Arkadagly Aşgabady söýýäs biz!

22 Fewral 2021
1252

Aşgabat! Bu nurana sözi aýdan dessine Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň islendik raýatynyň kalbynda buýsanç artýar. Biz «Aşgabat» diýenimizde, ak şäherimizi diňe bir ýurdumyzyň paýtagty hökmünde däl-de, Watanymyzyň ýüregi, ýurdumyzyň kuwwaty, halkymyzyň guwanjy hökmünde söýgüleýäris, ezizleýäris. Biz «Aşgabat» diýenimizde, Gahryman Arkadagymyzyň dana paýhasyndan bina bolan, abadançylygyň, rowaçlygyň, gülleýşiň, dost-doganlygyň mekanyna öwrülen ak şäherimizi uly buýsanç bilen mertebeleýäris, hormatlaýarys, söýýäris.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Aşgabat şäheri tanalmaz derejede özgerýär, ösýär, gülleýär. Bedew batly ýurdumyzyň beýik ösüşleriniň nyşanyna öwrülen Aşgabatda hormatly Prezidentimiziň kämil binagärlik, şähergurluşyk maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Aşgabatda dünýä derejesindäki kaşaň myhmanhanalar, döwrebap, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, iri söwda-dynç alyş merkezleri, saglyk, anyklaýyş merkezleri, hassahanalar, sport toplumlary, medeni-durmuş maksatly binalar, nurana şaýollar... yzygiderli gurulýar. Bularyň ählisi halkyň bagtyýar, abadan durmuşda ýaşamagynyň, ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna amala aşyrylýar. Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda häzirki döwürde gözel paýtagtymyzyň kämil binagärlik keşbiniň kemala getirilmegine, Aşgabatda alnyp barylýan şähergurluşyk işleriniň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna, ak şäherimiziň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Mähriban Watanymyzyň paýtagtyny dünýäniň iň owadan hem-de ýaşamak, işlemek, okamak üçin has oňaýly şäherleriniň birine öwürmegiň, bu babatda durmuşa geçirilýän belent maksatlaryň esasy binýady berkden tutulýar.

Akmyrat REJEBOW,
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.