Wagtlaýyn sergi açyldy

30 Maý 2024
200

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli muzeýimizde «Daşky gurşawyň abadançylygy — dünýäniň abatlygy» atly wagtlaýyn sergi açyldy. Oňa Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň wekilleri, goraghanalarynyň, welaýat çagalar kitaphanasynyň, welaýat daşky gurşawy goramak müdirliginiň işgärleri, Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň hünärmenleri we talyplar gatnaşdylar.

Sergide haýwanlaryň, guşlaryň gäpleri, ösümlikleriň gerbariýleri, tebigatymyzyň gözel ýerleri boýunça taýýarlanylan görkezme diwarlyklary, mineral daşlar, welaýatymyzyň belli suratkeşleriniň tebigatymyzy wasp edip çeken ajaýyp suratlary ýerleşdirildi. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ensiklopedik işleri bolsa sergä aýratyn öwüşgin berdi.

Gülüstan HUDAÝAROWA,
welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar