«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ady bilen uly üstünliklere beslenip başlanan ýylymyzda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz özüniň ösüşli ýoluny ynamly dowam edýär. Ykdysadyýetimizi, senagatymyzy we halk hojalygynyň ähli pudaklaryny ösdürmekde, demokratik ýörelgelerimizi pugtalandyrmakda, raýatlarymyzyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmakda, ata Watanymyzyň dünýä möçberindäki at-abraýyny has-da belende götermekde, bilimi we ylmy kämilleşdirmekde, giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalary we halkara taslamalaryny üstünlikli amala aşyrmakda ägirt uly işler edilýär. Şu ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan agzybir halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň daşyna mäkäm jebisleşip, bu wajyp senäni uly ruhubelentlik hem şowhun-şagalaň bilen belläp geçer. Günsaýyn gülleýän döwletimiziň baş baýramyny ähli pudaklarda gazanylýan uly üstünlikler bilen garşy almak ugrunda taýýarlyk görýän watandaşlarymyzyň zähmet ýeňişleri ählimiziň buýsanjymyza buýsanç goşýar.
Ýokarda aýdanlarymyzy üstümizdäki ýylyň 12-nji fewralynda hormatly Prezidentimiziň geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi hem doly subut edýär. Bilşimiz ýaly, bu mejlisde 2020-nji ýylda, ýagny «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garalyp, şu ýyl üçin ata Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleridir wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.