"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Buýsançly kabul edilen çözgüt

30-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy G.Myradow Halk Maslahatynyň agzalygyna biragyzdan saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady we döwlet Baştutanymyza Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygynyň şahsyýetnamasyny gowşurdy. Bu çözgüdiň tutuş halkymyz tarapyndan buýsanç bilen kabul edilendigi nygtaldy. 28-nji martda geçirilen saýlawlar ösüşiň we döredijiligiň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzda demokratik ýörelgeleriň rowaçlyklara beslenýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Belent maksatly aýdyň ýollar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy gülledip ösdürmek bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän beýik işler uly ruhubelentlige hem-de zähmet joşgunyna beslenýär. Şu ýyl eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň hem-de gözel paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň toýy toýlanar. Öňde duran bu uly baýramlary mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylamak ildeşlerimizde uly buýsanç duýgusyny döredýär. Ykdysady taýdan gülläp ösýän ýurdumyzda bazar ykdysadyýetine geçilýän şertlerde uly maksatnamalar durmuşa geçirilip, ýurdy senagatlaşdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak üçin taýsyz tagallalar edilýär. Ykdysady-durmuş maksatly binalaryň yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilmegi ähli raýatlarda uly buýsanç döredýär.

Ak şäherimiziň gözelligi

Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen paýtagtymyz tapgyrlaýyn esasda ösdürilýär. Bu ugurda gurluşyk işlerine aýratyn üns berilmek bilen, onuň çägi esli giňelip, onda medeni-durmuş maksatly desgalar toplumy bina edilýär. Şonuň ýaly-da, paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna häzirki döwrüň halkara ölçeglerine kybap gelýän amatlyklar hem-de durmuş eşretleri döredilýär. Tutuşlygyna ýurdumyzyň baş şäheriniň binagärlik keşbi, beýik binalary öz içine alýan ýaşaýyş toplumlary, giň şaýollary hem-de meýdançalary türkmen halkynyň agzybirligini we jebisligini, ata-babalarymyzyň şöhratly ýörelgelerine ygrarlydygyny hem-de nurana geljegine okgunly hereketini alamatlandyrýar. Şeýlelik bilen, şäheri ösdürmegiň oýlanyşykly maksatnamasy tapgyrlaýyn amala aşyrylýar. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýetli şanly seneler, taryhy wakalar mynasybetli täze binalaryň açylyş dabarasyny guramak indi asylly däbe öwrüldi. Bu bolsa, milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary bilen, gurluşyk ulgamynyň hem sazlaşykly ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Munuň şeýledigine mysal hökmünde paýtagtymyzda belent ýaşaýyş jaýlaryny özünde jemleýän gözel şaýollaryň peýda bolmagyny, ol ýerde zerur ýol-ulag düzüminiň döredilmegini görkezmek bolar.

Gözelligiň we bagtyň mekany

Aşgabat! Päkize howaly, mermer binaly, çarbagly paýtagt şäherimiz — ildeşlerimiziň her biriniň buýsanjy, ýurdumyzyň ýüzüniň tuwagy. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylanyna 140 ýyl dolýar. 1881-nji ýylda şäher hökmünde esaslandyrylan gadymy Aşgabat obasy turuwbaşdan jahankeşdeleriň, taryhçylaryň ünsüni özüne çekipdir. Bu barada rus ýazyjysy N.N.Karazin şeýle ýazypdyr: «Aşgabatdan çekilen täze ýol taryhyň özi tarapyndan iki dünýäniň — Ýewropa medeniýeti bilen gadymy Gündogaryň esasy medeniýetiniň ýakynlaşmaklary we ruhy taýdan täzelenmek üçin niýetlenen ýoluň iň esasy we iň bir kyn ülüşleriniň biridir». XIX asyryň ahyrynda Türkmenistana syýahat eden fransuz serkerdesi Edgard Bulanže hem Aşgabat barada täsin ýazgylary galdyrypdyr. Ýewropadakydan tapawutly bolan giň wagonlar, bu ýeriniň myhmansöýerligi hakdaky gürrüňiniň arasynda otluda edilýän hyzmat barada ol şeýle ýazýar: «Täze azyk harytlary, adatça, Aşgabatdan satyn alynýar. Bu ýerde goýun etinden bişirilen ajaýyp ýapmaçlary hödür edip, yzyndanam bir kesim gawun bererler. Olar ýaly gawuny başda hiç ýerde iýip görmedim. Ol şeýle bir näzik bolup, agzyňda eräp gidýär, onuň ýakymly ysy bar, tagamy örän süýji. Bu gawunyň başga ýerde duşmaýan aýratyn bir görnüşi bolmaly. Iýlip-içilen zatlaryň üstüni tagamly üzüm we ýumşakdan iri şetdalylar ýetirýär. Bu ýerde şeýle

Adyň dillerde dessan

Bagtyýar halkymyz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny hem-de ak mermerli paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygyny giňden baýram etmäge taýýarlyk görýär. Gözel paýtagtymyz Aşgabat soňky ýyllarda özüniň milli binagärlik keşbi bilen sebitiň iň ajaýyp şäherleriniň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýaýbaňlandyrylan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde, kaşaň binalar paýtagtymyzyň gözelligine görk goşýar. Soňky ýyllarda Aşgabat halkara hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça maslahatlaryň, gepleşikleriň, iri forumlaryň, duşuşyklaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. Aşgabadyň ady diňe bir sebitde däl, eýsem, bütin dünýä ýaň salýar. Hususan-da, 2007-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň, 2008-nji ýylda «Ýewropa öýüniň» açylmagy Aşgabadyň ylalaşdyryjy merkeze öwrülýändiginiň subutnamasy boldy. Türkmenistanyň bu iri halkara guramanyň çäklerinde ynsanperwerlik ugry boýunça hyzmatdaşlyk etmäge ygrarlydygyny bellemek gerek. 2017-nji ýylda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmegi barada Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi tarapyndan taryhy çözgüdiň kabul edilmegi, halkara sport jemgyýetçiligi tarapyndan ýokary ynamyň bildirilmegi ýurdumyzyň halkara sport hyzmatdaşlygynyň barha pugtalandyrylýandygyndan nyşandyr.

Bagtyýar ili baýramlar bezeýär

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir ýylynda täze ösüşlere hem özgertmelere beslenýär. «Ýurdumyz döredijiligiň we üstünlikleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Ähli ugurlarda gazanylýan üstünlikler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyna oňaýly täsirini ýetirip, geljege ynamyny has-da berkidýär» diýip nygtaýan we munuň hemişe şeýle bolmagy üçin taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň peşgeş beren ajaýyp zamanasynda toýlarymyz toýlara ulaşýar. Dünýäde paýhasly, öňdengörüji milli Lider hökmünde uly meşhurlyga eýe bolan Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň, gözel paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygynyň şanyna geçirilýän şatlyk-şowhunly çäreler munuň aýdyň subutnamalary bolup dabaralanýar. Bagtyýarlyk döwrümizde Arkadag Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda döwletimiziň giň halkara hyzmatdaşlyk, ynanyşmak we dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatyny wagyz etmek hem-de dünýä ýaýmak, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny şöhratlandyrmak, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende götermek maksady bilen guralýan çäreleriň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň hem esasy

Aşgabat — binagärligiň milli nusgasy

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz Aşgabadyň binagärlik keşbini düýpgöter özgertdi. «Aşgabat — bagtyýarlyk döwrüniň şäheri» atly kitapda: «Aşgabat — berkararlygyň, bagtyýarlygyň, gülläp ösüşleriň, döredijiligiň, döwletliligiň, aýdym-sazlaryň şäheri. Aşgabat — türkmeniň ýüreginiň buýsanjy, gözüniň guwanjy, kalbynyň aýdymy, ruhy galkynyşynyň çeşmesi. Aşgabat — ak ýollaryň, ak arzuwlaryň, ýagşy umytlaryň şäheri. Aşgabat — Orta Aziýanyň merjeni, parahatçylyk dörediji merkez» diýlip buýsanç bilen bellenilýär. ak şäherimiz Aşgabat, hakykatdan-da, häzirki zaman ösüşiň, rowaçlygyň, parahatçylygyň, asudalygyň nyşanyna, halkymyzyň göwün şadyna öwrüldi. Häzirki wagtda döwlet Baştutanymyzyň aýratyn üns merkezinde saklamagy netijesinde, Aşgabadyň binagärlik keşbi milli özboluşlylyga baýlygy bilen tapawutlanýar. Milli Liderimiz şäheri gurmagyň degişli inženerçilik we ýol-ulag düzümine, täze desgalaryň bezeg aýratynlyklaryna, olaryň ýanaşyk çäkleriniň abadanlaşdyrylyşyna uly üns berýär. Ýene sanlyja ýyllardan ak mermerli Aşgabadyň demirgazygynda peýda boljak «Aşgabat-siti» binagärlik taslamasy, paýtagtymyzy ösdürmegiň 17-nji tapgyrynda «Altyn kölüň» kenarynda ýerleşjek döwrebap kottejler toplumlary, şeýle hem baş şäherimizi ösdürmegiň 18-nji tapgyrynyň çäklerinde Köşi ýaşaýyş toplumynyň çäginde bina ediljek durmuş maksatly binal

Resmi habar

30-njy martda hormatly Prezidentimiziň gol çeken Buýrugyna laýyklykda ýurdumyzyň wekiliýeti 30-njy martdan 2-nji aprel aralygynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus Hökümetara toparynyň ýolbaşçylarynyň duşuşyklaryny, iki ýurduň daşary işler ministrleriniň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek maksady bilen Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherine iş saparynda boldy. Bu topara türkmen tarapyndan başlyklyk ediji, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hem-de wise-premýer, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygy M.Mişustin bilen bolan duşuşykda senagat, maşyn gurluşygy, energetika, ulag we aragatnaşyk, maliýe-bank ulgamlary ýaly wajyp ugurlardaky netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça anyk çäreler hakynda pikir alşyldy.

Ynsanperwerligiň belent nusgasy

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň 29-njy martynda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek bilen bagly meselelere aýratyn ünsi çekip, ýörite haýyr-sahawat gaznasynyň döredilýändigini aýtdy. Täze döredilen bu gazna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adynyň dakylmagy bolsa örän ýerine düşen çözgütleriň biri boldy. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde çagalaryň bagtyýar ýaşamaklary, erkin hem bolelin durmuşda kemala gelmekleri, sagdyn ösmekleri we mynasyp bilim-terbiýe almaklary üçin ähli mümkinçilikler we şertler döredilýär. Dünýäde çagalaryň iň arzyly isleg-arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurdy hökmünde tanalýan Diýarymyzda geljegimiz bolan ýaş nesilleriň akyl, beden we ruhy taýdan kadaly ösüşini üpjün etmek baradaky aladalar hormatly Arkadagymyzyň hemişe üns merkezinde durýar. Olaryň milli kanunçylygymyza we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda amala aşyrylmagy çagalaryň ähli babatdaky sazlaşykly ösüşini kepillendirýär. Döwlet maksatnamalarynda we iri taslamalarda bagtyýar nesilleriň geljegi hakyndaky aladalaryň öz beýanyny tapmagy we ähli meýilleşdirilýän çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, olaryň hakyky şahsyýetler hökmünde kemala gelmeklerini şertlendirýär. Diýarymyzyň ähli künjeklerinde çagalar sagaldyş we dynç

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň göreldeli waspçysy» atly bäsleşige

ARKADAGLY DÖWRÜŇ JOŞGUNLY WASPY Beýik Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylynyň içinde halkymyzyň aň-düşünjesinde, medeni we ruhy durmuşynda, durnukly ösüşiň beýik geljegini nazarlaýan milli ykdysadyýetimizde uly özgerişler bolup geçdi. Täze jemgyýetçilik gatnaşyklary emele geldi. Dünýä döwletleri bilen dostana gatnaşyklar ýokary derejä çykaryldy. Müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan milli, ruhy gymmatlyklarymyzy dikeltmäge giň mümkinçilikler döredi. Mukaddes Garaşsyzlyk halkymyzy mizemez erkinlige, ruhy hem-de maddy gymmatlyklara eýe edip, ýurdumyzy halkara giňişliginde ykdysady taýdan örän tiz ösýän döwlet hökmünde ykrar etdi.

Ideg işi gerim alýar

Şu günler welaýatymyzyň ekin meýdanlarynda ak ekine ideg etmek işleri gyzgalaňly ýagdaýa eýe bolýar. Ak ekin ussatlary toprakdan bol hasyl almak üçin tutanýerli zähmet çekýärler. Türkmengala etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň kärendeçileri hem 1300 gektar ýerde ak ekiniň idegini ýetirýärler. Hojalygyň kärendeçileri meýdany bezäp oturan, iki ýana ygşyldaýan bugdaý maýsalaryny iýmitlendirmek, suw tutmak işlerini utgaşykly alyp barýarlar.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna

Şanly senä bagyşlanyldy TMÝG-niň Mary şäher geňeşi Türkmenistanyň Döwlet Serhet gullugynyň harby gullukçylary bilen bilelikde şäher häkimliginiň mejlisler jaýynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy, ak şäherimiz Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk duşuşygyny gurady. Duşuşygyň dowamynda TMÝG-niň şäher geňeşiniň başlygy Resul Baýramow, Türkmenistanyň Döwlet Serhet gullugynyň harby gullukçylary Baýramgeldi Şyhymberow, Myratgeldi Şukurow baýramçylyk gutlaglary bilen buýsançly çykyş etdiler.

Iň arassa şäher, etrap, şäherçe, oba

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz ähli taraplaýyn ösüşlere eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyrýan özgertmeleriniň, Maksatnamalarynyň netijesinde ýurdumyz jenneti mekana, raýatlaryň asuda, bagtyýar durmuşda ýaşaýan ýurduna öwrülýär. Adamlaryň rahat durmuşda ýaşamaklary üçin ähli amatlyklary bolan nusgalyk şäherçeler, döwrebap obalar, ýaşaýyş jaýlary, saglyk, bejeriş we dikeldiş merkezleri, medeniýetli dynç almaklary üçin medeniýet merkezleri, seýilgähler, söwda, suw çüwdürimleri gurlup, ulanylmaga berilýär. Ýurdumyzyň ähli künjekleri bilen bir hatarda, biziň welaýatymyzyň şäherleridir obalary günsaýyn gözelleşýär, bagy-bossanlyga, gülzarlyga öwrülýär. Bu geçirilýän işler bagtyýar raýatlarymyzyň eziz Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza buýsançlaryny artdyrýar. 2021-nji ýyl Arkadag Prezidentimiziň teklibi bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edildi. Bu ýyl bagtyýar türkmen halkymyz üçin aýratyn buýsandyryjy ýyllaryň biri. Çünki, bu ýyl Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlygyna eýe bolanyna 30 ýyl dolýar. Ýurdumyzyň ähli ilaty bu şanly senäni uly üstünliklere beslemek üçin taýýarlyk görýär.

Şöhrata beslenjek ýyl

Türkmenistan — — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda türkmen halky ähli ugurlarda uly üstünlikler gazanýar. Hormatly Prezidentimiziň taryhda köp sanly şöhratly wakalaryň şaýady bolan türkmen topragy täze eýýamda has-da belent ösüşlere, özgerişlere, şan-şöhrata beslenýär, halkymyzyň ýaşaýyş- -durmuş şertleri yzygiderli gowulanýar. Häzirki döwürde ýurdumyz ykdysady taýdan çalt depginler bilen ösýär, şäherlerimiziň we obalarymyzyň keşbi düýpgöter özgerýär diýip belleýşi ýaly, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryny ösdürmekde düýpli özgertmeler geçirilýär. Bu özgertmeler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe raýatlarymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny we ajaýyp durmuşyny üpjün etmek maksady bilen köpsanly binalar gurlup, ulanmaga berilýär. “Döwlet adam üçindir!” diýen esasy ýörelgäni iş ýüzünde amala aşyrýan Arkadag Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, müň mertebe alkyş aýdýarys.

Özgerýän we gülläp ösýän Aşgabat milli Liderimiziň döredijilik zehininiň nyşanydyr

Halkara ylalaşdyryjylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk merkezi Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär. Şol strategiýanyň esasy maksady dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde jemlenýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda Watanymyzyň ak mermerli paýtagty — şu ýyl 140 ýyllygyny giňden belleýän Aşgabat ençeme gezek halkara maslahatlaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. Şol maslahatlaryň gün tertibine döwrüň möhüm meseleleri girizildi. Munuň özi ýurdumyzyň dünýädäki belent abraýynyň, oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanan daşary syýasy ugrunyň giňden goldanylýandygynyň ýene-de bir subutnamasydyr.

Türki geňeş: gadyrly gatnaşyklar — umumy abadançylyga binýat

31-nji martda hormatly Prezidentimiziň Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň sanly ulgam arkaly geçirilen resmi däl maslahatyna hormatly myhman hökmünde gatnaşyp, çykyş etmegi ýurdumyzyň baky Bitarap döwlet hökmünde sebit we halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleriniň çözgüdini tapmak boýunça bilelikdäki tagallalara ygrarlydygyny ýene bir gezek aýdyň görkezdi. Umumy abadançylygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän köpugurly döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam bermek nobatdaky forumyň esasy maksady bolup, ol Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlaryny hem öz içine alýar. Milli Liderimiz çykyşynda sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri babatda ýurdumyzyň garaýyşlaryny beýan edip, türki dilli döwletleri olary bilelikde iş ýüzünde amala aşyrmaga çagyrdy. Ýokary derejeli forumlarda hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän teklipdir başlangyçlary hemişe diýen ýaly, häzirki zamanyň wajyp ugurlaryny — energetika, ulag we ekologiýa meselelerini öz içine alýar. Çünki olar türkmen diplomatiýasynyň ileri tutulýan ugurlary bolup, milli derejede-de, sebit we halkara gün tertibinde-de bir maksady — Ýer ýüzünde abadan ýaşaýşy berkarar etmegi nazarlaýar. Türkmenistan bolsa ählumumy derejede durnukly ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlaryny amala aşyrmaga, ozaly bilen, ýakyn goňşulary bolan sebit döwletlerini çagyrýar.

Täze gazna — durmuş rowaçlygyna goşant

Ýagan ýagmyr tebigaty gülletse, sahawat ynsan kalbyny gülledýär. Halkymyzda edilen sahawatly her bir işiň müň bir sogabynyň bardygyna bolan ynanç bar. Sahawat göwünlerde gül ekýän bolsa, heý, onuň sogaby egsik bolarmy? Ynha, baharyň 29-njy gününde biz — türkmenistanlylar ýene bir uly sahawatyň şaýady bolduk. Hormatly Prezidentimiziň teklibi bilen ýurdumyzda döredilen Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy millionlarça ýürege ikinji bahary bagyşlady. Döwletimiziň, hormatly Prezidentimiziň ýaş nesil üçin edýän aladalary örän giň gerimli, köpugurly. Olary tutuşlygyna şeýle beýan edip bileris: ýaş nesliň islendik wekili özüniň şu gününi we geljegini nähili göz öňüne getirýän bolsa, şol maksada ýetmek üçin onda ähli mümkinçilikler bar.

Açyk, demokratik saýlawlar

Ýurdumyzda 2021-nji ýylyň 28-nji martynda möhüm syýasy waka — Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlary geçirildi. Mukaddes Watanymyzyň taryhynda ilkinji gezek göni däl saýlaw hukugy esasynda geçirilen bu saýlawlar halkymyzyň mizemez ýörelgeleriniň dabaralanýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen saýlawlar işjeň häsiýete eýe boldy. Saýlawlar Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Saýlaw kodeksine we milli synçylaryň syn etmeginde demokratik ýörelgelere laýyklykda geçirildi. Geçirilen saýlawlarda milli synçylaryň ýurdumyz boýunça jemi 440-sy syn etdiler we olaryň 43,64 göterimi saýlaw hukukly zenanlarymyzdygy buýsandyryjydyr. Saýlawlar türkmen halkyna mahsus bolan milli demokratik ýörelgelerimizden ugur alnyp, halkara derejesinde ykrar edilen kadalar hem-de bäsleşik esasynda geçirildi. Saýlaw möwsüminiň dowamynda hiç hili arza-şikaýatlar ýüze çykarylmady. Ýurdumyzda saýlawlar güni welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalary işjeň ýagdaýda ses berip, 98,7 göterim gatnaşyk boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň maslahatynda eden çykyşy

(2021-nji ýylyň 31-nji marty) Türki dilli ýurtlaryň hormatly döwlet Baştutanlary!

Döwre buýsanç - zähmete hyjuw

Möhüm wezipä bagyşlandy Ýakynda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetinde onlaýn görnüşde 2021-nji ýylyň 1-nji iýulyndan herekete girýän Türkmenistanyň Administratiw iş ýörediş kodeksini iş tejribesinde ulanmaklyga bagyşlanan okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatyna kazylar we kazyýet işgärleri hem-de Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň (GIZ) «Merkezi Aziýada hukuk döwlet gurluşyna ýardam» atly taslamasynyň bilermenleri gatnaşdylar.