"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Ýurdumyzyň baş ýörelgesi

Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň ykdysady we medeni-durmuş ulgamynda uly ösüşler gazanylmak bilen birlikde, halkymyzyň ýokary ýaşaýyş-durmuş derejesini kepillendirmeklige gönükdirilen milli kanunçylyk ulgamy hem barha kämilleşdirilýär. Çünki biziň döwletimiziň milli kanunçylygynyň baş maksady halkyň abadançylygyny üpjün etmekdir. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 25-nji fewralynda Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda eden taryhy çykyşynyň mysalynda hem munuň şeýledigine aýdyň göz ýetirmek boldy. Hormatly Prezidentimiziň çuň many-mazmunly çykyşynda döwletimiziň birnäçe ugurlary bilen bagly kanunlaryny has-da kämilleşdirmek we olara halkara hukugynyň hemmeler tarapyndan ykrar edilen kadalaryny yzygiderli ornaşdyrmak, milli kanunçylyk binýadymyzyň mundan beýläk-de has-da ynsanperwerleşmegine giň ýol açmak barada aýdan bellikleri, görkezmeleri, döwrebap täze kanunlary kabul etmek, käbir kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligini öňküden-de gowulandyrmak bilen bagly aýdanlary «Döwlet adam üçindir!» diýen baş taglymatymyzyň amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamalary boldy.

Nesil terbiýesinde gymmatly gollanma

Mähriban Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eseriniň ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde, milli gymmatlyklarymyzy ýaş nesillere ýetirmekde ähmiýeti uludyr. Eserde ata-babalarymyzyň baý taryhy mirasy hakynda giňişleýin düşünje berilýär hem-de ol milli däp-dessurlarymyzy ýaş nesillere öwretmekde  gymmatly çeşme bolup hyzmat edýär. Kitapda watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, ýurduňa bolan hormat, halkyňa wepalylyk, ylym-bilimiň ähmiýeti, sagdyn durmuş ýörelgeleri öz beýanyny tapýar. Okuw sapaklarynda, şeýle hem synp sagatlarynda kitapdaky öňe sürülýän pikirleri okuwçylara ýetirýäris, rowaýatlary, tymsallary gürrüň berip, olar boýunça sorag-jogap alyşýarys.

Hemmämiz üçin möhüm mesele

Ýurdumyzda ilatyň howpsuzlygyny goramak döwlet derejesindäki möhüm mesele hökmünde ileri tutulýar. Halkymyzyň asuda ýaşaýşyny üpjün etmekde ýurdumyzyň içeri işler edarasynyň beýleki gulluklary bilen bir hatarda, ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işgärleriniň öňünde-de uly wezipeler, şonuň bilen birlikde, biziň hemmämiziň deň derejede üns bermeli meselämiz — çagalaryň ot bilen oýnamaklary zerarly döreýän ýangyn hadysalarynyň öňüni almak meselesi durýar. Hawa, ýangynyň döremeginiň köp sanly sebäpleriniň biri çagalaryň ot bilen oýnamaklarydyr. Ot bilen oýnamagyň howpludygyna, onuň nähili betbagtçylyga getirýändigine çagalar heniz doly düşünmeýärler. Şonuň üçin çagalarda ot bilen seresaply bolmak başarnyklaryny terbiýelemelidir. Bu işe ata-eneler, uly ýaşly adamlar gatnaşmalydyrlar. Bu iş möhüm durmuş zerurlygydyr. Çünki bu ýerde gürrüň çagalaryň saglygy we ömrüniň howpsuzlygy barada barýar.

Il alkyşyny alan lukmandy

Etrek şäheriniň Türkmenbaşy şaýolunyň ugrunda merdemsi başyny belent tutup oturan bir adamyň heýkeli bar. Ol hemmeler üçin mähriban, meniň üçin bolsa aýratyn bir eziz adam. Sebäbi onuň bilen ýetginjeklik ýyllarymyzdan bäri ýygy aragatnaşykda boldum. Ýolda ýoldaş bolup, köp gezek bir saçakdan duz-nan iýdik. Has takygyny aýtsam, Etregiň arassa howasyndan dem alyp, ene topragymyzyň üstünde kän bile gezdik. Golaýda heýkeli oturdylan şol adamyň — eli ýeňil lukman bolup, uly iliň alkyşyny alan Gulluk Garryjaýewiň ýaşan öýüniň gapdalyndan geçip barýarkam, kalbymy bir pikir gaplap aldy. «Onuň adamlara eden hyzmatyny häzirki nesillere ýetirsem, sogap iş etdigim bolar, merhumyňam ruhy şat bolup, tirsegine galar» diýen niýet bilen çaklaňrak bir makala ýazmaklygy ýüregime düwdüm. Öýe dolanyp gelenimde, radiokomitetde habarçy bolup işlän döwrümdäki ýandepderçämi agtaryp başladym. Eli ýeňil lukman baradaky maglumatlaryň üstünden bardym. Ony birlaý gözden geçirenimden soňra, köp oýlanyp oturdym. Sebäbi lukmanyň zähmet we durmuş ýoluny köpçülige many-mazmuny bilen ýetirmekligiň ýeňil düşmejegini bilýärdim. Her niçik bolsa-da, onuň bilen bolan ownukly-irili wakalary akyl eleginden geçirdim. Onsoň onuň adamkärçilikli häsiýetine mahsus bolan bir waka ýadyma düşdi.

Geçmişiň ertä dowamy

Bedew atlarymyza aýratyn sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyz “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly kitabynda: “Adamzat siwilizasiýasynyň taryhy bilen aýakdaş bolan ahalteke bedewi ençeme asyrlaryň dowamynda özüne mahsus bolan güýç-kuwwatyny, ýyndamlygyny, gözelligini we akyllylygyny ýitirmän gelýär” diýip belläp geçýär. Halkymyz bedew aty buýsanjy, guwanjy hem şöhraty hasaplaýar. Halk döredijiliginde ýa-da söz ussatlarynyň eserlerinde bedew atyň tarypy belentden ýetirilýär. «Görogly» şadessanyny alanymyzda, atyň keşbi eseriň bütin dowamynda mährem ýoldaş, syrdaş hem dost hökmünde ör-boýuna galýar. Diňe bir türkmen edebiýatynda däl, eýsem, dünýä jahankeşdeleri, alymlarydyr taryhçylary türkmen bedewiniň häsiýetli aýratynlyklary, owadanlygy barada öz ýazgylaryny bize miras galdyrypdyrlar. Gerodot Nusaýdaky atlaryň tylla reňkini wasp eden bolsa, Aleksandr Makedonlynyň ýanyndaky serkerdeler bu ýerde ýetişdirilýän atlary «Daň şapagyna» meňzedipdirler. Sebäbi türkmen bedewleri ýüpek ýallary, gelşikli beden gurluşy, çydamlylygy we güýç-kuwwaty bilen haýran galdyrypdyr. Yhlasly seýislerimiz halk seçgiçiligi esasynda bu saýlama tohumy nesilden-nesle geçirip, şu günlerimize çenli ýetiripdirler. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň paýhasly baştutanlygynda türkmen bedewlerine aýratyn sarpa goýulýar. Owadanlykda, çydamlylykda, ýyndamlykda, wepaly

Arassaçylygyň ak şäheri

Şu günler bahar paslynyň köňülleri jadylaýjy älemgoşar öwüşginlerine beslenýän ak mermerli Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde alnyp barylýan köpçülikleýin arassaçylyk, abadanlaşdyryş, bag we gül ekmek işleri netijesinde edara-binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, bilim edaralarynyň töwerek-daşy tämizlenip, barha läle-reýhan görnüşe eýe bolýar. Ekologiýany şähergurluşyk strategiýasynyň möhüm ugruna öwren milli Liderimiz paýtagtymyza ýygy-ýygydan guraýan iş saparlarynda arassaçylyk, ekologiýa ýagdaýy bilen bagly meseleleri hemişe üns merkezinde saklaýar. «Zähmet terbiýesi şahsyýetiň sazlaşykly ösmeginiň möhüm şertleridir» diýýän hormatly Prezidentimiziň dana sözlerinden ruhlanýan paýtagtymyzdaky orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda umumy ýaşaýyş jaýlarynyň, okuw binalarynyň töwereklerinde alnyp barylýan abadanlaşdyryş işleri giň gerime eýe bolýar.

Gün şuglaly Aşgabat

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň ýüregi ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat Türkmenistanyň at gazanan arhitektory döwrüň beýik binagäri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde dünýäniň iň owadan, bagtyýar ýaşaýyş üçin ähli amatlyklaryň jemlenen ajaýyp şäherleriniň birine öwrüldi. Bu günki günde merjen şäherimiz myhman bolan her bir adamyň ýüreginde ýakymly duýgulary döredýär. Aşgabat — parahatçylygyň, asudalygyň, abadançylygyň, bagtyýarlygyň, söýginiň we bagtyň şäheri. 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda Aşgabadyň dünýäde ýokary derejede ak mermere örtülen binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmegi halkymyzda çuňňur begenç we buýsanç duýgularyny döretdi. Şol seneden bäri, ýagny her ýylyň 25-nji maýynda Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen Aşgabat şäheriniň güni dabaraly bellenilip geçilýär.

Kanunçylyk binýady berkidilýär

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan düýpli özgertmeler ýoluna düşmek bilen, kanunyň rüstemligini, jemgyýetiň iň belent gazananlary hökmünde raýatlaryň bähbitleriniň, hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygyny öz ösüşiniň möhüm ileri tutulýan ugurlarydygyny yglan etdi. Adam hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň doly üpjün edilmegi jemgyýetiň ösüşiniň, agzybirliginiň, rahat durmuşynyň berkararlygynyň güwäsidir. Milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda röwşen geljegimize gönükdirilen giň gerimli özgertmeleriň rowaçlyklara beslenmeginde milli kanunçylyk binýadyny berkitmegiň, dünýä tejribelerini içgin öwrenip, kanunçylygymyzy halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda kämilleşdirmegiň uly ähmiýeti bardyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilip, milli Parlamentiň iki palataly gurluşyny döretmegiň hukuk esaslary Türkmenistanyň täze taryhyna uzak geljegi nazarlaýan taryhy ähmiýetli waka bolup girdi.

Hasabat-saýlaw ýygnagy

Golaýda Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň welaýat şahamçasynyň mejlisler eýwanynda TKA-nyň Milli merkeziniň kararyna laýyklykda, KA-nyň ilkinji guramasynyň hasabat-saýlaw ýygnagy geçirildi. Onda geçen hasabat döwürde guramanyň işjeň agzalarynyň alyp baran işlerine seljerme berildi. Ýygnagyň dowamynda ýörite tassyklanan iş meýilnama esasynda göz öňünde tutulan çäreler, milli Liderimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ugurlaryny, döwrüň gazananlaryny, gündelik durmuşymyzy bezeýän taryhy wakalaryň ähmiýetini, gadyr-gymmatyny, many-mazmunyny halk köpçüliginiň arasynda giňden wagyz etmek we düşündirmek babatda alnyp barlan işler barada mysallar arkaly delillendirip gürrüňler edildi, guramaçylyk meselesine seredildi.

Ýaşlar işjeň gatnaşdylar

Şäherlerimiziň, obalarymyzyň gözelligini artdyrmak maksady bilen, welaýatymyzda yglan edilen arassaçylyk, abadanlaşdyryş işleriniň iki aýlygynyň çäklerinde geçirilýän çärelere jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri-de uly ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Geçen hepdäniň şenbe güni Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň Daşoguz şäheriniň günbatar künjegindäki medeni-dynç alyş seýilgähiniň çäklerinde geçiren arassaçylyk, abadanlaşdyryş işleri hem ruhubelentlige beslendi. Geňeşiň jogapkär işgärleri, hünärmenleri, ilkinji guramalarynyň, meýletinçiler toparynyň agzalary işjeňlik görkezdiler. Şeýle işleriň barşynda bu ýerde ösüp oturan agaçlaryň töwerekleri arassalanyldy, düýpleri ýumşadylyp, sütünleri agardyldy. Şonuň ýaly-da, ýaş nahallara ideg işleri ýerine ýetirildi. — Biziň welaýat, etrap ýaşlar guramalarymyzyň agzalary her hepdäniň şenbe günleri geçirilýän arassaçylyk, abadanlaşdyryş çärelerine yzygiderli gatnaşyp gelýärler. Bu gün hem olaryň bir topary şu ýerde göreldeli zähmet çekdiler. Munuň özi ýaşlaryň hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatda amala aşyrýan işlerine goşantlarydyr. Nesip bolsa, biz bu babatdaky işjeňligimizi has-da artdyryp, sogaply işleri agzybirlik bilen dowam etdireris — diýip, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygynyň orunbasary Serdar Şyhyýew aýtdy.

Binagärligiň dürdänesi

Bu gün söýginiň we umytlaryň gül açýan mekany hökmünde ak mermerli Aşgabat Orta Aziýanyň merjen şäherine, ähli halkymyzyň guwanjy hem buýsanjy siňen mähir ojagyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň 2013-nji ýyldaky çykaran Permany esasynda her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň gününiň giňden bellenilmegi hem gün-günden gözelleşip, ösýän merjen paýtagtymyza bolan söýgiden nyşandyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasy esasynda bütinleý diýen ýaly täzeden gurulýan, tutuşlygyna ak mermere beslenýän paýtagtymyzyň täze taryhy ynsan kalbyny joşa getirýär. Milli binagärlik hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde beýik sungat derejesine ýetirildi.

Dabaralar, bäsleşikler, çäreler

EKOLOGIÝA ABADANÇYLYGY — ÝAŞLARYŇ ZÄHMET TERBIÝESI Golaýda TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşiniň welaýat baş Bilim müdirligi bilen bilelikde guramagynda Daşoguz şäheriniň orta mekdepleriniň 8-9-njy synp okuwçylarynyň arasynda ýaşlaryň ekologiýa medeniýetini ösdürmek we olarda tebigata aýawly garamak düşünjelerini kemala getirmek, ekologiýa abadançylygyny berjaý etmek, zehinli hem-de ugurtapyjy ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, «Ekologiýa abadançylygy — ýaşlaryň zähmet terbiýesi» atly bäsleşik geçirildi.

Giň dünýäniň geň habarlary

«ŞATLYK MESGENI»Döwrebap binalaryň palçykdan salnanyny göz öňüne getirip hem bilýän dälsiňiz. Pagsa jaýlar hakynda gürrüň edilende, ýönekeý binalar göz öňüňde janlanýar. Emma meşhur nemes arhitektory Anna Heringeriň zehininden kemala gelen bu bina gurluşyk üçin çig malyň binanyň kaşaňlygyna, owadanlygyna täsir etmeýändigini subut etdi. Ol ýönekeý zatlardan hem sungat eserini döredip bolýandygyny öňe sürýär. Bangladeşdäki «Anandaloý» jemgyýetçilik binasy täsin binagärlik aýratynlygy bilen köpleri haýran galdyrýar. Binanyň gurluşygynda diňe toýundan we bambukdan peýdalanylypdyr. Iki gatdan ybarat bolan bu bina 253 m2 meýdany eýeleýär. Binanyň birinji gatynda mümkinçiligi çäkli adamlar üçin bejeriş-saglygy dikeldiş merkezi ýerleşýär. Binanyň ady bengal dilinde «Çuň şatlygyň mesgeni» diýmegi aňladýar. Binanyň binagärlik taslamasy «Obel Award 2020» halkara bäsleşiginiň ýeňijisi bolup, binagär pul baýragyna mynasyp bolýar.

Jemgyýetçilik guramalarynda

Hormatly Prezidentimiziň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Sarahs etrabynyň 12-nji çagalar bagynda wagyz-nesihat çäresi geçirilip, oňa terbiýeçiler hem-de körpeler gatnaşdylar. TDP-niň Sarahs etrap komiteti tarapyndan guralan çärede ýokanç kesellerden goranmagyň esasy serişdesi bolan arassaçylygyň talaplaryny berk berjaý etmek, çagalar bagynyň otaglarynda zyýansyzlandyryş işlerini yzygiderli geçirmek, otaglaryň howasyny ýygy-ýygydan çalyşmak, agyz-burun örtüklerini ulanmagyň kadalary hem-de hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanylýan melhemlik içgileriň ähmiýeti barada täsirli gürrüňler edildi.

Watanyň eýjejik gyzy

Yhlas bilen zehin birigse, arzuwlar hasyl bolýar. Biz bu hakykata ýaşajyk sungat muşdaklary bilen söhbetdeş bolanymyzda hem şaýat bolduk. Olaryň kalbyndan çykýan şirin owazlar bagtyýar döwrümize buýsanç, Gahryman Arkadagymyza hormat bolup ýaňlanýar. Ýurdumyzda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň sungata bolan höwesini artdyrmak, ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmek üçin dürli döredijilik bäsleşikleriniň geçirilmegi uly ähmiýete eýedir. Şeýle bäsleşikleriň biri ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 1—4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlaryň arasynda geçirilýän «Iň eýjejik gyzjagaz» atly şadyýan bäsleşikdir. Dänew etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Jeýran Merdanowa şu ýyl bu bäsleşigiň döwlet tapgyrynda ikinji orna mynasyp boldy. Onuň ýerine ýetiren «Bagtyýar çagalar» atly aýdymy dabara gatnaşanlaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Jeýran bagtyýar döwrüň körpesidigine diýseň begenýär. Dagy, näme? Ýurdumyz — bagtyýar çagalygyň mekany. Bu barada körpe aýdymçy şeýle diýýär:

Jümle-jahan habarlary

Köp ýolagçyly ýerasty demir ýol Ýerasty demir ýollar (metrolar) köp ilatly şäherleriň ýaşaýjylary üçin örän möhüm, ygtybarly we elýeterli köpçülikleýin ulag serişdesidir. Şol bir wagtyň özünde olar ýolagçylaryň wagtyny tygşytlamaklary üçin örän amatlydyr. Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäheriniň ýerasty demirýol ulgamy hem ýolagçylary iň köp gatnadýan ýerasty ulaglaryň biridir. Ýurduň «Tokyo Subway» ulgamynyň hyzmatyndan her günüň dowamynda 8,7 million ýolagçy peýdalanýar. Emma bu görkezijä şäherdäki onlarça hususy we köpçülikleýin demir ýollardaky gatnawlar girmeýär. Olary hem göz öňünde tutanymyzda, her günüň dowamynda bu ägirt uly şäherde ýerasty elektrik otlulary arkaly ýolagçylaryň 30 milliondan hem köprägi gatnadylýar.

Şan-şöhraty dünýä dolan Aşgabat

Häzirki wagtda milli Liderimiziň tagallalary bilen gözel paýtagtymyz ösüşiniň täze döwrüni başdan geçirýär. Ak mermerli paýtagtymyz örän gysga döwrüň içinde üçünji müňýyllygyň ajaýyp şäherine öwrüldi. Aşgabadyň özboluşly binalarynyň Ginnesiň rekordlar kitabyna birnäçe gezek girizilmegi ýurdumyzyň baş şäherinde amala aşyrylýan özgertmeleriň tutuş dünýä üçin nusga alarlyk mysaly bolup durýar. Ak mermerli Aşgabat sebitiň we dünýäniň owadan hem amatly şäherleriniň biri hökmündäki derejesini gün-günden berkidip, dürli pudaklarda halkara gatnaşyklarynyň geçirilýän merkezi hökmünde ykrar edildi. 2007-nji ýylda gözel paýtagtymyzda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi döredilip, onuň ştab-kwartirasy edilip, Aşgabat bellenildi.

Uly alada edilýär

Arkadag Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlar syýasaty rowaçlanýar. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary bilen Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasy hem-de şol Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň ilkinji günlerinde hormatly Prezidentimiziň gol çeken bu Karary ýaşlaryň göwünlerini has-da galkyndyrdy. Gahryman Arkadagymyz ertirki gün Watanymyzyň has-da gülläp ösmegini üpjün etmeli ýaşlar barada ýadawsyz aladalanýar. Biz, ýaşlaryň berk bedenli, ruhy taýdan sagdyn, edepli-ekramly, ylymly-bilimli bolup ýetişmegimiz üçin uly aladalary edýär. Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasy hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy ýurdumyzyň ýaşlarynyň nurana geljegine gönükdirilen köptaraply tutumlaryň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmeginiň binýadyny pugtalandyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir.

Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Alym-arheolog W. M. Masson türkmen itleri dünýäde iň gadymy tohum itleriň biridir diýip hasaplaýar. Bilşimiz ýaly, Türkmenistandaky gadymy Altyndepede geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde itiň toýunsow palçykdan bişirilip ýasalan heýkeljigi tapyldy. Bu bolsa biziň eýýamymyzdan ozalky ýyllary aňladýar. Alabaý itleriniň reňklerini Garagum çölünden alandyklary we olaryň suwsuzlyga, tebigatyň ýowuz şertlerine, güýçli sowuga we yssa çydamlylygy barada hem maglumatlara duş gelýäris. Taryhyň gowgaly günlerinde halkymyzyň at bilen birlikde iň ýakyn ýoldaşy alabaý iti bolupdyr. Hut şonuň üçin-de, pederlerimiz itiň wepadarlygy, rehimliligi barada ençeme paýhas jümlelerini döredipdirler. Olary okanyňda, diňe bir itiň özüne däl, eýsem, it bilen bagly ýyla hem halkymyzyň arasynda aýratyn ähmiýet berilýändigine göz ýetirmek bolýar. Halkymyz berekedi, durmuş gowulyklaryny wepadar jandarlar at we it bilen baglanyşdyrypdyr. Sözümiz gury bolmaz ýaly, olaryň käbirlerini mysal getireliň: “It ýyly ekin ekseň, berekedi aýry bolar”, “It ýyly ek, doňuz ýyly or”, “Üýrmesini bilmeýän köpek sürä gurt getirer”. “Paýhas çeşmesi” kitabyndan getirilen bu mysallardan görnüşi ýaly, itleriň üýrýän sesiniň hem sürini, öýi, obany, syrgyny goramakda uly ähmiýeti bolupdyr. Bu barada Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmen alabaýy” atly kitabynda şeýle rowaýat getirilýär:

Ileri tutulýan ugur

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde “Saglygym — baş baýlygym” diýen jümlelere eýerilip, halkymyzyň saglygy ugrunda giňden aladalar edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň saglygy goraýyş we sport ulgamynda uly ösüşler, özgerişler alnyp barylýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan ugur alnyp, ilatyň saglygyny goramakda, berkitmekde düýpli çäreler durmuşa ornaşdyrylýar. Şonuň ýaly-da sagdyn durmuş ýörelgesi jemgyýetde giňden ornaşdyrylýar. Diýarymyzda ilatyň saglygyny goramakda, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge hem-de sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy wagyz etmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Çünki, bedenterbiýe, sport saglygyň sakasy hasaplanýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň saglygy, abadançylygy, beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagy barada düýpli çäreler durmuşa ornaşdyrylýar.