"Garagum" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-83, 39-96-05, 39-96-07
Email: garagum_tm@sanly.tm

Habarlar

4G ulgamy - Internete bolan islegi has-da artdyrýar

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda milli aragatnaşyk ulgamyny döwrüň talaplaryndan ugur alyp kämilleşdirmek bilen bagly wezipeler işjeň durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, «Altyn Asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ilaty ykjam aragatnaşyk we internet hyzmatlary bilen üpjün etmek boýunça innowasion meýilnamalaryň üstünde yzygiderli işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda «Altyn Asyr» ÝGPJ-i tarapyndan 4G ülňüsinde işleýän iberiji we kabul ediji enjamlary Türkmenistanyň çägi boýunça tapgyrlaýyn gurnalyp ulanyşa goýberilýär. Ýerine ýetirilen işleriň hatarynda:

“Akylly” ýüzükler bazarynda bäsdeşlik ýokarlanýar

Dünýä belli “Samsung” kompaniýasyndan soňra “Apple” kompaniýasy hem özüniň “akylly” ýüzüklerini öndürmegi meýilleşdirýär. Bu ugurda degişli işleri ýola goýan “Apple” kompaniýasynyň bu önümi “akylly” ýüzükler bazarynda bäsdeşligi ýokarlandyrar. “Akylly” sagatlardan has peýdaly boljak täze “Apple Ring”  ýakyn wagtda adamlaryň barmaklarda halka hökmünde ýerini alar. “Apple” kompaniýasynyň ýüzüginiň tehniki aýratynlyklary barada maglumatlar…

Sanly bilim ulgamy - döwrebap mümkinçilikleriň milli nusgasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda sanly ulgama geçmek ugrunda yzygiderli maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda sanlylaşdyrmak işi durmuş-ykdysady ösüş babatda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň takyk, çuňňur oýlanyşykly we ylmy taýdan esaslandyrylan strategiýasy esasynda amala aşyrylýar. Bu ösüşiň durnukly oňyn depginini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, degişli şertleriň üýtgemegine uýgunlaşmagy, daşarky ýagdaýlar bilen şertlendirilen töwekgelçilikleriň azalmagyny üpjün edýär. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzy doly sanlylaşdyrmak üçin öňdebaryjy tejribäni hem-de kämil işleri öwrenmek we özleşdirmek zerurdyr, diňe taýýar çözgütlere däl-de, eýsem, öz ylmy tehnologik kuwwatymyza esaslanan sanly nusganyň döredilmegini ugur edinmelidir. Bu ugurda “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” aýratyn ähmiýete eýedir. Bu resminamada kesgitlenen çäreleriň amala aşyrylmagy maglumat-bilim gurşawyny döretmäge hem-de ähli tapgyrlardaky okuwy elektron serişdeleri bilen üpjün etmäge, jemgyýetiň intellektual kuwwatyny artdyrmaga, halkara ülňülerine laýyk derejesinde ugurdaş usulyýetleri kämilleşdirmäge ýardam etmelidir.

«Agzybirlik tilsimaty»: — Döwrüň ösüşine eýermek borjumyz

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasynyň tiz durmuşa geçirýän ähmiýetli taslamalarynyň hatarynda interaktiw paneller, bilim ulgamynyň hünärmenleri bilen bilelikde taýýarlanylýan ýokary okuw mekdepleri üçin elektron gollanmalar, şeýle hem şu ugurda barha kämilleşdirilýän kompýuter önümçiligi amala aşyrylýar. «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasynyň hünärmenleri täze we döwrebap enjamlary öndürmek maksady bilen, «Microsoft» we «Intel» ýaly dünýä meşhur kompaniýalarynda hünär derejelerini kämilleşdirýärler.

Türkmenistanda emeli aň we beýleki öňdebaryjy tehnologiýalary döretmek üçin ylmy-tehnologiýalar merkezi peýda bolar

Türkmenistanda innowasion tehnologiýalary, ylmyň, önümçiligiň, senagatyň ileri tutulýan ugurlaryny ösdürmek, nano, bio we maglumat, sanly we «akylly», kiberhowpsuzlyk, emeli aň we maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny, kompýuter, mobil programmalaryny döretmek maksady bilen, «Oguz han» ylmy-tehnologiýalar merkezi dörediler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi. Merkez şeýle hem ylmyň gazananlarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmegi, innowasion tehnologiýalary döretmäge ýaşlary işjeň çekmegi maksat edinýär. «Oguz han» ylmy-tehnologiýalar merkezi Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti tarapyndan uniwersitetiň garamagynda hojalyk hasaplaşygynda işlär.

30 million dollarlyk ulag

«Rolls-Royce» kompaniýasy «Dünýäde iň gymmat awtoulag» diýlip atlandyrylýan täze «Arcadia Droptai» kabrioletini hödürledi. Bu ulag singapurly bir müşderiniň buýrugy boýunça döredildi. Ol 600 at güýjüni öndürýän 6,75 litrlik V12 goşa turbo hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylandyr. Kabrioletiň salony gymmat deri we gülgüne agaç bilen bezeldi. Ony döretmek üçin kompaniýanyň işgärleri sekiz müň sagatdan gowrak wagty sarp etdiler.

«Tesla» 2025-nji ýylda «Roadster» elektrik sport awtomobilini öndürip başlar

«Tesla» kompaniýasy 2025-nji ýylda ikinji nesil «Roadster» elektrik sport awtomobiliniň tapgyrlaýyn önümçiligine başlamagy meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň baş müdiri Ilon Mask resmi websaýtynda paýlaşdy. «Roadster» 1 sekuntdan az wagtyň içinde tizligini sagatda 96,6 kilometre çenli artdyryp bilýär. «Teslanyň» saýtynda onuň dünýädäki iň tiz awtoulagdygy bellenilýär.

Emeli aňyň kömegi bilen döredilen ilkinji multserial Hytaýda görkezilip başlandy

«China Media Group» döwlet telekompaniýasy ýurtda doly derejede emeli aň tarapyndan döredilen ilkinji animasion serialy ýaýlyma berip başlady. «Müňýyllygyň goşgulary» atly ýigrimi alty bölümlik multserial mekdep maksatnamasyndan 200 goşga esaslanýan nusgawy hytaý poeziýasynyň dünýäsine gyzykly syýahatdyr. Her bölüm ýedi minut töweregi dowam edýär.

2023-nji ýylda «Apple» her sekuntda 3074 dollar gazandy

«AltIndex» konsalting kompaniýasynyň gözlegçileri geçen ýyl «Apple» korporasiýasynyň her sekuntda ortaça 3074 amerikan dollaryny gazanandygyny hasapladylar. Bu dünýädäki bäş öňdebaryjy tehnologiýa kompaniýasynyň arasynda, ýagny GAFAM diýlip atlandyrylýan toparda («Google», «Apple», «Facebook», «Amazon» we «Microsoft») iň gowy görkezijidir.

Innowasion usulda bilim bermegiň dürli ýörelgeleri

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesle dünýä ülňülerine laýyklykda bilim bermäge giň mümkinçilik döredilýär. Bilim ulgamynda alnyp barylýan işleri döwrebap ösdürip, öz milli köklerimiz esasynda guramak, ösüp gelýän ýaş nesli ata-babalarymyzyň göreldesinde terbiýelemek mugallymlaryň öňündäki esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Ýurdumyzda sanly bilim esasynda üznüksiz bilim üçin giň mümkinçilikler döredilip, okatmagyň usullary yzygiderli baýlaşdyrylýar. Innowasion usulda sanly bilim we dünýä tejribesi okuw işine ornaşdyrylýar. Bilim bermegiň ähli basgançaklarynda okatmagyň maksatnamalary ýokary hilli elektron göterijilerdäki maglumatlar esasynda kämilleşdirilýär. Bu bolsa mugallymlaryň döredijilikli zähmet çekmegine, sapaklaryny gyzykly we netijeli guramagyna oňaýly täsir edýär. Bilim bermegiň ýörelgelerine laýyklykda, başlangyç synp mugallymlary okuwçylaryň bilesigelijilik, akyl ýetirijilik mümkinçiliklerini öwrenmäge we ösdürmäge borçludyrlar. Mugallym çagada okamak, täze-täze zatlary öwrenmek islegini döretmelidir. Olaryň beýleki okuw derslerinden hem-de durmuş tejribelerinden alan düşünjelerini, başarnyklaryny we endiklerini kämilleşdirmek üçin çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda çemeleşilmelidir. Mugallym başlangyç synplaryň okuwçylary bilen ähli dersler boýunça

Üstünlige baha berýän ulgam

Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmakda uly işler amala aşyrylýar. Sanly ykdysadyýetiň işjeň ösdürilmegi, intellektual tehnologiýalaryň ykdysady işe ýokary derejede aralaşmagy bäsdeşlik artykmaçlygyny üpjün etmek bilen, ýurduň dünýä giňişliginde eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga ýardam berýär. Häzirki zaman tehnologiýalarynyň iň köp ulanylýan ugurlarynyň biri-de bilim ulgamydyr. Çünki täzeçillikleri has çalt öwrenýän ýaş nesil ukyp-başarnyklaryny we bilim derejesini ýokarlandyrmakda döwrebap serişdelerden işjeň peýdalanýar. Test arkaly bilimiňe baha bermäge niýetlenen «Reýting test» atly programma üpjünçiligi hem okuwçylara we talyplara ösüş derejesini kesgitlemäge we deň-duşlary bilen deňeşdirmäge mümkinçilik berýär. Ony, başgaça, üstünlige baha beriş programma üpjünçiligi hökmünde-de häsiýetlendirip bolar. Bu programma üpjünçiligi okuwçylara okuwda gazanýan ösüşi we deň-duşlarynyň arasyndaky reýtingi barada maglumat almaga mümkinçilik berýän ýörite gurallar we amaly programmalar toplumydyr. Ol bilim edaralarynda-da, özbaşdak öwrenmekde-de peýdalanylyp bilner.

Nokia kompaniýasy öýjükli aragatnaşyk diňleriniň ätiýaçlyk batareýalaryny wirtual elektrostansiýa öwürmegiň usulyny tapdy

Ykjam, gozgalmaýan, giň zolakly we IP ulgamlary üçin telekommunikasiýa enjamlaryny öndürýän Nokia transmilli kompaniýasy öýjükli aragatnaşyk diňleriniň ätiýaçlyk batareýalaryny wirtual elektrostansiýa öwürmegiň usulyny tapdy. Öýjükli aragatnaşyk diňleriniň batareýalaryny ulanmaga hünärmenler tarapyndan işlenip taýýarlanylan Virtual Power Plant (VPP) programma üpjünçiligi ýardam berer. Bu goşundy öýjükli aragatnaşyk kompaniýalary üçin goşmaça maliýe we ekologiýa artykmaçlyklarynyň çeşmesi bolup biler.

Tehnologiýalar äleminde

Äpet telefon Dünýäde iň uly telefon äpet ölçegi bilen haýrana goýýar. Daşyndan seredeniňde, ol ullakan kompýutere meňzeýär. Bu telefony elektron enjamlary öndürýän dünýä meşhur «Samsung» şereketi taýýarlady. Äpet telefonyň beýikligi 4,5 metre, ini 3,5 metre, galyňlygy bolsa 74 santimetre barabardyr. Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna giren bu telefony, elbetde, ýanyň bilen göterip bolanok. Uly bolsa-da, ol beýleki ykjam telefonlaryň ýerine ýetirýän hyzmatlaryny berjaý edýär. Bu äpet telefonda jaň edip, gepleşip hem-de SMS ýazyp bolýar. Bluetooth ulgamy bilen beýleki telefonlardan islendik zady göçürip almaga mümkinçilik döredilipdir.

«Microsoft» özüniň emeli aň ulgamlaryny elýeterli eder

«Microsoft» özüniň emeli aň ulgamlaryny elýeterli eder. Bu barada tehnologiýa ägirdiniň wekilleri Barselonada geçirilýän ykjam tehnologiýalar kongresinde (MWC) aýtdylar. Bu barada «Euronews» habar berýär. Olaryň bellemeklerine görä, munuň özi ýurtlara emeli aň tehnologiýalarynyň binýadynda täze ykdysady ulgamlary döretmäge mümkinçilik berer.

Ilon Mask XMail poçta hyzmatyny ýola goýmakçy

Ilon Mask XMail şertli ady bilen poçta hyzmatyny işe girizmegi mümkin. Bu habar Google Gmail kompaniýasynyň poçta hyzmatynyň ýapylýandygy barada gürrüňler ýaýrandan soňra peýda boldy. X sosial toruň howpsuzlyk boyunça inženeri Nate McGrady “Biz XMail-i haçan dörederis?” diýende Ilon Mask “Ýakynda” diýip jogap berdi.

Türkmenistanda habar beriş serişdeleriniň sanlylaşdyrylmagy täze mümkinçilikleri açýar

Ählumumy sanlylaşdyrma we internet asyry täze habar beriş serişdeleriniň döremegi üçin mümkinçilikleri açmak bilen çäklenmän, eýsem, sanly ulgamdan peýdalanýan okyjylaryň täze neslini kemala getirdi. Olar üçin maglumatlaryň esasy çeşmesi bolup metbugat sahypasy däl-de, kompýuteriň, planşetiň ýa-da smartfonyň multimedia ekrany hyzmat edýär. Türkmenistanda köpçülikleýin habar beriş serişdelerini sanlylaşdyrmak işiniň ýaýbaňlanýan şertlerinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap türkmen döwletiniň içeri we daşary syýasatyny şöhlelendirmekde, ýurtda parahatçylygy we ylalaşygy saklamakda, halkymyzyň agzybirligini we jebisligini berkitmekde, umuman, hökümet düzümleriniň we jemgyýetiň arasyndaky gatnaşyklary goldamakda tele we radioýaýlymlaryň, döwürleýin metbugat neşirleriniň, saýtlaryň orny we jogapkärçiligi ýokarlanýar.

Emeli aň we geljegiň eserleri

Häzirki wagtda emeli aňyň (EA) mümkinçilikleri günsaýyn ösýär. Ylym, lukmançylyk we sport ýaly ugurlarda emeli aňyň kömeginiň zerurdygy hemmeler üçin mälim bolsa gerek. Häzir emeli aň keseliň alamatlaryny ýazsaňyz, aňsatlyk bilen size kesgitleme çykaryp berer. Emeli aň size edebiýat barada özboluşly düzme ýazmaga hem kömek eder. Isleseňiz, size islendik eseri dilden okap berer. Eger türgen bolsaňyz, emeli aňyň kömegi bilen berhiziňizi dykgatly meýilleşdirip bilersiňiz. Soňa galyberse-de, emeli aň siziň şahsy meseleleriňizde hem psiholog bolup berer. Soňky wagtda internet ulgamynda emeli aňyň adam aňy gerek bolan ähli hünärleriň ornuny tutup biljekdigi hakda gürrüňler köpelýär. Ýogsam-da, temasyny salgy berseň, eliňe taýýar ýazgy berýän emeli aňlar ýazyjylaryň, žurnalistleriň hem-de terjimeçileriň ornuny eýeläp bilermi? Eýsem, bu barada dünýä metbugatynda nähili pikir-garaýyşlar öňe sürülýär.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň okuw mümkinçilikleri täze ýörite enjamlar bilen üpjün ediler

Ýakynda Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça Maksatnamasynyň (BOMCA 10) durmuşa geçirilmeginiň çäginde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň okuw merkezi ýöriteleşdirilen okuw we maglumat aragatnaşyk enjamlaryny aldy. Ýeňil we ýük awtoulaglaryny barlamak üçin iň täze tehniki çözgütlere laýyk gelýän bu ýörite enjamlar okuw merkezinde amaly okuwlar wagtynda ulanylar we gümrük işgärleriniň bikanun daşalýan harytlary ýüze çykarmak üçin serhet nokatlarynda netijeli barlag geçirmek boýunça başarnyklaryny güýçlendirer.

«Agzybirlik tilsimaty» Arkadag şäherinde

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça öňe süren başlangyjy esasynda döredilen «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy Türkmenistanda ilkinji iri innowasion kompýuter enjamlaryny öndüriji kärhanalaryň biridir. «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy türkmenistanlylaryň millionlarçasyny elýeterli, döwrebap kompýuter we ykjam smart enjamlaryny edinmäge mümkinçilik berýän milli kärhanadyr. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen biziň watandaşlarymyz «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy tarapyndan öndürilýän iň döwrebap noutbuk we planşetleri amatly bahalardan satyn almak mümkinçiligine eýe boldular. Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy ýurdumyzda kompýuter tehnikalaryny öndürmäge girişmegi bilen, birinji iş ýylynyň dowamynda, ýagny 2019-njy ýylda ýurdumyzda birinji synpa okuwa barýan ähli körpelere Gahryman Arkadagymyzyň adyndan ilkinji gezek gowşurylan, daşary ýurt kompaniýalarynyň öndürýän önüminiň ornuny tutýan milli brendimiz — «Okuwçy» noutbuk kompýuterleri bilen doly üpjün edildi.

Angliýanyň mekdeplerinde ykjam telefonlar doly gadagan edilýär

Beýik Britaniýanyň häkimiýetleri Angliýanyň mekdeplerinde ykjam telefonlaryň ulanylmagyna doly gadaganlyk girizýän görkezmäni neşir etdiler. Bu barada Birleşen Korollygyň Bilim ministrliginiň metbugat relizine salgylanyp, TASS habar berýär. Resminamada bellenilişi ýaly, Angliýanyň mekdeplerinde ykjam telefonlaryň gadagan edilýändigi baradaky görkezmäni müdirler synp otaglarynda bidüzgünçiligi azaltmak we okuwçylaryň özüni alyp barşyny gowulandyrmak üçin ulanarlar. Bu düzgüni bozan okuwçylar sapakdan soň galdyrylar. Täze düzgünlere laýyklykda, mugallymlar okuwçylaryň ýantorbalaryny barlap bilerler, şeýle-de alnan ykjam telefonlaryň ýitirilendigi ýa-da zyýan ýetirilendigi üçin ene-atalar tarapyndan beriljek şikaýatlardan hukuk goragyny alyp bilerler.