Emeli aňyň kömegi bilen döredilen ilkinji multserial Hytaýda görkezilip başlandy

3 Mart 2024
537

«China Media Group» döwlet telekompaniýasy ýurtda doly derejede emeli aň tarapyndan döredilen ilkinji animasion serialy ýaýlyma berip başlady.

«Müňýyllygyň goşgulary» atly ýigrimi alty bölümlik multserial mekdep maksatnamasyndan 200 goşga esaslanýan nusgawy hytaý poeziýasynyň dünýäsine gyzykly syýahatdyr. Her bölüm ýedi minut töweregi dowam edýär.

Taýýarlan: Daýançdurdy ATADURDYÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.