Edara-kärhanalarda türgenleşikler geçirilýär

30 Maý 2024
245

Şu günler müdirligimiziň hünärmenleri tarapyndan welaýatymyzyň çägindäki edara-kärhanalarda adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olaryň zyýanly täsirlerini ýok etmek boýunça türgenleşikler guralýar. Şeýle çäreleriň geçirilmeginiň esasy maksady edaralaryň ýolbaşçy düzüminiň raýat goranyşy birikmeleriniň şahsy düzüminiň adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykanda ilkinji kömegi, raýat goranyşynyň güýçleriniň hereketlerini dolandyrmaga taýýarlygyny barlamakdan, aragatnaşygy guramagy kämilleşdirmekden, ýangyn söndürýän toparlaryň taýýarlygyna we ýangyn söndüriji tehnikalarynyň, serişdeleriniň guratdygyna hem-de raýat goranyşynyň şahsy gorag serişdeleriniň saklanyş ýagdaýyna gözegçiligi güýçlendirmekden ybaratdyr.

Geçirilýän bu türgenleşiklere edaralaryň ýolbaşçy, guramaçylykly göçüriş toparlary, raýat goranyşynyň birikmeleri, baş hünärmenleri, işçi-gullukçylary işjeň gatnaşýarlar.

Kemal ROZYÝEW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň welaýat raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň adatdan daşary ýagdaýlar we halas ediş işleri baradaky bölüminiň halas ediş işleri guramak bölümçesiniň müdiri, podpolkownik.
Beýleki habarlar