüm­le­rin­de gy­zyk­ly, ma­ny­ly ma­ka­la­la­ry, tä­ze­lik­le­ri oka­mak, ta­nyş­mak müm­kin. Şeý­le hem ga­zet­de peý­da­ly mas­la­hat­lar, ça­ga­lar üçin dür­li oýun­lar, kross­word­lar, skan­word­lar yzy­gi­der­li çap edil­ýär. Mu­nuň özi her bir oky­jy­nyň boş wag­ty­ny gy­zyk­ly, maz­mun­ly ge­çir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Şu gün­ler do­wam ed­ýän 2024-nji ýy­lyň II ýa­rym ýy­l­lygy üçin abu­na ýa­zy­ly­şy­gy­na Türk­me

Jem­gy­ýe­tiň sag­dynly­gy – ýurdumyzyň abadanlygy

Gö­zel te­bi­ga­tyň adam­za­da ber­ýän äh­li eş­ret­le­ri­ni na­za­ra alyp, äh­lu­mu­my eko­lo­gi­ýa howp­suz­ly­gy­ny we dur­nuk­ly­ly­gy­ny üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len, her ýy­lyň 5-nji iýu­nyn­da Daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­gyň bü­tin­dün­ýä gü­ni bel­le­nil­ýär. Daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­gyň bü­tin­dün­ýä gü­ni öz ta­ry­hy­ny 1972-nji ýyl­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan ge­çi­ri­len mas­la­hat­dan alyp gaýt­mak bi­len, döw­let­le­riň we hal­ka­ra bi­le­le­şi­gi­niň eko­lo­gi­ýa sy­ýa­sa­tyn­da örän mö­hüm orun al­dy. Şol dö­wür­den baş­lap, bu se­ne hö­kü­met­le­riň, döw­let we hu­su­sy pu­dak­la­ryň, ra­ýat jem­gy­ýe­ti­niň düýp­li eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri­ni çöz­mek üçin kö­pu­gur­ly ta­gal­la­la­ry­ny bir­leş­di­rip, te­bi­ga­ty go­ra­mak ba­bat­da çä­re­le­ri ge­çir­mek­de iň meş­hur gün hök­mün­de bel­li edil­di.

Gu­wan­dy­ry­jy yk­dy­sa­dy ösüş­ler

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baştutanly­gyn­da ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­niň yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ru­dyr. Ma­ry we­la­ýat Enä­niň we ça­ga­nyň sag­ly­gy­ny go­ra­ýyş mer­ke­zi­niň, Ak bug­daý et­ra­by­nyň Ýaş­lyk şä­her­çe­sin­de kuw­wa­ty bir gi­je-gün­diz­de 30 müň kub­met­re deň suw aras­sa­laý­jy des­ga­sy­nyň, paý­tag­ty­my­zyň Bag­ty­ýar­lyk et­ra­byn­da kuw­wa­ty bir gi­je-gün­diz­de 150 müň kub­metr bo­lan «Bag­ty­ýar­lyk» agyz su­wu­ny aras­sa­laý­jy des­ga­sy­nyň ulan­ma­ga be­ril­me­gi, Bä­her­den se­ment za­wo­dy­nyň ikin­ji tap­gy­ry­nyň işe gi­ri­zil­me­gi, «Ço­gan­ly» ýa­şa­ýyş top­lu­myn­da iki gat­ly ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň 136-sy­nyň açyl­ma­gy ýur­du­my­zyň tä­ze dö­wür­de ösüş­le­riň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ne gö­te­ril­ýän­di­gi­niň ala­ma­ty­dyr.

Sahawatlylyk döwletlilikden nyşan

29-njy maý­da Le­bap we­la­ýat kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na­syn­da Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň se­riş­de­le­ri­niň ha­sa­by­na Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­syn­dan sa­tyn al­nan «Dia­log+» ky­sym­ly ge­mo­dia­liz en­ja­my­nyň iki­si­niň sow­gat be­ril­me­gi my­na­sy­bet­li da­ba­ra ge­çi­ril­di. Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­sy­nyň «B.Braun» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­lar esa­syn­da iş­le­nip taý­ýar­la­ny­lan tä­ze gör­nüş­li eme­li böw­rek en­jam­la­ry dia­liz be­jer­gi­si­niň hä­zir­ki wagt­da mä­lim bo­lan äh­li gör­nüş­le­ri­ni ge­çir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Bu en­jam­lar do­wam­ly böw­rek ýet­mez­çi­li­gi ke­se­lin­den ejir çek­ýän nä­sag­la­ry has tä­sir­li be­jer­mä­ge, şu­nuň esa­syn­da ola­ryň ýa­şaý­şy­ny go­wu­lan­dyr­ma­ga, öm­rü­niň do­wam­ly­ly­gy­ny uzalt­ma­ga ýar­dam ed­ýär.

Halkara gatnaşyklaryň möhüm ugry

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Galkynyşy döw­rün­de türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ba­şy­ny baş­lan be­ýik iş­le­ri­niň hä­zir­ki dö­wür­de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da üs­tün­lik­li do­wam et­diril­me­gi ne­ti­je­sin­de he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk we «Açyk ga­py­lar» sy­ýa­sa­ty­ny ýö­red­ýän, dün­ýä ýurtlary bi­len hoş­ni­ýet­li, dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­ýan Türk­me­nis­tan de­ňiz, ho­wa, de­mir ýol we aw­to­mo­bil gat­naw­la­ry­ny öz içi­ne al­ýan Gün­do­gar–Gün­ba­tar we De­mir­ga­zyk–Gü­nor­ta ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri­niň hä­zir­ki za­man ul­ga­my­ny dö­ret­mek bo­ýun­ça iri tas­la­ma­la­ry üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­ýär. Ýur­du­my­zyň ulag-kom­mu­ni­ka­si­ýa ul­ga­my iň öň­de­ba­ry­jy yk­dy­sa­dy pi­kir-ga­ra­ýyş­la­ra esas­lan­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ug­ry hök­mün­de ok­gun­ly öz­ger­ýär.

Türk­me­nis­tan – GDA: hyz­mat­daş­lyk­da ýe­ti­len sep­git­ler

Ýur­du­myz­da da­şa­ry sy­ýa­sat ug­ry pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik hem-de «Açyk ga­py­lar» sy­ýa­sa­ty esa­syn­da al­nyp ba­ryl­ýar. Şol ug­ra gö­nük­di­ri­len da­şa­ry sy­ýa­sat­da dün­ýä döw­let­le­ri, hal­ka­ra we se­bit gu­ra­ma­la­ry bi­len öza­ra bäh­bit­li­lik, deň­hu­kuk­ly­lyk hem-de bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­mak ýö­rel­ge­le­ri esa­syn­da gat­na­şyk­lar iş­jeň ös­dü­ril­ýär. Ýur­du­my­zyň iş­jeň hyz­mat­daş­lyk ed­ýän gu­ra­ma­la­ry­nyň bi­ri hem Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy gu­ra­ma­sy­dyr. He­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­na la­ýyk­lyk­da, Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň as­so­sir­le­nen ag­za­sy bo­lup dur­ýan Türk­me­nis­tan GDA-nyň çäk­le­rin­de sy­ýa­sy, söw­da-yk­dy­sa­dy hem-de me­de­ni-ynsa­n­per­wer gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne sal­dam­ly go­şant goş­ýar.

To­mus­ky dynç alyş möw­sü­mi ça­ga­la­ra şat­lyk paý­lar

1-nji iýun – Çagalary goramagyň halkara güni. Bu mynasybetli ýurdumyzda dürli çäreler, sergiler, aýdym-sazly şowhunly dabaralar geçiriler. Tomusky dynç alyş möwsüminde çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda medeni-köpçülikleýin çäreler, döredijilik, zehin bäsleşikleri, sport ýaryşlary guralar. 1-nji iýunda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde yglan edilen «Biz – Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek bäsleşiginiň jemlerini jemlemek we ýeňijilere baýraklary gowşurmak dabarasyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem iýun aýynda Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda çagalaryň tennis festiwaly geçiriler. Bu barada 24-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bellenilip geçildi. Aş­ga­ba­dyň ete­gin­dä­ki gö­zel Gök­de­re jül­ge­sin­de hem-de ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da ýer­leş­ýän ça­ga­lar sa­gal­dyş we dynç alyş mer­kez­le­rinde to­mus­ky dynç alyş gün­le­rin­de ýaş türk­me­nis­tan­ly­la­ry ka­bul et­mä­ge uly taý­ýar­lyk gör­ü­ldi. Ça­ga­lar sa­gal­dyş we dynç alyş mer­ke­zlerin­de taý­ýar­lyk iş­le­ri­niň aý­ra­tyn gu­ra­ma­çy­lyk­ly ýo­la goý­lan­dy­gy­ny bel­le­mek bo­lar. Bu sa­pa­ly me­kan­lar­da ça­ga­la­ryň ka­da­ly dynç al­mak­la­ry, dür­li ugur­lar bo­ýun­ça ze­hin­le­ri­ni ýü­ze çy­kar­mak­la­ry, zäh­met en­dik­le­ri­ni ke­ma­la ge

We­lo­si­ped gü­nü­niň äh­mi­ýe­ti

«Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni» Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len 2018-nji ýy­lyň ap­rel aýyn­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 72-nji mej­li­sin­de esas­lan­dy­ryl­dy. Onuň Ka­rar­na­ma­sy­nyň aw­tor­daş­la­ry hök­mün­de 56 döw­let çy­kyş et­di. Bu Res­mi­na­ma iri gu­ra­ma ag­za döw­le­tleriň äh­li­si ta­ra­pyn­dan gyz­gyn gar­şy­lan­dy. Häzirki wagtda dün­ýä­niň en­çe­me döw­le­tin­de welosiped gününe bagyşlanyp dürli çäreler, welosipedli ýörişler guralýar, welosiped ýodalary açylýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly we öň­den­gö­rü­ji­lik­li baş­lan­gyç­la­ry bo­ýun­ça Türk­me­nis­tan Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­syn­da we­lo­si­ped spor­tu­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça bir­nä­çe top­lum­la­ýyn mak­sat­na­ma­la­ry ka­bul ed­ýär. Şeý­le-de, ýur­du­myz­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça BMG-­niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň Ka­rar­na­ma­sy bi­len dö­re­di­len Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni ýo­ka­ry de­re­je­de giň­den bel­le­nil­ýär.

Gül diýaryň röwşen geljegi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda çagalar aýratyn üns-alada bilen gurşalyp, olaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin zerur şertler döredilýär. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň çagalary milli hem-de umumadamzat ruhy gymmatlyklary esasynda terbiýelemäge gönükdirilýändigi aýdyň duýulýar. Ýurdumyzda geçirilýän çagalar festiwallaryna, intellektual bäsleşiklere, sport ýaryşlaryna dünýäniň köp ýurtlarynyň çagalarynyň gatnaşmagy ýaşlar syýasaty babatda halkara hyzmatdaşlygyň giň gerime eýe bolýandygyny görkezýär. Ösüşiň häzirki tapgyrynda ýurdumyzyň dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen netijeli, işjeň ykdysady, medeni, ynsanperwer gatnaşyklary barha giňelýär. 1992-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasy bolan Türkmenistan eneligi we çagalygy goldamak babatda BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF), Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, BMG-niň Ilat gaznasy bilen işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýdy.

Bosagada — şadyýan tomus!

Döwlet Baştutanymyzyň ýaş nesil babatdaky yzygiderli aladalary netijesinde ýurdumyzda çagalar bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Olar her ýylyň tomus möwsüminde Gökderede we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, welaýatlardaky çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde dynç alyp, saglyklaryny berkidýärler. Mälim bolşy ýaly, 17-nji maýda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde hem çagalaryň we ýetginjekleriň öňde duran tomusky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alnyp, garamagynda çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri bar bolan ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan bu merkezlerde zerur abatlaýyş işleri geçirildi. Bilim ministrligi bilen bilelikde jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleridir hünärmenleri tarapyndan ýörite meýilnama esasynda Gökderede, Awazada, ýurdumyzyň welaýatlaryndaky dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde çagalaryň oňat dynç almagy üçin netijeli işler ýerine ýetirilip, tomusky möwsüme doly taýýarlyk görüldi. Şunda Milli bilim instituty tarapyndan şu ýylyň aprel aýynda Aşgabat, Arkadag şäherlerinde we welaýat merkezlerinde mekdep mugallymlarynyň, tejribelik geçjek talyplardyr olaryň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem merkezlerde işlejek bilim işgärleriniň gatnaşmag

Ajy tüsse — eder hassa

Ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamlaryň jan saglygyny goramak hem-de berkitmek babatda taýsyz tagallalar edilýär. Her bir adamyň zähmet we dynç alyş şertlerini ýokary hilli guramak, kadaly iýmitlenmegini, sport bilen meşgullanmagyny, hemişe sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, zyýanly endiklerden daşda durmagyny gazanmak bu ugurda alnyp barylýan işleriň esasy maksadydyr. Türkmenistanda ýaş nesilleriň sagdyn ösüp kemala gelmegi, sport bilen meşgullanyp we sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, beden saglygyny berkitmegi, raýatlaryň ortaça ömür dowamlylygyny uzaltmak babatda alnyp barylýan giň gerimli işleriň berk kanunçylyk-hukuk binýady döredilendir. «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň, «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň» kabul edilmegi-de munuň aýdyň mysallarydyr. Bu maksatnama temmäkiden azat ýurt hukuk derejesini kesgitlemek boýunça milli standarty döretmäge, bu babatda syýasatyň alnyp barlyşyna we kanunlaryň ýerine ýetirilişine aýratyn üns bermek bilen, ýaramaz endiklere garşy göreşilmegini berkitmäge, ilat arasynda temmäki önümlerine bolan islegi azaltmaga hem-de temmäkini ulanmagyň ýaramaz täsirleri barada adamlaryň habardarlyk derejesini ýokarlandyrmaga gönük

Hukuk maslahaty

Her ýylky esasy rugsada bolan hukuk Ýurdumyzda esasy zähmet rugsady näçe güne barabar, şeýle-de işgär ilkinji işläp başlan ýylynda esasy rugsada nähili tertipde çykyp biler?

Mynasyp goşant

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ruhubelent, ýokary ahlakly we bilimli ýaş nesli kemala getirmek hormatly Prezidentimiziň döwletimizi ösdürmek boýunça kesgitlän strategik wezipeleriniň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň: «Ýaş nesiller biziň ähli umyt-arzuwlarymyzy geljekde amala aşyrmaly. Biziň häzirki döwürde amala aşyrýan işlerimiz ýaşlarymyz üçin edilýär» diýmeginiň özeninde umman deý çuňňur many bar. Çünki biziň şu günki berýän bilimdir terbiýämiziň netijesinde ýaşlarymyz geljekde sowatly, ýokary ahlakly kämil ynsanlar bolup, eziz Diýarymyzy özgertmäge mynasyp goşantlaryny goşmalydyr. Ýaş nesilleri häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda, milli ýörelgelerimiz esasynda terbiýeläp, watansöýüji raýatlary ýetişdirmek biziň her birimiziň borjumyzdyr.

Edara-kärhanalarda türgenleşikler geçirilýär

Şu günler müdirligimiziň hünärmenleri tarapyndan welaýatymyzyň çägindäki edara-kärhanalarda adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olaryň zyýanly täsirlerini ýok etmek boýunça türgenleşikler guralýar. Şeýle çäreleriň geçirilmeginiň esasy maksady edaralaryň ýolbaşçy düzüminiň raýat goranyşy birikmeleriniň şahsy düzüminiň adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykanda ilkinji kömegi, raýat goranyşynyň güýçleriniň hereketlerini dolandyrmaga taýýarlygyny barlamakdan, aragatnaşygy guramagy kämilleşdirmekden, ýangyn söndürýän toparlaryň taýýarlygyna we ýangyn söndüriji tehnikalarynyň, serişdeleriniň guratdygyna hem-de raýat goranyşynyň şahsy gorag serişdeleriniň saklanyş ýagdaýyna gözegçiligi güýçlendirmekden ybaratdyr. Geçirilýän bu türgenleşiklere edaralaryň ýolbaşçy, guramaçylykly göçüriş toparlary, raýat goranyşynyň birikmeleri, baş hünärmenleri, işçi-gullukçylary işjeň gatnaşýarlar.

Abadan geljek ugrunda

Hojambaz etrabynyň Beşir geňeşliginde jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde okuw türgenleşigini geçirdik. Ilatyň adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygyny üpjün etmek maksady bilen geçirilen bu ähmiýetli çärä bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleri işjeň gatnaşdylar. Okuw türgenleşiginiň dowamynda ilaty adatdan daşary ýagdaýlara, tebigy betbagtçylyklara hem-de tehnogen hadysalara taýýarlamak, şeýle ýagdaýlar ýüze çykanda, halk köpçüligini wagtynda habarly etmek, olaryň taýýarlygyny ýokarlandyrmak, şol ýagdaýlarda özüňi dogry alyp barmak boýunça täsirli çykyşlar diňlenildi. Milli jemgyýetiň wekilleri we meýletinçiler tebigy hadysalarda ejir çekenlere lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermekligiň düzgünlerini düşündirdiler.

Wagtlaýyn sergi açyldy

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli muzeýimizde «Daşky gurşawyň abadançylygy — dünýäniň abatlygy» atly wagtlaýyn sergi açyldy. Oňa Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň wekilleri, goraghanalarynyň, welaýat çagalar kitaphanasynyň, welaýat daşky gurşawy goramak müdirliginiň işgärleri, Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň hünärmenleri we talyplar gatnaşdylar. Sergide haýwanlaryň, guşlaryň gäpleri, ösümlikleriň gerbariýleri, tebigatymyzyň gözel ýerleri boýunça taýýarlanylan görkezme diwarlyklary, mineral daşlar, welaýatymyzyň belli suratkeşleriniň tebigatymyzy wasp edip çeken ajaýyp suratlary ýerleşdirildi. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ensiklopedik işleri bolsa sergä aýratyn öwüşgin berdi.

Maksat — zähmeti goramak

Kärhanamyzda welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölümi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi bilen bilelikde betbagtçylykly hadysalaryň öňüni almaga, ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmäge, howpsuz iş şertlerini döretmäge bagyşlanan maslahat geçirildi. Oňa kärhanamyzyň ugurdaş bölümleriniň hünärmenleri, pagta kabul ediş harmanhanalarynyň işgärleri gatnaşdylar. Maslahatda ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmäge, ýangyn söndüriji enjamlary gurat saklamaga, elektrik enjamlaryny talabalaýyk işletmäge bagyşlanan çykyşlar diňlenildi. Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň talaplarynyň, zähmeti goramaklyga gönükdirilen hukuk namalarynyň berjaý edilişi dogrusynda hem aýratyn nygtalyp, bu ugurda kärhanamyzda amala aşyrylýan işlere syn berildi. Degişli hünärmenleriň çykyşlarynda iş ýerlerinde betbagtçylykly hadysalaryň öňüni almak, şahsy arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek maksady bilen hereket edýän düzgünleri berjaý etmekligiň zerurdygyna üns çekildi.

Sport mümkinçilikleriniň şäheri

Tamamlanyp barýan aýda ýurdumyzda giňden bellenen seneleriň biri-de Aşgabat şäheriniň güni boldy. Şol şanly senä gabatlanyp paýtagtymyzda geçen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisinde Aşgabat şäherini Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri diýip yglan etmek hakynda taryhy Çözgüt kabul edildi. Bu waka halkymyzyň toý şatlygyny goşalandyrdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň baş şäheri günsaýyn özgerýär, ösýär. Aşgabatda yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýän desgalaryň hatary hem barha giňeýär. Şol desgalaryň arasynda köpugurly sport toplumlarynyň, sport ugurly beýleki desgalaryň bolmagy diýseň guwandyryjydyr.