Bosagada — şadyýan tomus!

31 Maý 2024
221

Döwlet Baştutanymyzyň ýaş nesil babatdaky yzygiderli aladalary netijesinde ýurdumyzda çagalar bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Olar her ýylyň tomus möwsüminde Gökderede we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, welaýatlardaky çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde dynç alyp, saglyklaryny berkidýärler. Mälim bolşy ýaly, 17-nji maýda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde hem çagalaryň we ýetginjekleriň öňde duran tomusky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alnyp, garamagynda çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri bar bolan ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan bu merkezlerde zerur abatlaýyş işleri geçirildi. Bilim ministrligi bilen bilelikde jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleridir hünärmenleri tarapyndan ýörite meýilnama esasynda Gökderede, Awazada, ýurdumyzyň welaýatlaryndaky dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde çagalaryň oňat dynç almagy üçin netijeli işler ýerine ýetirilip, tomusky möwsüme doly taýýarlyk görüldi. Şunda Milli bilim instituty tarapyndan şu ýylyň aprel aýynda Aşgabat, Arkadag şäherlerinde we welaýat merkezlerinde mekdep mugallymlarynyň, tejribelik geçjek talyplardyr olaryň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem merkezlerde işlejek bilim işgärleriniň gatnaşmagynda usuly-amaly okuw maslahatlarynyň geçirilendigini hem bellemelidiris. 20-nji maýda Bilim ministrliginde Çagalaryň we ýetginjekleriň tomusky dynç alşyny guramak baradaky toparyň mejlisi geçirilip, onda çagalaryň tomusky dynç alşynyň talabalaýyk guralmagy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Sona DURDYÝEWA.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar