Türkmenistanda emeli aň we beýleki öňdebaryjy tehnologiýalary döretmek üçin ylmy-tehnologiýalar merkezi peýda bolar

3 Mart 2024
469

Türkmenistanda innowasion tehnologiýalary, ylmyň, önümçiligiň, senagatyň ileri tutulýan ugurlaryny ösdürmek, nano, bio we maglumat, sanly we «akylly», kiberhowpsuzlyk, emeli aň we maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny, kompýuter, mobil programmalaryny döretmek maksady bilen, «Oguz han» ylmy-tehnologiýalar merkezi dörediler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi. Merkez şeýle hem ylmyň gazananlarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmegi, innowasion tehnologiýalary döretmäge ýaşlary işjeň çekmegi maksat edinýär.

«Oguz han» ylmy-tehnologiýalar merkezi Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti tarapyndan uniwersitetiň garamagynda hojalyk hasaplaşygynda işlär.

Taýýarlan: Dawut AKMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby.