Sag­dyn dur­mu­şa ýö­rel­ge

24 Fewral 2021
1162

Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 30 ýyl­lyk to­ýu­nyň bel­le­nil­jek ýy­lyn­da we­lot­rek bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň paý­tag­ty­myz­da­ky Olim­pi­ýa şä­her­çe­sin­de ge­çiril­megi Türk­me­nis­tan­da spor­tuň bu gör­nü­şi­ni ös­dür­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­re ber­len ýo­ka­ry ba­ha­dyr. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň her ýy­lyň 3-nji iýu­ny­ny «Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni» di­ýip yg­lan et­me­gi bol­sa eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa we spor­tuň Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zi­len gör­nü­şi­ni ös­dür­mek, se­bit­de hem-de dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy ber­kit­mek, şeý­le hem türk­men spor­tu­nyň ab­ra­ýy­ny be­len­de gal­dyr­mak ug­run­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň dün­ýä de­re­je­sin­de gol­daw tap­ýan­dy­gy­nyň yk­rar­na­ma­sy­dyr.

Yn­san sag­ly­gy hem-de eko­lo­gi­ýa aras­sa­ly­gy üçin peý­da­ly bo­lan we­lo­si­ped sür­mek­lik ýur­du­my­zyň ra­ýat­la­ry­nyň ara­syn­da giň­den dur­mu­şa or­naşdyryl­ýar. Biz hem beý­le­ki jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň we­kil­le­ri bi­len bi­le­lik­de mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň, iş­çi-gul­luk­çy­la­ryň, oba zäh­met­keş­le­ri­niň ara­syn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Ka­ra­ry bi­len ka­bul edi­len «Türk­me­nis­tan­da 2021―2025-nji ýyl­lar­da be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty gol­da­ma­gyň hem-de ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­ndan», ony ama­la aşyr­mak bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­li çä­re­le­riň Me­ýil­na­ma­syn­dan ugur alyp, we­lo­si­pe­diň, spor­tuň adam sag­ly­gy­na ýe­tir­ýän äh­mi­ýe­ti ba­ra­da dü­şün­di­riş, wa­gyz-ün­dew çä­re­le­ri­ni ge­çir­mä­ge aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýä­ris. Köp­çü­lik­le­ýin iş­le­ri­miz özü­niň oňyn ne­ti­je­le­ri­ni hem ber­ýär. Et­ra­by­myz­da spor­ta, we­lo­si­ped sür­mek­li­ge hö­we­sek­le­riň sa­ny bar­ha art­ýar. In­di adam­lar di­ňe bir we­lo­si­ped­li ge­ze­lenç et­män, eý­sem, işe, kä­ren­de ýer­le­ri­ne hem we­lo­si­ped­li gat­na­ýar­lar. Ola­ryň nus­ga­ alarlyk gö­rel­desi­ne eýer­ýän­ler bol­sa bar­ha köp­elýär. Bu bol­sa hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň eko­lo­gi­ýa aras­sa­ly­gy­ny go­ra­mak bo­ýun­ça öňe sür­ýän baş­lan­gyç­la­ry­nyň dur­mu­şa or­naş­dyrylýandy­gy­ny gör­kez­ýär.

Gül­zar BEKMURADOWA,
Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Döw­let­li et­rap ge­ňe­şi­niň esa­sy hü­när­me­ni.