Angliýanyň mekdeplerinde ykjam telefonlar doly gadagan edilýär

25 Fewral 2024
331

Beýik Britaniýanyň häkimiýetleri Angliýanyň mekdeplerinde ykjam telefonlaryň ulanylmagyna doly gadaganlyk girizýän görkezmäni neşir etdiler. Bu barada Birleşen Korollygyň Bilim ministrliginiň metbugat relizine salgylanyp, TASS habar berýär.

Resminamada bellenilişi ýaly, Angliýanyň mekdeplerinde ykjam telefonlaryň gadagan edilýändigi baradaky görkezmäni müdirler synp otaglarynda bidüzgünçiligi azaltmak we okuwçylaryň özüni alyp barşyny gowulandyrmak üçin ulanarlar. Bu düzgüni bozan okuwçylar sapakdan soň galdyrylar. Täze düzgünlere laýyklykda, mugallymlar okuwçylaryň ýantorbalaryny barlap bilerler, şeýle-de alnan ykjam telefonlaryň ýitirilendigi ýa-da zyýan ýetirilendigi üçin ene-atalar tarapyndan beriljek şikaýatlardan hukuk goragyny alyp bilerler.

Taýýarlan: Kerimberdi BAÝRAMBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.