"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Gadymy mekanda täze sepgitler

Ýurdumyzyň gündogarynda, Amyderýanyň çep kenarynda ýerleşip, gadymy galalary, taryhy ýadygärlikleri, kerwensaraýlary bilen meşhur bolan Kerki şäheri geçmişde Beýik Ýüpek ýolunyň kerwenlerine geçit beren möhüm ýerleriň biridir. Halkymyzda: «Owal akan ýerden akarmyş aryk» diýen parasatly pähim bar. Şäheriň Garaşsyzlyk ýyllary içindäki ösüş-özgerişleri bu gadymy toprakda gurlup, ulanylmaga berlen döwrebap awtomobil we demir ýollary, köprüleri halk pähiminiň dogrudygyny doly tassyklaýar. Häzirki wagtda Kerki şäheri ulag ulgamynyň zerur düzümleri bilen diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, sebitiň möhüm çatrygyna öwrüldi. Watanymyzyň özygtyýarly ösüş ýoluna düşen otuz ýylynyň dowamynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň Kerki etrabynyň ýaşaýjylarynyň durmuşyna çaýan bagtyny bu toprakda bolup geçen taryhy wakalaryň, dabaralaryň, şanly seneleriň mysalynda näçe diýseň görmek bolýar. Megerem, olaryň arasynda iň begençlisi hem buýsançlysy sebitiň ykdysady ösüşinde, halkyň ýaşaýyş-durmuşynyň barha gowulandyrylmagynda möhüm ähmiýeti bolan ýollar bilen bagly wakalar bolsa gerek. Çünki deňiz, derýa, howa, polat we awtomobil ýollary halklaryňdyr ýurtlaryň arasynda dürli ugurlardaky gatnaşyklary ösdürmekde örän ähmiýetlidir. Ýollar bizi arzyly menzillere, belent maksatlara alyp barýar, ýakynlarymyz bilen duşuryp, dosty dogan edýär. Şeýle bolansoň, Türkmenabat — Kerki demir ýolunyň işe girizilmeginiň, Kerki

Hoşniýetli goňşuçylygyň täze öwüşginleri

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň ilkinji günlerinde Akina — Andhoý beketleriniň arasyndaky demir ýol böleginiň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň hem-de Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk we üstaşyr akymlarynyň gurluşygy tamamlanyp, olar ulanylmaga berildi. Bu gün ýurdumyzyň ösüşiň senagat-innowasion ýoluna ykjam düşendigini bütin dünýä görýär. Gurlan ýa-da durky täzelenilen, ýokary öndürijilikli innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan döwrebap önümçilikler sanly ykdysadyýete tarap ugur alan milli ykdysadyýetimiziň kuwwatynyň artmagyna uly goşant goşýar. Geçen ýyllarda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen dünýä bazarlarynda bäsleşige ukyply önümleriň öndürilmegini üpjün etmäge gönükdirilen hojalyk mehanizmi kemala getirildi. Biziň döwletimiz agrar ýurt bolanlygyndan ösen senagatly döwlete öwrüldi. Ýurdumyzda köp pudakly ykdysadyýet döredildi. Döwrebap senagat düzümleriniň kemala getirilmegi, zerur bolan önümleriň özümizde öndürilip başlanmagy dünýäde ýüze çykan käbir kynçylyklaryň milli ykdysadyýetimize ýetirýän täsirini gowşadýar. Bu bolsa diňe bir ýurdumyzyň içerki ösüşlerini üpjün etmän, eýsem, sebitde hem dünýä ähmiýetli taslamalary üstünlikli amala aşyrmak üçin amatly şertleri döredýär.

Sag­dyn dur­mu­şa ýö­rel­ge

Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 30 ýyl­lyk to­ýu­nyň bel­le­nil­jek ýy­lyn­da we­lot­rek bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň paý­tag­ty­myz­da­ky Olim­pi­ýa şä­her­çe­sin­de ge­çiril­megi Türk­me­nis­tan­da spor­tuň bu gör­nü­şi­ni ös­dür­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­re ber­len ýo­ka­ry ba­ha­dyr. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň her ýy­lyň 3-nji iýu­ny­ny «Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni» di­ýip yg­lan et­me­gi bol­sa eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa we spor­tuň Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zi­len gör­nü­şi­ni ös­dür­mek, se­bit­de hem-de dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy ber­kit­mek, şeý­le hem türk­men spor­tu­nyň ab­ra­ýy­ny be­len­de gal­dyr­mak ug­run­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň dün­ýä de­re­je­sin­de gol­daw tap­ýan­dy­gy­nyň yk­rar­na­ma­sy­dyr. Yn­san sag­ly­gy hem-de eko­lo­gi­ýa aras­sa­ly­gy üçin peý­da­ly bo­lan we­lo­si­ped sür­mek­lik ýur­du­my­zyň ra­ýat­la­ry­nyň ara­syn­da giň­den dur­mu­şa or­naşdyryl­ýar. Biz hem beý­le­ki jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň we­kil­le­ri bi­len bi­le­lik­de mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň, iş­çi-gul­luk­çy­la­ryň, oba zäh­met­keş­le­ri­niň ara­syn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Ka­ra­ry bi­len ka­bul edi­len «Türk­me­nis­tan­da 2021―2025-nji ýyl­lar­da be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty gol­da­ma­gyň hem-de ös­dür­me­giň Mak­sat­na

Nurana eýýamymyzyň ajaýyplyklary bizi baky bagta eýe edýär

Eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýar. Şonuň esasynda hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasy bilen kabul edilen döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmagyň barşynda şäherlerimiziň we obalarymyzyň, tutuş ýurdumyzyň keşbi düýpli özgerýär. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy esasynda bu işleri has-da ýaýbaňlandyryp, durmuş-ykdysady we medeni görkezijileri babatda iň ýokary netijeleri gazanan etraplary we etrap hukukly şäherleri kesgitlemek maksady bilen, her ýyl bäsleşik yglan edilýär. Geçen ýylda yglan edilen şeýle bäsleşigiň jemleri boýunça Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etraby ýeňiji diýlip yglan edildi hem-de etrabyň häkimligi ABŞ-nyň 1 million dollary möçberindäki pul baýragy bilen sylaglanyldy. Her ýylda geçirilýän bu bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, ýeňiji durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek, däne, pagta we beýleki ekinleri ýygnamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmek, ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalary öz wagtynda ulanmaga bermek, ilaty iş bilen üpjün etmek, dynç alyş, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek bilen bagly görkezijiler boýunça kesgitlenilýär. Eziz Diýarymyzyň ähli welaýatlarydyr etraplarynda bolşy ýaly, mähriban Arkadagymyz S.A.Nyýazow adyndaky etraby hem durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, etrabyň ilatynyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga uly ähmiýet berýär. Bu aladalar net

Harby durmuş we sanly ulgam

Bilşimiz ýaly, ähli ugurlar bilen bir hatarda harby ulgamda hem uly ösüşler gazanylýar, täze menzillere, belent sepgitlere ýetilýär. Muňa mysal edip, harby ulgamda häzirki zaman ylymlaryndan üstünlikli baş çykarýan, giň dünýägaraýyşly harby gullukçylaryň taýýarlanylýandygyny bellemek bolar. Sözüň doly manysynda aýtsak, ýurdumyzyň pudaklaryna sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy özüniň oňyn netijelerini berýär. 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy baradaky hoş habar tutuş halkymyz bilen birlikde harby gullukçylary hem buýsandyrdy. Şunuň bilen baglylykda, 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli harby gullukçylaryň arasynda guralýan aýdym-sazly dabaralar, maslahatlar, medeni çäreler häzirki gün has giň gerim aldy. Bu çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde, baýramçylyk ruhunda geçirmek bolsa indi asylly däbe öwrüldi. Şeýle dabaralaryň biri, ýaňy-ýakynda «Parahatçylyk ýoly — dost-doganlyk ýoly» ady bilen, podpolkownik Hojaguly Aşyrowyň ýolbaşçylyk edýän garnizonynyň harby gullukçylarynyň gatnaşmaklarynda Gökdepe etrabynyň Medeniýet köşgünde geçirildi. Aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresinde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň «Merdana nesiller» aýdym-saz topary hem-de Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Göreldeli harby orkestriniň aýdymçylarynyň

Garaşsyzlyk — bagtymyzyň badalgasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň hözirini görüp ýaşaýan merdana halkymyz hormatly Prezidentimiziň daşyna mäkäm jebisleşip, eziz Watanymyzy gülletmekde ruhubelentlik bilen zähmet çekip, bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Şundan ugur alyp, ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň uludan belleniljek «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda, bu şanly senä bagyşlanan dabaraly çäreler yzygiderli geçirilýär. Ynha, şeýle çäreleriň biri-de Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň harby-lukmançylyk fakultetinde «Garaşsyzlyk — bagtymyzyň badalgasy, arzuwlarymyzyň adalgasy» atly dabaraly çäre guraldy. Oňa uniwersitetiň professor-mugallymlary, talyplary hem-de harby-lukmançylyk fakultetiniň harby talyplary gatnaşdylar. Dabaraly çäräniň maksatnamasyna laýyklykda, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistan Watanymyzyň sebitde we dünýäde okgunly ösüşi üçin amala aşyrýan beýik işleri, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň beren milli ruhy we maddy gymmatlyklary, merdana halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan milli duýgulary we päk arzuw-islegleri beýan edildi. Çykyşlarda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň berkarar eden Garaşsyz Türkmenistanyň dünýäniň syýasy, durmuş-ykdysady we medeni giňişligindäki abraýyny artdyrmakda hem-de ornuny ýokarlandyrmakda ägirt uly işleri amala aşyrýandyg

Şanly ýylyň şanyna

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji aýlary serhetçileriň durmuşyna-da ýatdan çykmajak taryhy wakalary bagyş edýär. Şu günler Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ähli harby bölümlerinde geçirilýän syýasy-medeni çäreleri serhetçileriň durmuşyny hasam bezeýär. «Ykrar tapýar Arkadagyň paýhasy, Parlaýar jahanda türkmen Baýdagy!» ady bilen guralýan wagyz-nesihat çäresi-de olaryň iň bir ähmiýetlileriniň biridir. Bu çäre serhet birikmelerinde, harby bölümlerde, serhet galalarynda giňden ýaýbaňlandyrylyp, oňa harby gullukçylar, degişli edara-guramalaryň wekilleri, şeýle hem il sylagly ýaşulularymyzdyr ak saçly mährem enelerimiz uly höwes bilen gatnaşýarlar. Şol çärelerde 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp şygar bilen garşy alynmagynyň taryhy ähmiýeti, şu şygaryň astynda ýylyň dowamynda amala aşyrylmagy maksat edinilýän çärelerdir durmuşa ornaşdyrylmagy meýilleşdirilýän döwletli işler barada giň mazmunly çykyşlar edildi. Bulardan başga-da, çykyşlarda wagyz-nesihat çäräniň adyndan ugur alnyp, döwlet Baştutanymyzyň çuňňur oýlanyşykly hem-de öňdengörüjilikli daşary syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň halkara giňişliginde eýeleýän orny we onuň abraý-mertebesi, şol sanda halkara gatnaşyklary ulgamyndaky ösüşlerimiz, dünýäde ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi, howpsuzlygy üpjün etmekde Türkmenistanyň öňe sür

Parahat geljegimize uly ynam bilen

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk ýubileýi bellenilýän üstümizdäki ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen buýsançly şygara beslenýär. Ýeri gelende, bu şygaryň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy boýunça kabul edilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamadan gözbaş alýandygyny bellemek buýsançlydyr. Adamzat taryhynda jemgyýetiň, döwletiň ösmeginde birek-birege ynanyşmagyň esasynda ýola goýulýan syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklar esasy orun eýeleýär. Çünki ynam arkaly ýerine ýetirilýän her bir işiň üstünlik hem-de zähmet ýeňşi bilen tamamlanýandygy nazaryýetde-de, durmuş tejribesinde-de subut edilen hakykat. Ynamyň bar ýerinde parahatçylygyň, hoşniýetli gatnaşyklaryň kemala gelýändigini we berkeýändigini häzirki döwür doly aýdyňlygy bilen görkezýär. Ýaşaýşyň köp ýyllyk tejribesinde belent maksada ýetmegiň berk sütüni hasaplanýan birek-birege ynanyşmagyň ikitaraplaýyn bolmalydygy baradaky pikirler hem öňe sürülýär. Bu babatda ýurdumyz baý tejribe toplady. Muny dünýäniň köp döwletleriniň goldamagynda hemişelik Bitaraplyk derejämiziň iki gezek ykrar edilmeginiň, BMG-niň we onuň düzümleriniň, köp sanly halkara guramalaryň agzasy hökmünde durnukly syýasata eýe bolmak, halkara ýörelgelerine ygrarlylyk ýaly amala aşyrylýan asylly maksatlaryň

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2020-nji ýyl

6. Medeniýet ulgamy Milletiň ruhy kuwwatyny artdyrmagyň netijeli guraly hökmünde medeniýet ulgamyny ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar.

Ösüşiň täze sepgitlerine tarap

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ady bilen uly üstünliklere beslenip başlanan ýylymyzda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz özüniň ösüşli ýoluny ynamly dowam edýär. Ykdysadyýetimizi, senagatymyzy we halk hojalygynyň ähli pudaklaryny ösdürmekde, demokratik ýörelgelerimizi pugtalandyrmakda, raýatlarymyzyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmakda, ata Watanymyzyň dünýä möçberindäki at-abraýyny has-da belende götermekde, bilimi we ylmy kämilleşdirmekde, giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalary we halkara taslamalaryny üstünlikli amala aşyrmakda ägirt uly işler edilýär. Şu ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan agzybir halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň daşyna mäkäm jebisleşip, bu wajyp senäni uly ruhubelentlik hem şowhun-şagalaň bilen belläp geçer. Günsaýyn gülleýän döwletimiziň baş baýramyny ähli pudaklarda gazanylýan uly üstünlikler bilen garşy almak ugrunda taýýarlyk görýän watandaşlarymyzyň zähmet ýeňişleri ählimiziň buýsanjymyza buýsanç goşýar. Ýokarda aýdanlarymyzy üstümizdäki ýylyň 12-nji fewralynda hormatly Prezidentimiziň geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi hem doly subut edýär. Bilşimiz ýaly, bu mejlisde 2020-nji ýylda, ýagny «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garalyp, şu ýyl üçin ata Watanymyzy durmuş

Saýlawlar ― milli demokratiýanyň kepili

Bu günler ýurdumyzda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk işleri alnyp barylýar. «Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň 28-nji martynda boljak saýlawlar Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda barha dabaralanýan demokratik özgertmeleriň ýolunda möhüm ädimdir. Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar tarapyndan saýlawlaryň guramaçylykly geçirilmegi meýilleşdirilen çäreleriň çäklerinde kanun çykaryjy edaranyň wekilligine iň mynasyp dalaşgärleriň hödürlenilmegi bilen bagly işler aýratyn möhüm ähmiýete eýedir. Çünki dalaşgärlige dürli pudaklaryň wekilleri bolan il içinde uly abraýdan peýdalanýan, tutanýerli zähmet çekýän adamlaryň hödürlenilmegini gazanmak agzalan Toparyň esasy wezipeleriniň biridir. Häzirki wagta çenli welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary tarapyndan Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň 48 mandatyna 15-si Ahal welaýatyndan, 15-si Balkan welaýatyndan, 9-sy Daşoguz welaýatyndan, 16-sy Lebap welaýatyndan, 15-si Mary welaýatyndan hem-de 11-si Aşgabat şäherinden bolan 81 dalaşgär hödürlenilipdir.

Hoşniýetli goňşuçylygyň hatyrasyna

Hormatly Prezidentimiziň hoşniýetli daşary syýasaty netijesinde Russiýa döwleti, onuň sebitleri bilen uzak taryhdan gözbaşly gatnaşyklarymyz täze mazmuna laýyk ösdürilýär. Bu babatda türkmen doganlarymyzyň üç müňe golaýynyň kowçum bolup ýaşaýan Astrahan welaýaty hem aýratyn üns bererlikdir. Çünki milli Liderimiziň belent ynsanperwerligi netijesinde, 2015-nji ýylyň başynda Priwolžsk raýonynyň Funtowo obasynda orta mekdep gurmaklyga niýetlenen gurluşyk serişdelerinden ýüklenen «Berkarar» atly gämi-paromyň ilkinji ýüzüşini Astrahana amala aşyrandygy hemmeleriň ýadyndadyr. Türkmen telekeçileri tarapyndan döwrüň innowasion enjamlary bilen üpjün edilip gurlan ol mekdepde häzirki wagtda türkmen çagalary bilen birlikde, beýleki halklaryň ýaşlary-da bilim alýarlar. Golaýda bolsa hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky däbe öwrülen goňşuçylyk gatnaşyklaryndan we dostlukly hyzmatdaşlykdan ugur alyp, şeýle hem özara hormat goýmak we goldaw bermek ýörelgelerine esaslanyp, ýene-de bir Buýruga gol çekdi. Ol resminama laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, Dokma senagaty ministrligine hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri, azyk önümlerini we harytlary Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýatyna muzdsuz bermek tabşyryldy.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 106-njy mejlisiniň 73-nji maslahatynda kabul edilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama hem-de milli Liderimiziň teklibi esasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň 2021-nji ýyly «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip atlandyrmak hakynda kabul eden Kararyna buýsançnama. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ýagşylar ýagşylyk goýar dünýäde

Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, döwletimiziň hem jemgyýetimiziň öňünde bitiren aýratyn uly hyzmatlary, has takygy, milli nebitgaz ulgamynyň dünýä derejesinde ösdürilmegine, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň döredilmegine hem-de onuň işiniň has-da kämilleşdirilmegine, şu ugurda kämil hünärmenleriň taýýarlanylmagyna goşan şahsy goşandy üçin Ýagşygeldi Kakaýewiň ady bu pudagyň ýokary okuw mekdebine dakyldy. Bu ýakymly waka ýagşy adamyň ýatdan çykmaýandygy hakyndaky hakykat bolup, kalbymyzy nurlandyrdy. Ol döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň toýlanylýan «Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň ajaýyp wakalarynyň biri bolup taryha ýazyldy. Ýene bir üýtgewsiz hakykat, milli Liderimiziň: «Görnükli ildeşlerimizi hatyralamak, olaryň atlaryny ebedileşdirmek we nesillerimiz üçin saklap galmak biziň ählumumy borjumyzdyr» diýen sözleri asylly däbe öwrülip, durmuşymyza ornaşyp barýandygyna her birimiz şaýatdyrys. Halypa hatyrasy

Beýik işler buýsandyrýar her kimi

Hormatly Prezidentimiziň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyny dabaraly geçirmek barada aýdanlaryndan ruhlanyp, şu günler ähli watandaşlarymyz bu şanly senäni mynasyp garşylamak höwesi bilen hyjuwly işleýärler. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň, turuwbaşdan, göwün göteriji üstünliklere beslenip başlanmagy, Gahryman Arkadagymyzyň Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy, döwlet Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmeli desgalary birjik-de nazaryndan düşürmän, häli-şindi olarda işleriň gidişi bilen tanşyp durmagy bolsa halkymyzyň öz öňünde goýan maksadyna abraý bilen ýetip, Baş baýramymyzy zähmet sowgatlary bilen garşylajakdygyna ynam döredýär. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz şu günler Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary we taýsyz tagallalary netijesinde öz ösüşinde uly özgerişlikleri başdan geçirýär. Ýurdumyzyň ösüşiniň häzirki tapgyry tehnologiýalaryň çalt döwrebaplaşdyrylmagy, ähli pudaklara sanly ulgamyň we innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy, ykdysadyýetiň gurluş düzüminiň kämilleşdirilmegi, täze önümçilikleriň döredilmegi we hususy bölegiň ösdürilmegi bilen häsiýetlendirilýär. Netijede, biziň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Bagtyýarlygyň röwşen şuglasy

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda ýurdumyz uly üstünliklere beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe beýik ösüşler bütin ýurdumyzy gurşap alýar. Şöhraty dünýä dolan ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça maksatnamalary giň gerimde amala aşyrylýar we öz oňyn netijelerini berýär. Munuň şeýledigine hormatly Prezidentimiziň döwletli Kararlarynyň durmuşa geçirilýändiginde has aýdyň göz ýetirýäris. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysadyýetini has-da ösdürmekde aýratyn ähmiýetli möhüm ugurlardyr. Mälim bolşy ýaly, islendik ýurduň milli ykdysadyýetiniň depginli ösüşi, ozaly bilen, şol ýurduň bilim ulgamynyň kämilligine, döwrebaplygyna baglydyr. Öňde goýlan maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi hojalygy ýöretmegiň netijeli hem-de ygtybarly usullarynyň durmuşa giňden ornaşdyrylmagyny talap edýär. Durnukly ösüşi bilen dünýäni haýrana goýýan Türkmenistanyň ägirt uly mümkinçilikleri herekete girizilýär. Şunda senagat önümçiligini ýola goýmak, ösen innowasion tehnologiýalaryň mümkinçiligini giňden peýdalanmak, sanly ulgamy ösdürmek ýaly möhüm ugurlara aýratyn ähmiýet berilýär.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda

TÄZE SAHNA ESERLERI AHAL. Kaka etrabynyň medeniýet bölüminiň teatr studiýasynyň agzybir döredijilik topary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ildeşlerimize toý sowgady boljak täze eserleri taýýarlaýarlar. Şu günler teatryň sahnasynda Aşyr Mämiliýewiň «Duralgada duran», Berdi Bäşimowyň «Kime jaý gerek, kime taý» atly eserleri esasynda sahna oýunlarynyň üstünde işlenilýär. Aýmämmet Işangulyýewiň «Jadyly söz» atly gurjak oýny hem körpe tomaşaçylara özboluşly sowgat bolar.

Röwşen geljegiň binýady

Ýaş nesli ata Watana wepalylyk ruhunda terbiýelemek, olary ösen döwrüň talaplaryna laýyk derejede, sanly bilim ulgamyndan ussatlyk bilen baş çykarýan, bilimli, terbiýeli, sagdyn bedenli hünärmenler edip ýetişdirmek döwrüň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar. Watany söýmek, goramak, onuň dünýädäki at-abraýyny ýokary götermek belent borçdur. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Watan goragy mukaddesdir», «Mertler Watany beýgeldýär», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» ýaly ajaýyp eserlerinde hem Watanyň ezizligini kalbyňa siňdirip, oňa ak ýürekden gulluk etmegiň belent borçdugy beýan edilýär. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallalary bilen, ýurdumyzda Watan goragçylary hakyndaky alada hemişe üns merkezinde saklanylýar. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 12-nji fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde hem hormatly Belent Serkerdebaşymyz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine, döwrebaplaşdyrylmagyna, harby gullukçylaryň hünär derejeleriniň ýokarlandyrylmagyna, olaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeleri amala aşyrmagyň, Watan goragçylarynyň söweşjeň taýýarlygynyň yzygiderli kämilleşdirilmeginiň hem-de olara watançylyk terbiýesiniň berilmeginiň wajypdygyny nygtap belledi.

Resmi habarlar gysga setirlerde

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanda 2021-nji ýylda ykdysadyýetiň pudaklarynda ýerine ýetirilmeli işleriň we çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Degişli ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine hem-de beýleki edaralara Meýilnamada göz öňünde tutulan işleriň we çäreleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Arkadagly Aşgabady söýýäs biz!

Aşgabat! Bu nurana sözi aýdan dessine Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň islendik raýatynyň kalbynda buýsanç artýar. Biz «Aşgabat» diýenimizde, ak şäherimizi diňe bir ýurdumyzyň paýtagty hökmünde däl-de, Watanymyzyň ýüregi, ýurdumyzyň kuwwaty, halkymyzyň guwanjy hökmünde söýgüleýäris, ezizleýäris. Biz «Aşgabat» diýenimizde, Gahryman Arkadagymyzyň dana paýhasyndan bina bolan, abadançylygyň, rowaçlygyň, gülleýşiň, dost-doganlygyň mekanyna öwrülen ak şäherimizi uly buýsanç bilen mertebeleýäris, hormatlaýarys, söýýäris. Garaşsyzlyk ýyllary içinde Aşgabat şäheri tanalmaz derejede özgerýär, ösýär, gülleýär. Bedew batly ýurdumyzyň beýik ösüşleriniň nyşanyna öwrülen Aşgabatda hormatly Prezidentimiziň kämil binagärlik, şähergurluşyk maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Aşgabatda dünýä derejesindäki kaşaň myhmanhanalar, döwrebap, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, iri söwda-dynç alyş merkezleri, saglyk, anyklaýyş merkezleri, hassahanalar, sport toplumlary, medeni-durmuş maksatly binalar, nurana şaýollar... yzygiderli gurulýar. Bularyň ählisi halkyň bagtyýar, abadan durmuşda ýaşamagynyň, ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna amala aşyrylýar. Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda häzirki döwürde gözel paýtagtymyzyň kämil binagärlik keşbiniň kemala getirilmegine, Aşgabatda alnyp barylýan şähergurluşyk işleriniň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna, ak