Sport mümkinçilikleriniň şäheri

30 Maý 2024
402

Tamamlanyp barýan aýda ýurdumyzda giňden bellenen seneleriň biri-de Aşgabat şäheriniň güni boldy. Şol şanly senä gabatlanyp paýtagtymyzda geçen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisinde Aşgabat şäherini Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri diýip yglan etmek hakynda taryhy Çözgüt kabul edildi. Bu waka halkymyzyň toý şatlygyny goşalandyrdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň baş şäheri günsaýyn özgerýär, ösýär. Aşgabatda yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýän desgalaryň hatary hem barha giňeýär. Şol desgalaryň arasynda köpugurly sport toplumlarynyň, sport ugurly beýleki desgalaryň bolmagy diýseň guwandyryjydyr.

Ahmet GYŞYKOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar