Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň okuw mümkinçilikleri täze ýörite enjamlar bilen üpjün ediler

26 Fewral 2024
485

Ýakynda Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça Maksatnamasynyň (BOMCA 10) durmuşa geçirilmeginiň çäginde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň okuw merkezi ýöriteleşdirilen okuw we maglumat aragatnaşyk enjamlaryny aldy.

Ýeňil we ýük awtoulaglaryny barlamak üçin iň täze tehniki çözgütlere laýyk gelýän bu ýörite enjamlar okuw merkezinde amaly okuwlar wagtynda ulanylar we gümrük işgärleriniň bikanun daşalýan harytlary ýüze çykarmak üçin serhet nokatlarynda netijeli barlag geçirmek boýunça başarnyklaryny güýçlendirer.