30 million dollarlyk ulag

3 Mart 2024
450

«Rolls-Royce» kompaniýasy «Dünýäde iň gymmat awtoulag» diýlip atlandyrylýan täze «Arcadia Droptai» kabrioletini hödürledi.

Bu ulag singapurly bir müşderiniň buýrugy boýunça döredildi. Ol 600 at güýjüni öndürýän 6,75 litrlik V12 goşa turbo hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylandyr. Kabrioletiň salony gymmat deri we gülgüne agaç bilen bezeldi. Ony döretmek üçin kompaniýanyň işgärleri sekiz müň sagatdan gowrak wagty sarp etdiler.

Taýýarlan: Döwran DURDYKAKAÝEW, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.