"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

«Çyn bedewler meýdanynda bellidir»

Mertlik-merdanalyga, gahrymançylyga ýugrulan türkmen halkynyň ýaşaýşynyň ähli döwürlerinde bedew atlarymyz şan-şöhratly taryhymyzy bezäp gelipdir. Çünki halkymyzyň milli ýaşaýyş medeniýetinde uly orun eýeleýän bedewlerimiz gaýduwsyz türkmen ýigitleriniň ýow gününde ýoldaşy, toý gününde syrdaşy bolup, ýürekleriniň buýsanjyna, köňülleriniň senasyna öwrülipdir. Ir döwürlerden bäri halkymyzyň uçar ganaty hasaplanylýan bedew atlarymyzyň wepadarlygy ajaýyp nusgawy eserlerimizde öz beýanyny tapypdyr. Türkmen halk döredijiliginde bedew bilen bagly paýhasly pikirleriň, jümleleriň köplügi halkymyzyň atyna goýýan belent sarpasyndan nyşandyr. Elbetde, bedew hakda «Ertir tur-da, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy», «At agynan ýerde toý bolar» ýaly ençeme pähimleri döreden halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny bedewsiz göz öňüne getirmek mümkin däl.

Galamdan öň tutulan jylaw

­Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Menzil — biziň paýhas gory jemlenen dilimizde wagta many jähetden baha bermegiň ölçegi bolup durýar. Köp-köp menzil aşmak — durmuşyň aňa paýhas bilen salýan tejribesini özleşdirmegi aňladýar. Ýigit bedewi bilen şol menziliň paýhas ölçegindäki manylylygyny gazanyp bilýär. Ine, ahalteke bedewiniň biziň buýsanjymyza hem şöhratymyza eýe bolmagynyň aňyrsynda hem şu tebigy ýagdaý bardyr. Onuň gadymyýetden bäri, müňýyllyklar aşyp gelmeginiň aňyrsy hem şu kanuny ýagdaýyň türkmen durmuşyna ir mälim bolmagyndadyr.

­Adyň älem içre aýdym, Aşgabat!

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň sebitlerinde maksatnamalaýyn özgertmeler durmuşa geçirilip, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri has-da gowulandyrylýar. Ýurdumyzyň ähli künjekleri bilen bir hatarda Watanymyzyň ýüregi bolan paýtagtymyz Aşgabat hem gün-günden gözelleşýär. Paýtagtymyzda gurlup ulanylmaga berilýän täze ýaşaýyş jaý toplumlary, edaradyr kärhanalar özboluşly binagärlik keşbini emele getirýärler. Köp sanly seýilgähler, suw çüwdürimleriň toplumlary paýtagtymyzyň görküne görk goşýar. Ak şäherimizi okgunly ösdürmek we abadanlaşdyrmak, durnukly ösýän şähere öwürmek, paýtagtymyzyň ösüşini hil taýdan täze derejä çykarmak bolsa döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýar. Bu wezipeleri çözmäge gönükdirilen guramaçylyk-hukuk çäreleriniň toplumyny öz içine alýan hukuknamalaryň kabul edilmegi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019—2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, Aşgabat şäheriniň binagärlik keşbini mundan beýläk-de özgertmek, ýaşaýyş-durmuş amatlyklaryny, paýtagtyň jemagat hojalygyny ösdürmek boýunça maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmekdäki işler gyzgalaňly ýagdaýda dowam edýär.

Arkadagym bilen özgerýär ýyllar

Ata-babalarymyzyň asyrlarboýy kemala getiren parahatçylyk söýüjilik häsiýeti bu günki günde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatyny bezeýär. Il arasynda «Parahatçylyk halk üçin iň uly baýlykdyr» diýen ajaýyp jümle bar. Ýurdumyzda ähli ösüşleriň gözbaşy parahatçylykdan başlanýar. Çünki, parahatçylygyň bar ýerinde ösüşem, özgerişem belentliklere göterilýär. Parahatçylygy pugtalandyrmak bolsa birek-birege ynanyşmaga bagly bolup durýar. Il agzybirligini, ýurt asudalygyny gazanmakda-da parahatçylygyň we ynanyşmagyň ähmiýeti uludyr. Ynam we ynanyşmak adamlaryň arasyndaky gatnaşyklarda-da möhümdir welin, onuň döwletleriň arasyndaky we halkara gatnaşyklaryndaky ähmiýeti hem diýseň ýokarydyr. Adamlar birleşip halky, halk jemgyýeti, jemgyýet döwleti, döwletler bolsa öz aralaryndaky gatnaşyklary bilen dünýä syýasatyny emele getirýärler. Dünýä syýasatynyň dogry, dürs we netijeli amala aşyrylmagy üçin bolsa, ozaly bilen, döwletleriň hem-de halklaryň birek-birek bilen ynanyşmagy, Ýer ýüzünde parahat ýaşaýşyň berkarar edilmegi üçin tagallalaryny birleşdirmegi zerur bolup durýar.

Özgerýän we gülläp ösýän Aşgabat milli Liderimiziň döredijilik ylhamynyň nyşanydyr

Watanymyzyň medeni merkezi Şu ýyl 140 ýyllygyny belleýän türkmen paýtagty Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň işewür we medeni durmuşynyň jemlenen merkezidir, bu ýerde myhmanlary güler ýüz bilen garşylamak hem-de baýramçylyklary giň gerimde bellemek mertebe hasaplanylýar.

Abadanlaşdyryş işleri geçirildi

Bilşimiz ýaly, geçen hepdäniň şenbe güni hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ählihalk ýowary geçirildi. Milli Liderimiziň ýowarda baglara ideg işlerini geçirmegi uludan-kiçä görelde mekdebi boldy. Mary welaýatynda hem ählihalk ýowaryna edara-kärhanalaryň hünärmenleri, ýerli ýaşaýjylar uly ruhubelentlikde gatnaşdylar. Türkmen bedewiniň milli baýramynyň belleniljek ýerlerinde hem ýowar geçirildi. Baýramçylyk dabaralarynyň guraljak ýerleri arassalanyp, ýanaşyk ýerlerdäki baglara ideg edildi. Olara timar berlip, düýpleri ýumşadyldy. Baglaryň uzyn çybyklarynyň ujy çyrpylyp, artykmaç şahalary kesişdirildi. Täze agaç nahallary, güller oturdylyp, olaryň düýbi bejerildi. Bu işlerde ýaşlar aýratyn işjeňlik görkezip, ata-babalarymyzdan gelýän asylly ýörelgelere eýerýändiklerini görkezdiler. Arassaçylyk adamda ruhubelentligi, şähdaçyklygy oýarýar, özüňi alyp barmagyň medeniýetini kemala getirýär. Ählihalk ýowaryna gatnaşyjylar baýramçylyk dabaralarynyň, bedew bäsleşikleriniň geçiriljek ýerlerini abadanlaşdyryp, baýrama ykjam taýýarlyk görmäge goşant goşdular.

Nuranadan gözel görkli

Toý-baýramlarymyzyň bezegi bolan ahalteke atlarymyzyň nuranadan gözel görküni, kaddy-kamatyny ýakyndan synlamagyň özboluşly lezzeti bar. Munuň şeýledigi düýn Aşgabat atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ahalteke atlarynyň arasynda geçirilýän halkara gözellik bäsleşiginiň ikinji tapgyrynda hem aýdyň ýüze çykdy. 2009-njy ýyldan bäri geçirilmegi däbe öwrülen bu bäsleşigiň birinji tapgyryna gamyşgulak bedewleriň 50-si gatnaşdy. Şolaryň içinden owadanlygy bilen saýlanan atlaryň 20-sini ikinji tapgyra gatnaşdyrmaga hukuk berildi. Halkara gözellik bäsleşiginiň ikinji tapgyryna gatnaşan atlar Gelşikliniň, Gyrsakaryň, Gaplaňyň, Pereňiň, Skagyň, Meleguşuň, Eýeberdi Telekäniň ugrundan bolan bedewlerdir. Ýene bir özüne çeken zat, ol hem Gelşikli bilen Gyrsakaryň ugruna degişli bolan atlaryň agdyklyk etmegidir.

Gujurly, edermen, gaýduwsyz

Düýn Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetinde «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň ikinji tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň birinji tapgyryna gatnaşan 70-den gowrak alabaýdan öz gujurdyr edermenligi bilen tapawutlananlarynyň 25-si gatnaşdy. Ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bir günde bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçirilen bäsleşigiň nobatdaky tapgyryna ministrlikleriň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de alabaý itleriniň köp sanly janköýerleri gatnaşdylar. Halkara bäsleşige badalga berilmezinden ozal, itşynaslaryň birnäçesi çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli buýsanjymyz bolan türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek ugrunda döredilýän mümkinçilikler barada buýsançly söhbet etdiler.

Söýgüden gurlan şäher

Hormatly Prezidentimiziň döwet galamyndan çykýan her bir eseri halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrýar. Ol eserler döredijilik adamlary üçin özboluşly ylham çeşmesidir. Munuň şeýledigini Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly eserleriniň ýurdumyzyň teatrlarynda sahnalaşdyrylyşyndan hem görmek bolýar. Olar teatr muşdaklarynyň höwes bilen tomaşa edýän eserlerine öwrüldi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň baharynyň başky aýynda hormatly Prezidentimiz ähli halkymyzy ýene bir täze eseri bilen begendirdi. Aýdym bolup dörän «Ak şäherim Aşgabat» eseri paýtagtymyzyň mähribanlygyň, gözelligiň şäheridigini, dost-doganlygyň merkezidigini, Aziýanyň dür-merjenidigini köňüllere söýgi bilen buşlaýar.

Aşgabat — gözelligiň göwheri

Berkarar Watanymyzyň paýtagty Aşgabadyň esaslandyrylmagyna üstümizdäki şanly ýylda 140 ýyl dolýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda ýurdumyzda bu sene uly dabaralara, şatlyk-şowhuna beslenip, giňden belleniler. Bu senäniň baýramçylyk ruhuny Aşgabadyň häzirki toý keşbinden göz ýetirmek has-da ýakymlydyr. Merjen şäherimiziň ähli künjegi ajaýyp senäniň nyşanlarydyr şygarlaryna, toý bezeglerine beslenen. Toý öwüşginleri paýtagtymyzyň gözellikleri — ak mermerli belent binalary, nurana desgalary, ýaşyl begresli seýilgähleri hem-de beýleki ajaýyplyklary bilen özara sazlaşygy emele getirýär. Täze taryhy döwrümiziň döredijilik ruhuny açyp görkezýän şeýle görkanalyk ruhumyzy göterip, ýurdumyzyň baş şäherine bolan söýgimizi, buýsanjymyzy goşalandyrýar.

Dünýä nusgalyk paýtagtymyz

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, paýtagtymyz Aşgabadyň keşbi gün-günden özgerýär. Häzirki wagtda paýtagtymyzyň şähergurluşyk keşbi dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Ak mermere beslenen ýaşaýyş jaýlary, edara-binalary, dürli ýadygärlikler — bularyň ählisi bir-birine ajaýyp sazlaşyp, özboluşly gözellik döredýär. Ýaşaýyş jaýlarynyň we edara-binalarynyň gurluşygynda häzirki zaman tehnologiýalaryň ulanylmagy, olaryň binagärlik keşbine aýratyn ähmiýet berilmegi has-da buýsandyrýar. Akylly şäheri gurmak başlangyjy Gahryman Arkadagymyzyň şähergurluşyk ylhamynyň miwesidir. Şunda akylly şäheriň ýaşaýyş binalarynda ýaşajak raýatlaryň sanly ulgamyň hyzmatlaryndan peýdalanmaklary göz öňünde tutulýar. Paýtagtymyzyň häzirki zaman ýaşaýyş we edara-binalary bilen birlikde, türkmen myhmansöýerliginiň nyşany bolan ajaýyp ak mermer myhmanhana binalarynyň hem ösýändigini bellemeli. Häzirki wagta paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde güýçli depginde gurluşygy alnyp barylýan «Garagum» myhmanhanasy bu ugurda möhüm desgadygy bilen tapawutlanýar. Aşgabadyň Halkara howa menziliniň golaýynda ýerleşýän bu myhmanhanada paýtagtymyza gelen myhmanlaryň, işewürleriň, syýahatçylardyr jahankeşdeleriň medeniýetli dynç almagy bilen birlikde, ýurdumyzyň, halkymyzyň özboluşly aýratynlyklaryny görkezýän maglumatlary, däp-dessurlary bilen tanyşmaklaryna hem giň mümkinçilikler göz öňünde tutulandy

Binagärligiň ajaýyp nusgasy

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýy ýakynlaşdygy saýy geçen döwrüň içinde ýurdumyzyň binagärlik keşbiniň şeýle çalt depginde özgerendigine haýran galýarsyň. Halk agzybir bolanda, yhlas bilen ukyp birleşende, gör, nähili gözellikler döreýän eken. Munuň hut şeýledigine eziz Diýarymyzyň paýtagty — Aziýanyň göwher gaşy Aşgabadyň häzirki keşbi aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär. Baky Bitarap Türkmenistan sanlyja ýylyň içinde iň ajaýyp ösüşleri, umumadamzat bähbitli beýik işleri bilen dünýä taryhynda täze sahypany açdy. Aşgabatda gurlan binalaryň, desgalaryň we ýaşaýyş jaýlarynyň ak mermerden gurlup, dünýä gözellik paýlaýşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan syýasat hem dünýä parahatçylyk, ynanyşmak we dostluk nuruny paýlaýar. Halkymyzyň gadymy döwürlerden gözbaş alýan dünýä belli binagärlik sungaty Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň giň göwrümli we aýdyň maksatly beýik başlangyçlary netijesinde has-da rowaçlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň türkmeniň şöhratly geçmişini ylmy taýdan düýpli öwrenmek baradaky tabşyryklaryndan ugur alyp, türkmen alymlary taryhymyzyň gadymy gatlaryny, binagärlik sungatyny düýpli öwrenýärler. Halkymyzyň bina galdyrmak ýörelgesine laýyklykda paýtagtymyzda gurulýan binalar raýatlarymyzyň eşretli durmuşda bagtyýar ýaşamagyna gönükdirilýär. Täze gurulýan ýaşaýyş jaýlarynda maşg

Ak mermerli paýtagtymyz

Özboluşly binagärlik keşbi bolan desgalary özünde jemleýän, günsaýyn gözelleşýän Aşgabat dünýäniň iň gözel şäherleriniň hatarynda mynasyp orun eýeleýär. Paýtagty ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda senagat, ýaşaýyş jaý we jemagat hojalygyny, ulag-aragatnaşyk ulgamyny, harytlaryň we hyzmatlaryň sarp ediş bazaryny hem-de beýlekileri görkezmek bolar. Bu günki gün paýtagtymyzy ösdürmekde tapgyrlaýyn gurlup ulanylmaga berlen belent ýaşaýyş jaýlary, medeni-durmuş maksatly beýleki binalar, sport we söwda merkezleri halka hyzmat edýär. Geçen ýylyň noýabr aýynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda gözel paýtagtymyzy ösdürmegiň nobatdaky 16-njy tapgyrynyň çäklerinde gurlan täze binalaryň ençemesi açylyp, ulanylmaga berildi. Täze desgalaryň hatarynda ähli amatlyklary özünde jemleýän häzirki zaman ýaşaýyş jaýlary, «Gül zemin» söwda dynç alyş merkezi bar. Bu desgalaryň binagärlik keşbi, daş-töwereginiň abadanlaşdyrylyşy, kämil tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylyşy aýratyn täsir galdyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň paýhasyndan ak şäherimiz Aşgabat barha gözelleşýär hem-de özgerýär.

Bitarap Türkmenistan döredijiligiň we parahatçylygyň ýurdudyr

Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň aýdyň netijelerine we ösüşiň, döredijiligiň ýoly bilen ýurdumyzyň ynamly gadam urýandygyna şaýatlyk edýän täze desgalaryň açylyş dabaralary boldy. Bu dabaralar Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň, Aşgabadyň 140 ýyllygynyň hem-de «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen ýylyň hormatyna geçirildi. Hepdäniň başynda hormatly Prezidentimiz “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň hem-de “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň dolandyryş edaralarynyň täze binalarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. “Bouygues Batiment International” meşhur fransuz kompaniýasy tarapyndan gurlan banklaryň täze binalary Aşgabadyň günorta böleginde, soňky ýyllarda paýtagtymyzyň işewürlik merkezi kemala gelen Çandybil şaýolunyň ugrunda peýda boldy.

Atly sportuň ezberleri

Düýn Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli paýtagtymyzdaky Aşgabat atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde atly sportuň naýbaşy görnüşi bolan konkur boýunça bäsleşik geçirildi. Şanly sene mynasybetli her ýyl geçilmesi däbe öwrülen bäsleşigiň nobatdaky tapgyrynda türgenleriň 14-si öz behişdi bedewleri bilen çykyş etdi. Ir säher bilen bäsleşigiň geçirilýän ýerinde baýramçylyk dabarasy ýaýbaňlandyryldy. Atly sportuň janköýerleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyplarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen dabara adatdakylardan täsirli boldy. Bäsleşige ýigitler bilen birlikde gyzlaryň hem gatnaşyp, öz başarnyklaryny görkezmekleri tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi.

Milli gymmatlyklaryň sungatdaky waspy

Düýn Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda şu ýyl ilkinji gezek bilelikde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda ahalteke bedewiniň, türkmen alabaýynyň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça yglan edilen bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirilip, oňa hödürlenen işleriň sergisi ýaýbaňlandyryldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

16-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň wajyp meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Şol taslamalaryň durmuşa geçirilmegi milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň mundan beýläk-de okgunly ösmegine ýardam etmelidir. Döwlet Baştutanymyz gün tertibiniň meselelerine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän düzüminde işleriň ýagdaýy hem-de halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklaryny, şeýle hem telekeçilik ulgamyny okgunly ösdürmäge gönükdirilen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi.

Ýaşlar alada bilen gurşalýar

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesinden ugur alnyp durmuşa geçirilýän beýik işlere mynasyp goşant goşmak ýurdumyzyň her bir raýaty bilen birlikde, ýaş nesil üçin hem mukaddes borçdur, belent wezipedir. Gahryman Arkadagymyz ýaşlaryň beden we ruhy taýdan sagdyn, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şert-mümkinçilikleri döredip berýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 8-nji ýanwarynda geçiren sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamagy hem muny aýdyň görkezdi. Döwlet syýasatynda ýaş nesillere berilýän goldawyň möhüm ugurlaryny özünde jemleýän bu maksatnama ýurdumyzda ýaşlaryň okamaklary, işlemekleri, döwrebap dynç almaklary, sport bilen meşgullanmaklary üçin giň şert-mümkinçilikleriň döredilýändiginiň aýdyň güwäsi boldy.

Täsirliligi bilen tapawutlandy

Ýakynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň, Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň hem-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň bilelikde guramagynda «Arkadagly Watanym — gülle Türkmenistanym» atly maslahat geçirildi. Onda çykyş edenler ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň ösüşi, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň geçirilmegi, milli Liderimiziň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlyklygyna saýlanylmagy, şeýle hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy, paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy barada giňişleýin durup geçdiler. Türkmenistanyň Gahrymany, «Edebiýat we sungat» gazetiniň esasy ugurlar boýunça bölüminiň müdiri, şahyr Gözel Şagulyýewanyň täsirli gürrüňleri, okap beren goşgulary dabara gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.

Oňyn başlangyçlara ýokary baha

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn bitaraplygyň ýörelgelerine esaslanýan hem-de ählumumy abadançylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen öňdengörüjilikli, täzeçillik syýasaty türkmen döwletiniň dünýädäki abraýyny barha artdyrýar. Birleşen Milletler Guramasy bilen depginli ösdürilýän gatnaşyklar hem-de Türkmenistany ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hasaplaýan BMG-niň ýurdumyza bildirýän belent ynamy muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Şu ýylyň 16-njy aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 59-njy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda “Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi munuň nobatdaky subutnamasy boldy. Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň 72-si bu Kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi.