Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, döwletimiziň hem jemgyýetimiziň öňünde bitiren aýratyn uly hyzmatlary, has takygy, milli nebitgaz ulgamynyň dünýä derejesinde ösdürilmegine, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň döredilmegine hem-de onuň işiniň has-da kämilleşdirilmegine, şu ugurda kämil hünärmenleriň taýýarlanylmagyna goşan şahsy goşandy üçin Ýagşygeldi Kakaýewiň ady bu pudagyň ýokary okuw mekdebine dakyldy. Bu ýakymly waka ýagşy adamyň ýatdan çykmaýandygy hakyndaky hakykat bolup, kalbymyzy nurlandyrdy. Ol döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň toýlanylýan «Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň ajaýyp wakalarynyň biri bolup taryha ýazyldy. Ýene bir üýtgewsiz hakykat, milli Liderimiziň: «Görnükli ildeşlerimizi hatyralamak, olaryň atlaryny ebedileşdirmek we nesillerimiz üçin saklap galmak biziň ählumumy borjumyzdyr» diýen sözleri asylly däbe öwrülip, durmuşymyza ornaşyp barýandygyna her birimiz şaýatdyrys.
Halypa hatyrasy