«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji aýlary serhetçileriň durmuşyna-da ýatdan çykmajak taryhy wakalary bagyş edýär. Şu günler Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ähli harby bölümlerinde geçirilýän syýasy-medeni çäreleri serhetçileriň durmuşyny hasam bezeýär. «Ykrar tapýar Arkadagyň paýhasy, Parlaýar jahanda türkmen Baýdagy!» ady bilen guralýan wagyz-nesihat çäresi-de olaryň iň bir ähmiýetlileriniň biridir. Bu çäre serhet birikmelerinde, harby bölümlerde, serhet galalarynda giňden ýaýbaňlandyrylyp, oňa harby gullukçylar, degişli edara-guramalaryň wekilleri, şeýle hem il sylagly ýaşulularymyzdyr ak saçly mährem enelerimiz uly höwes bilen gatnaşýarlar. Şol çärelerde 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp şygar bilen garşy alynmagynyň taryhy ähmiýeti, şu şygaryň astynda ýylyň dowamynda amala aşyrylmagy maksat edinilýän çärelerdir durmuşa ornaşdyrylmagy meýilleşdirilýän döwletli işler barada giň mazmunly çykyşlar edildi. Bulardan başga-da, çykyşlarda wagyz-nesihat çäräniň adyndan ugur alnyp, döwlet Baştutanymyzyň çuňňur oýlanyşykly hem-de öňdengörüjilikli daşary syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň halkara giňişliginde eýeleýän orny we onuň abraý-mertebesi, şol sanda halkara gatnaşyklary ulgamyndaky ösüşlerimiz, dünýäde ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi, howpsuzlygy üpjün etmekde Türkmenistanyň öňe sürýän oýlanyşykly hem oňyn başlangyçlary hakda täsirli gürrüňler edilip, täze pikirler orta atyldy.