Tehnologiýalar äleminde

28 Fewral 2024
390

Äpet telefon

Dünýäde iň uly telefon äpet ölçegi bilen haýrana goýýar. Daşyndan seredeniňde, ol ullakan kompýutere meňzeýär. Bu telefony elektron enjamlary öndürýän dünýä meşhur «Samsung» şereketi taýýarlady. Äpet telefonyň beýikligi 4,5 metre, ini 3,5 metre, galyňlygy bolsa 74 santimetre barabardyr. Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna giren bu telefony, elbetde, ýanyň bilen göterip bolanok. Uly bolsa-da, ol beýleki ykjam telefonlaryň ýerine ýetirýän hyzmatlaryny berjaý edýär. Bu äpet telefonda jaň edip, gepleşip hem-de SMS ýazyp bolýar. Bluetooth ulgamy bilen beýleki telefonlardan islendik zady göçürip almaga mümkinçilik döredilipdir.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Bägül BEGENJOWA,
«Aşgabat».