"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Saýlama sözlerde waspy söýlenen

Adam — tebigatyň bir bölegi. Şeýle bolansoň, onuň durmuşyny ösümlik we haýwanat dünýäsiz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Biziň halkymyzyň olara bolan garaýşy üýtgeşik, sylag-söýgüsi bimöçber. Türkmeniň aýry-aýry agaçlary keramatly saýmagy, aýry-aýry haýwanlary apalap, «janawar» diýip atlandyrmagy munuň aýdyň mysalydyr. Bizde dil-agyzsyz janly-jandarlara sütem etmek beýle-de dursun, olara sögünmegem aňrybaş edepsizlik hasaplanýar. Türkmen we bedew. Biri-birine wepaly iki dost asyrlaryň dowamynda menzilleri bile geçdi. Ikisiniň şatlygy-da, gussasy-da bir bolansoň, ata-babalarymyz bedewi adamlaşdyrmak derejesine çenli göterdi, «Irden tur, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy» diýen nakyly döredip, onuň öz durmuşynda tutýan ornuny bary-ýogy ýedi sözde beýan etdi.

Bagtyýarlyk döwrümize buýsanýarys

Hormatly Prezidentimiz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Ýurdumyzyň çägindäki gadymyýetde gülläp ösen obalaryň, şäherleriň suw üpjünçiliginiň taryhyny içgin öwrenmek gerek. Bu iş bize durmuş hakykatyny ýüze çykarmak, öwrenmek üçin gerek. Obadaş, ildeş diýen düşünjeleri aňlatmak üçin «Bir ýabyň suwuny içen» diýilmegi hem şol durmuş hakykatyny şöhlelendirýär» diýip belleýär. Biziň Garaaýman obamyzyň töweregindäki bol suwly guýular hem bu ýerde oturymly ýaşaýşyň esasy sebäbi bolupdyr. Ol guýular ygalsyz, gurak gelen ýyllarda-da 15-20 sürini we obanyň düýeleridir beýleki mallaryny suw bilen üpjün edip bilýär. Garagum çölüniň selin- -sazakly, dürli ot-çöpli gum depeleri, bol ösümlikli giň sähralyk, gyrlar, öri meýdanlary ýylyň dürli pasyllarynda hem mallary bakmaga amatlydyr. Obamyz etrap merkezinden, şäherlerden uzakda ýerleşýändigine garamazdan, elektrik togy, tebigy gaz bilen doly üpjün edildi. Oba ilatyna şäher durmuşynda ýaly ýaşamak üçin giň mümkinçilikler döredildi. Aragatnaşyk we internet ulgamlaryndan peýdalanmaga şertler bar. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda obamyzyň çagalary durky täzelenen mekdep binasyna okuwa gatnap başladylar.

Arkadagyň bagt şäheri — Aşgabat

Aziýanyň merjen şäherine öwrülen paýtagtymyz baradaky buýsançly söhbede soňlanma ýok. Bu günki gün gözel şäherimiziň ajaýyp keşbine diňe bir türkmen halky däl, eýsem, tutuş dünýä guwanýar. Şu ýyl 140 ýyllygy bellenilýän gözel şäherde raýatlarymyz üçin ähli amatlyklar döredilip, bu ýere gelýän myhmanlara, syýahatçylardyr syýasatçylara ýakymly täsirleri bagyşlaýan täsinlikler näçe diýseň bar. Bagtyýarlyk döwrümiziň ýyllary içinde ak şäherimiz Aşgabatda hil taýdan dünýä ülňülerine doly laýyk gelýän, ähli amatlyklary özünde jemleýän döwrebap ýaşaýyş jaýlarydyr önümçilik, medeni-durmuş maksatly binalaryň, häzirki zaman desgalaryň gurlup, halkymyzyň hyzmatyna berilmegi «Aşgabat täze taryhy eýýamyň aýdyň nyşanyna, ýurdumyzyň ýagty geljeginiň we onuň döredijiliginiň, rowaçlygyň belentliklerine tarap ynamly ädiminiň beýanyna öwrülmelidir» diýip nygtaýan döwlet Baştutanymyzyň ynsanperwerlige ýugrulan döwlet syýasatynda mynasyp orun alan paýtagt şäherimizi ösdürmek, dünýä derejesinde iň gözel hem-de nusgalyk şäherleriň birine öwürmek baradaky aladasynyň ýerine düşýändigini görkezýär.

«Gara altynly» guýular

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň burawlaýjylary welaýatymyzyň çägindäki baýlyklar känlerinde gözleg-gazuw işlerini ýokary depginlerde alyp barýarlar. Trest boýunça «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň birinji çärýeginde 36 müň 800 metrden gowrak çuňluk gazylyp, göz öňünde tutulan meýilnama 190 göterim ýerine ýetirildi. Bu döwürde ulanyşa berlen guýularyň sany 6-a ýetdi. Kämil burawlaýyş enjamlarydyr desgalar bilen üpjün edilen Goturdepe buraw işleri müdirliginiň burawlaýjylary çuňluk gazmak baradaky göz öňünde tutulan meýilnamany 115 göterim ýerine ýetirip, ýakynda Demirgazyk Goturdepe känindäki 318-nji guýyny ulanyşa berdiler. Şu ýylyň geçen döwri üçin göz öňünde tutulan meýilnamadan daşgary 6 müň 451 metr gözleg-gazuw işlerini köp ýerine ýetiren Ekerem buraw işleri müdirliginiň burawlaýjylary bolsa şol baýlyklar känindäki 362-nji guýynyň gazuw işlerini üstünlikli tamamladylar. Nebitdag buraw işleri müdirliginiň burawlaýjylary şu ýylyň birinji çärýeginde 7 müň 94 metr ýerasty çuňluk geçip, meýilnamany 178 göterim ýerine ýetirdiler. Ýakynda burawlaýjylar Barsagelmez känindäki 316-njy guýynyň gazuw işlerini üstünlikli tamamladylar. Bu guýudan «gara altynyň» senagat akymy alyndy. Guýy tehniki-sazlaýyş işlerinden soň, «Nebitdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirligine ulanyşa berildi. 

Aşgabat şäherleriň seresi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow berkarar Diýarymyzy, baş şäherimiz Aşgabady durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, täze gurulýan desgalarda milli binagärlik däplerini şöhlelendirmek bilen bir hatarda, häzirki zamanyň ösen tejribesiniň gazanan üstünliklerini utgaşdyrmak we tutuş durmuş düzümi ýokary derejede kämilleşdirmek babatda ägirt uly işleri amala aşyrýar. Häzirki döwürde ýurdumyz boýunça gurlup ulanylmaga berlen, gurluşygy dowam etdirilýän desgalaryň, işewürlik we durmuş maksatly binalaryň, ýaşaýyş toplumlarynyň sany barha artýar. Ak mermerli merjen paýtagtymyz binagärlik keşbi, desgalarynyň we şaýollarynyň sazlaşyklylygy we ajaýyplygy bilen haýran galdyrýar. Aşgabat şäherimiz dünýäde iň arassa, owadan we adamlaryň ýaşaýyş-durmuş hajatlary üçin iň amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriň hataryna goşuldy. Gözel paýtagtymyzyň birnäçe desgalary özleriniň binagärlik özboluşlylygy, milli öwüşginliligi bilen Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň dünýä nusgalykdygynyň aýdyň nyşany bolup durýar. Häzirki wagtda merjen paýtagtymyzyň günorta künjeginde, Köpetdagyň etegindäki ajaýyp ýerlerde we şaýollaryň ugrunda dürli maksatly binalaryň birnäçesi gurlup ulanmaga berildi. Bu binalar ýol-ulag düzümine degişli desgalar, seýilgäh zolaklary bilen bir bitewi

Watanymyzyň okgunly ösüşiniň nyşany

Mälim bolşy ýaly, Aşgabat şäheriniň çäklerinde amala aşyrylýan möhüm düzümleýin taslamalar, tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, paýtagtymyzda toplumlaýyn durmuş-ykdysady özgertmeleriň amala aşyrylyşy bilen baglanyşykly meseleler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar. Giň gerimli taslamalar işlenilip taýýarlanylanda, geljekki desgalaryň bezegine we ekologiýa häsiýetnamalaryna, olaryň enjamlaşdyrylyşyna, şol sanda sanly tehnologiýalar bilen üpjünçiligine we ilkinji nobatda, adamlaryň durmuşy üçin oňaýly şertleriň döredilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Döwlet Baştutanymyzyň täzeçil ýörelgeleri ugur edinýän başlangyçlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde paýtagtymyz sazlaşykly ösüş ýoluna düşdi hem-de öz çäklerini yzygiderli giňeldýär. Şeýle hem, ak mermerli Aşgabat dünýäniň owadan we ýaşamak üçin has amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriniň hatarynda öz ornuny pugtalandyryp, sebitara we halkara hyzmatdaşlygynyň ykrar edilen merkezine öwrüldi. Her ýylda ýurdumyzyň baş şäherinde täze özboluşly binalary we desgalary özünde jemleýän ajaýyp binagärlik toplumlary kemala gelýär. Şolar ýurdumyzyň täze taryhy eýýamynyň okgunly ösüşini has aýdyňlygy bilen görkezýär.

Özgertmeleriň mekany

Aşgabadyň Aziýanyň merjen şäherine deňelmegi ýöne ýerden däl. Çünki Günüň tylla nuruna lowurdap şugla saçýan ak mermerli binalar şuglazarlygy bilen görenleri haýrana goýýar. Hut şonuň üçin-de, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň giňden bellenilmeginiň meýilleşdirilmegi hem aýratyn guwandyryjy wakadyr. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly: «Häzirki döwürde Aşgabat dünýäniň durnukly ösýän şäherleriniň birine öwrüldi. Aşgabady ösdürmegiň we abadanlaşdyrmagyň baş meýilnamasyna laýyklykda, geçen sanlyja ýyllarda paýtagtymyz biziň gözümiziň alnynda täsin hem-de owadan binalaryň hatary bilen öz çäklerini has-da giňeltdi. Şol belent ymaratlar baş şäherimiziň görküni has-da artdyrdy we türkmen paýtagty ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi». Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyzda gurulýan önümçilik kärhanalary, medeni-durmuş, ylym-bilim, saglyk we sport desgalary, ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlary diňe bir ak şäherimiziň görküne görk goşmak bilen çäklenmän, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagynda, halkymyza edilýän durmuş hyzmatlarynyň giň gerimli, ýokary hilli bolmagynda hem möhüm orna eýedir. Aşgabadyň ak guw ýaly hatarlanyşyp duran mermer binalaryny saba säher bilen synlanyňda, seriňe ýakymly oýlanmalar dolýar. Bu gözel ymaratlar ş

Nusgalyk göreldä hormat

Hormatly Prezidentimiziň türkmen bedewleriniň şan-şöhratyny belende götermek, olaryň hemmetaraplaýyn kämilleşdirilip, geljek nesillerimize, uzak asyrlara ýetirilmegi ugrunda amala aşyrýan taýsyz tagallalary tutuş halkymyzy çäksiz begendirýär, aýratyn guwanç-buýsanç duýgusyny döredýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramynyň we Türkmen alabaýynyň baýramynyň öň ýanynda milli Liderimize «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» diýen hormatly adyň dakylmagy munuň ýene-de bir aýdyň ýüze çykmasy boldy. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Arkadag Prezidentimiziň türkmen seýisçilik ýörelgesiniň işjeň dowam etdirilmegine, onuň sungat derejesine çykarylmagyna uly goşant goşandygyna hemmämiz şaýat. Çünki hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň göz-guwanjy bolan bedewlerimize bagyşlap döreden ajaýyp kitaplarynda bu barada giňişleýin gürrüň edilýär, şeýle gadymy hünäriň ýol-ýodalary, inçe tilsimleri açylyp görkezilýär, olary berjaý etmäge gönükdirilen maslahatlar berilýär. Şonuň bilen birlikde-de, olarda halkymyzyň seýisçilik sungatyny ösdürmekde düýpli iş eden halypa seýisleriň atlary agzalýar, bitiren hyzmatlaryna hormat-sarpa goýulýar.

Asylly ýörelgeleriň aýdyň beýany

Dosty dogan saýyp, ähli halklar bilen hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrmak türkmeniň süňňüne siňen asylly ýörelgeleriň biridir. Ata-babalarymyzyň nusgalyk ýörelgelerini baýdak edinen Garaşsyz Türkmenistan özygtyýarly ösüş ýoluna düşen ilkinji gününden bäri dünýäniň çar ýanyndaky döwletler bilen ygtybarly hyzmatdaşlygy, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda şu ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy ýurdumyzyň hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini aýdyň görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň «Dostluk — asylly ýörelge» diýen bölüminde hem dost-doganlyk gatnaşyklary barada gymmatly maglumatlardyr gyzykly tymsallaryň ençemesi beýan edilýär. Şolaryň arasynda Köýtendag sebitlerindäki Abdyllahan galanyň gurluşygy baradaky rowaýat aýratyn ünsüňi çekýär. Rowaýata görä, Abdyllahan ýaş wagtynda onuň kakasy: «Oglum, raýatlaryň arasyna gidip, özüňize rabat guruň. Rabat hemmä gerek» diýip nesihat edýär. Abdyllahan hem ýurt gezip, baran ýerinde birnäçe galalary gurdurýar. Emma Köýten galasy gurlanda, gurluşykçylar onuň badyny gaýtarmak üçin galanyň ýerzemininde şemal geçer ýaly, iki sany yş goýupdyrlar. Yşyň agzynda uly küýze ýerleşdirip, güňleç ses çykar ýaly edipdirler. Gala gurlup gutarylanda, Abdyllahan ony görmäge gelip

Halk bähbitli özgerişler

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramynyň dabaralary halkymyzyň taryhynda ebedilik orun aljak şanly wakalar bilen utgaşýar. Ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň ýokary derejede, guramaçylykly geçirilmegi hem-de kanun çykaryjy häkimiýet edarasynyň iki palatasynyň birinji bilelikdäki mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň başlyklygyna biragyzdan saýlanmagy bütin halkymyzyň ruhuny belende göterip, täze üstünliklere besledi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça giň gerimli özgertmeler amala aşyrylyp, uly üstünlikler gazanylýar. Bu gün Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan dünýäde çalt depginler bilen ösýän döwletleriň hatarynda orun aldy. Eziz Watanymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny arşa göterýän hem-de jemgyýetimizi beýik maksatlaryň ýolunda birleşdirýän giň gerimli işleriň sanasaň sogaby kän.

Söz manysy

HAM-HYÝAL Ähli ylym-bilim äleminiň gapysy öz ene diliňi çuňňur hem kämil bilmekden başlanýar. Şonuň üçin hem biz ony «Ene dilim —  eziz dilim» diýip söýýäris.

Döwletli ýörelge dowamat-dowamdyr

Türkmen jemgyýeti, türkmen döwleti ösýär, özgerýär. Şonuň bilen birlikde ýurdumyzyň kanunçylyk esaslary-da kämilleşdirilýär. Bu ýagdaý 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje giren Türkmenistanyň Konstitusiýasyna girizilen üýtgetmelerde we goşmaçalarda öz beýanyny tapdy. Onda türkmen parlamenti Milli Geňeş diýlip atlandyryldy. Onuň iki palatadan — Halk Maslahatyndan we Mejlisden ybaratdygy bellenildi. Mälim bolşy ýaly, iki palataly parlament dünýäniň köp ýurtlarynda üstünlikli hereket edýär. Demokratik ýörelgeleriň ýaýbaňlandyrylmagy bilen iki palataly parlamentli ýurtlaryň sany artýar. Eger-de XX asyryň 70-nji ýyllarynda dünýäde 45 döwletde iki palataly parlament bolan bolsa, XXI asyryň birinji çärýeginde olaryň sany 70-den geçdi. Häkimiýet halk, häkimiýet sebit gatnaşygynda has netijeli hasaplanmagy onuň tarapdarlarynyň köpelmegine sebäp bolýar. Iki palataly parlament özüniň ýokary guramaçylygy we professionallygy, jemgyýet we döwlet bolsa has durnuklylygy bilen tapawutlanýar.

Gowaça ekişiniň gyzgalaňly günlerinde

Welaýatymyzda gowaça ekişi dowam edýär. Şeýlelikde türkmen daýhanlary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30-njy ýylynyň «ak altyn» harmanynyň düýbüni tutýarlar. Ozal hem habar berşimiz ýaly, bu möhüm oba hojalyk möwsümine 24-nji martda badalga berildi. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi we ýaşulularyň «Bismillasy» bilen welaýatymyzda gowaça ekişine badalga beriş çäreleri Çärjew etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginde geçirildi.

Täzelikler

Şu günler welaýatymyzyň ýaşyl maýsaly meýdanlarynda bugdaýa sümmül suwuny tutmaga girişildi. Sümmül suwy ekine berilýän iň soňky suwdur. Şondan soň bugdaý däneläp, hasyla durýar.Pederlerimizden gelýän daýhançylyk däplerine eýerip, welaýatymyzyň babadaýhanlary sümmül suwuny bellenilen kadalara laýyklykda tutýarlar. Şunda ekiniň boýuna we geljekki hasyla zeper ýetirilmezligine aýratyn üns berilýär. Welaýatymyzyň günorta etraplarynda suw tutmak işlerine has ir badalga berildi.Ýeri gelende aýtsak, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30-njy ýylynda 130 müň gektar meýdanda guşgursak bugdaýyň bol hasyly ýetişip gelýär. Lebaply daýhanlar Watan harmanyna 310 müň tonnadan gowrak galla tabşyrmagy meýilleşdirýärler.* * * Farap etrabynyň çägindäki Türkmen alabaý itleriniň tohumçylyk merkeziniň gurluşygy doly tamamlanyp, onuň binalar toplumy açylyp, ulanylmaga bermek üçin taýýar edildi.Gurluşygy «Bary» hojalyk jemgyýeti tarapyndan alnyp barlan merkeziň binalary 1 gektar meýdanda ýerleşýär. Ol türkmen alabaýlarynyň 70-sine niýetlenilendir.

Durnukly ösüş — abadan ýaşaýyş

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak, diwersifikasiýalaşdyrmak, bazar gatnaşyklaryny barha kämilleşdirmek, importyň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak we ýurdumyzyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak ýaly ugurlar boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Ösüşiň hukuk esaslary berkidilip, dünýä tejribesinden giňden peýdalanylýar. Oýlanyşykly işlenilip düzülen, giň möçberli milli Maksatnamalar amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş derejesini düýpli gowulandyrmak üçin bar bolan ähli önümçilik, maliýe we zähmet serişdeleri herekete girizilýär. Sebitleri ösdürmek boýunça düýpli maksatnamalar hem üstünlikli durmuşa geçirilýär. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň netijesinde Türkmenistan bu gün uly ösüşlere eýe bolýan, açyk ykdysadyýeti bolan döwletleriň hataryna goşuldy. Milli we döwlet maksatnamalarynda kesgitlenilen ilkinji nobatdaky wezipeleri amala aşyrmak önümçiligiň ýokary girdejililigini, ýurdumyzda we dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolan önümleriň möçberini durnukly artdyrmaga, netijede raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Munuň şeýledigini «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji aýlarynda gazanylan netijeler hem aýdyň görkezýär. Milli ykdysadyýetimiziň bazar

Göz-guwanjymyz —— Garaşsyzlyk

Halkymyzyň guwanarlyk, buýsanarlyk şöhratly taryhy bar. Dürli hanlyklary, beglikleri döreden merdana pederlerimiz kuwwatly we güýçli döwletleriň hem onlarçasyny gurmagy başarypdyrlar. Emma özbaşdak döwleti gurmak ata-babalarymyzyň asyrlarboýy arzuwy bolupdyr. 30 ýyl mundan ozal biz milletimiziň şol arzuwlan bagtynyň eýesi bolduk, ýagny, 1991-nji ýylyň güýzünde türkmeniň yhlasy myrat tapdy. Şol günden bäri agzybir türkmen halky özbaşdaklygyň, garaşsyzlygyň ajaýyp howasyndan dem alyp başlady. Bu bolsa döwlet bilen birlikde millet üçin hem bagtyýar durmuşyň başlanandygyny bütin äleme äşgär edip ugrady. Şol günden başlap, Türkmenistan garaşsyz ösüşiň we özgerişiň ähli mümkinçiliklerini we şertlerini yzygiderli durmuşa geçirmäge üstünlikli girişdi. Ynha, indi ýurdumyzyň ymykly ösüş ýoluna düşenine 30 ýyl bolýar. Taryh üçinem, özüňi dünýäde ykrar etdirmek üçinem örän gysga bolan bu sanlyja ýylyň içinde döwletimiz dünýä jemgyýetçiliginde öz mynasyp ornuny eýeledi. Türkmenistan özüniň saýlap alan ýoly bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly gadam urup, ilat üçin durmuşyň ähli ulgamlarynda öňegidişlige we täzeçillige giň ýol açdy. Ähli işleriň özeninde bolsa halkyň bähbidi goýuldy. Halk bähbidini ileri tutan milli Liderimiziň ähli başlangyçlary-da, tagallalary-da rowaç alyp, türkmen halkyna bagtam, bagtyýarlygam, bolelinligem gülüp bakdy. Çünki bularyň ählisiniň gözbaşynda halky

Türkmeniň parahatçylyksöýüjilik ýörelgesi

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzümleýin edaralary bilen özara hyzmatdaşlygy barha ýygjam häsiýete eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň bu abraýly halkara guramasynyň maslahatlarynda, mejlislerinde öňe sürýän umumadamzat bähbitli başlangyçlary giň goldaw tapýar. Milletler Bileleşiginiň Gahryman Arkadagymyzyň teklibi esasynda 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda ýörite Kararnamany kabul etmegi-de ýurdumyzyň parahatçylyksöýüjilige, ynsanperwerlige ýugrulan daşary syýasat ugrunyň dünýä ýüzünde doly ykrar edilýändiginiň ýene bir aýdyň mysalydyr. Şu möhüm resminamadan ugur alnyp, üstümizdäki ýyl biziň ýurdumyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edildi. Bu ýylda ýurdumyz sebitde we dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça täze başlangyçlar bilen çykyş edýär.

Bagtyýarlygyň buşlugy

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 29-njy martynda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny döretmek baradaky Karara gol çekdi. Ata-babalarymyzyň döwletlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerilip döredilen gazna Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary esasynda hormatly Prezidentimiziň adynyň dakylmagy bolsa bizi has-da begendirdi. Milli Liderimiziň ýurdumyzy dolandyrmaga girişen ilkinji günlerinden ähli gowulyklary mazmunynda jemleýän Maksatnamalary ýaşaýyş-durmuşymyzy düýpli özgerdip ugrady. Halkymyzyň durmuşyndaky eşretleri köpeltmek, ýurdumyzyň ösüşini mundan buýana-da has çaltlandyrmak maksady bilen hormatly Prezidentimiz dolandyrmagyň kämil usullaryny saýlap alýar.Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň bütin adamzady tolgundyrýan meseleleriň oňyn çözgütlerini salgy berýän başlangyçlary we teklipleri bilen dünýä möçberinde ynsanperwer döwlet hökmünde mynasyp orny eýeleýär.

Baky berkararlygyň berkdir binýady

Biziň merdana halkymyzyň ruhy dünýäsinde ak öý agzybirligiň, abadançylygyň we rahatlygyň sakasyna deňelýär. Ol döwletliligiň, rysgal-berekediň nyşany hasaplanylýar. Gözbaşyny taryhyň çuň gatlaklaryndan alyp gaýdýan bu ruhy ýörelge bagtyýarlyk döwrümiziň paýhas ummanynyň täjine öwrüldi. Munuň şeýledigini welaýat merkezimizde gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýan «Türkmeniň ak öýünde» ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda Medeniýet hepdeliginiň çäklerindäki dabaraly çäreleri geçirmekligiň göz öňünde tutulmagy hem doly tassyklaýar. Binagärligiň milli ýörelgeleri bilen döwrüň iň kämil tehnologiýalary utgaşdyrylyp gurulýan bu ajaýyp bina ildeşlerimiziň agzybirligini, tutanýerliligini, berk güýç-kuwwata eýedigini äşgär edýär. Bu ajaýyp binagärlik eseri geljekki nesiller üçin iň gymmatly ýadygärlikleriň birine öwrüler.

Şan-şöhraty äleme dolan buýsançlarymyz

Ýürek joşgunlaryndan dörän aýdymlar mähriban Watanymyzy, dünýämizi bezeýär. Eziz Diýarymyzda uludan tutulýan toý-baýramlar, olarda ýaňlanýan aýdym-sazlar bilen halkymyzyň ömri uzaýar. Mähriban Arkadagymyzyň pähim-paýhasy bilen şu ýyl milli baýlygymyz bolan ahalteke bedewlerimiziň we alabaýlarymyzyň şan-şöhratyny has-da dabaralandyrmak maksady bilen, Türkmen bedewiniň milli baýramy Türkmen alabaýynyň baýramy bilen bilelikde bellenilip geçilýär. Şu maksat bilen baýramçylyk günlerinde, ýagny düýn, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkeziniň açylyş dabarasy boldy. 16-njy aprelde paýtagtymyzdaky «Oguzkent» myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiziň başlyklygynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisi geçirildi. Däp bolşy ýaly, Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen bu forum mähriban halkymyzyň milli gymmatlygyny, onuň umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna bahasyna ýetip bolmajak goşandy bolan meşhur ahalteke bedewlerini wasp etmäge ýardam edýän möhüm ähmiýetli wakadyr. Bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, ýurdumyzda atçylygy we atly sporty ösdürmek, ahalteke bedewleriniň tutuş dünýäde şan-şöhratyny artdyrmak boýunça geçirilýän giň gerimli işleriň möhüm ugrudyr. Şu mejlisiň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň hem-de gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy