Türkmenistanda habar beriş serişdeleriniň sanlylaşdyrylmagy täze mümkinçilikleri açýar

26 Fewral 2024
402

Ählumumy sanlylaşdyrma we internet asyry täze habar beriş serişdeleriniň döremegi üçin mümkinçilikleri açmak bilen çäklenmän, eýsem, sanly ulgamdan peýdalanýan okyjylaryň täze neslini kemala getirdi. Olar üçin maglumatlaryň esasy çeşmesi bolup metbugat sahypasy däl-de, kompýuteriň, planşetiň ýa-da smartfonyň multimedia ekrany hyzmat edýär.

Türkmenistanda köpçülikleýin habar beriş serişdelerini sanlylaşdyrmak işiniň ýaýbaňlanýan şertlerinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap türkmen döwletiniň içeri we daşary syýasatyny şöhlelendirmekde, ýurtda parahatçylygy we ylalaşygy saklamakda, halkymyzyň agzybirligini we jebisligini berkitmekde, umuman, hökümet düzümleriniň we jemgyýetiň arasyndaky gatnaşyklary goldamakda tele we radioýaýlymlaryň, döwürleýin metbugat neşirleriniň, saýtlaryň orny we jogapkärçiligi ýokarlanýar.

Ussa USSAÝEW,
«Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory.