"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Uly toýlaryň bosagasynda

Güneşli ýurdumyzda toýlarymyz goşa--goşadan gelip, Diýarymyzyň şan-şöhraty dünýä dolýar. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda toýlarymyzyň yzly-yzyna sepleşip gelmegi halkymyzyň buýsançly başyny göge ýetirýär. Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk toýuna şu günlerden taýýarlyk işleri görülýär. Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň ýüregi, Aziýanyň merjen şäheri bolan Aşgabat görenleri haýrana goýýar. Ak don geýen dek ak mermerli şäherimiziň owadanlykda biri- -biri bilen bäsleşýän binalarydyr ýadygärlikleri, seýilgähleridir suw çüwdürimleri, gijäni gündizlik edip, ýalkymyny saçýan yşyklary, gönüden, lowurdap duran köçeleri şäherimizi has-da görklendirýär. Gözel şäherimiz daşdan-ýakyndan gelýän myhmanlara gujak açyp, dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkidýär. Aşgabat şäheriniň 2013-nji ýylda ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi, hormatly Prezidentimiziň ýörite Permany esasynda her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň gününiň bellenilmegi şäher ýaşaýjylary bilen birlikde ähli türkmen ilimiziň ýüreklerini buýsançdan doldurdy.

Watanymyzyň ösüşi, halkymyzyň abadançylygy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň özenidir

Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösüşine we mähriban halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilen ynamly hem-de yzygiderli durmuşa geçirýän oňyn syýasatynyň anyk netijelere beslenýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi. 26-njy aprelde döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň baş şäherini hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryndan gelip çykýan wezipeleriň çözgüdine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna we şanly senelere görülýän taýýarlyk işleriniň ýagdaýyna garaldy.

Bagta uzaýan taryhy ýollar

Taryhçy alymlaryň gelen netijelerine görä, XX asyr Türkmenistanyň taryhynda gapma-garşylykly taryhy wakalaryň köp döwri boldy. Bu döwürde Türkmenistan iki sany syýasy-jemgyýetçilik gurluşy başdan geçirip, soňra üçünjisine — Garaşsyzlygyna gowuşdy. Şeýlelikde, türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň joşgunly setirlerinde beýanyny tapan berkarar döwleti durmuş hakykatyna öwrüldi. Türkmen döwletiniň paýtagty Aşgabat täze, innowasion tehnologiýalar esasynda dikeldilen Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşip, ol ýaşamak üçin dünýäniň iň amatly şäherleriniň biri hökmünde ykrar edilýär. Parahatçylygy dörediji sebit merkezi bolmak bilen, şäher özboluşly binagärlik taslamalary boýunça döredilen köp sanly dolandyryş, önümçilik, işewürlik, maliýe, ylym-bilim, medeniýet, lukmançylyk, sport, syýahatçylyk, söwda, dynç alyş we beýleki desgalary özünde jemleýär. Binagärlik keşbini depginli täzeleýän türkmen paýtagty ajaýyp binalaryň we desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň tutuş tapgyrynyň gurulmagy netijesinde has-da gözel görke girdi.

Jennet mekan Aşgabat

Heniz oglan mahallarymyz ulularyň okap, aýdyp berýän gyzykly ertekilerini, dessanlaryny soňra özümiz gaýtalap-gaýtalap ondaky wakalara, gahrymanlaryň hereketlerine haýran galardyk. Erteki diýilse-de çaga kalbymyz onda beýan edilýän zatlary hakykydyr öýdüp pikir ederdik. Gahrymançylyga, edermenlige, zähmetsöýerlige çagyrýan gahrymanlar gözümize ýakymly görnerdi. Şol ertekileriň käbirinde uzak-uzak bir ýerlerdäki köşki-eýwanlar, başyny asmana diräp oturan binalar, lagly-göwhere beslenip oturan saraýlar, güri baglyk, ir-iýmişli daragtlar, ser howuzly, gülli-gülälekli mesgenler hakynda okap, şeýle jenneti mekany görmek, onda ýaşaýan bagtyýar adamlaryň işi, durmuşy bilen gyzyklanmak höwesine düşerdik. Türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Abdylla Şabendäniň meşhur «Gül-Bilbil» dessanynda Bilbil, hyzmatkäri Zelili, dosty Sala beg üçüsi Bilbiliň atasynyň bagyna seýle gidýärler. Bilbil dostlaryna ýüzlenip: «— Eý Sala we Zelili, atamnyň bu ýerde seýilgäh üçin bina galdyran bir çarbagy bar turur, göýäki behişde meňzär, anda unnap, hurma, alma we nar dünýäde bihasap miweler bar turur. Geliň, bizler ol baga seýr-tomaşa kylyp, ýagşy ýetişgen miweden iýip gaýdalyň! — diýdi.

Goňşy — goňşynyň aýnasy

Biziň halkymyzyň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary öz gözbaşyny gadymyýetiň çuňluklaryndan alyp gaýdýar. Pederlerimiz goňşy halklara, olaryň däp-dessurlaryna hormat goýmak bilen, goňşuçylyk hem-de dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdüripdirler. Şeýle ynsanperwer ýörelgelere eýermek bilen, öz nobatynda halkymyz hem uly abraý-mertebä eýe bolupdyr. Çünki sylag-hormatyň, dost-doganlygyň bar ýerinde agzybirlik, ynanyşmak ýaly, adamzady bezeýän asylly häsiýetler bar. Muňa aňryýany bilen düşünýän şahandaz halkymyz «Goňşy – goňşynyň aýnasy», «Kyýamat güni goňşudan», «Ýer alma, goňşy al», «Goňşy goňşa hemsaýa» ýaly birnäçe pähim-parasatlary döredipdirler. Hoşniýetli gatnaşyklar dost-doganlygyň barha güýjemegine, agzybirligiň berkemegine itergi berýär. Dostlugyň we dostlukly gatnaşyklaryň netijesinde uly ösüşlere ýetip bolýandygy barada hem ençeme pähimler bar. Il içinde kimdir biriniň öz dosty bilen agzybirlikli, ýakyn we berk gatnaşygy häsiýetlendirilende, «Içen suwlary aýry gitmeýän dostlar» diýlip, ýüregiňe jüňk bolýan jümleleri dile alýarlar. Bu babatda bir derýadan – Amyderýadan suw içýän türkmen halky bilen doganlyk özbek halkynyň dostana gatnaşyklary dogrusynda söhbet etmezlik asla mümkin däl.

Arzuwlary durmuş hakykatyna öwrülen seýis

Ahalteke bedewleriniň eýesine wepalylygy, garadangaýtmazlygy baradaky gürrüňler, pähim-paýhaslar Suhandurdy Kuljanowyň kalbynda hem ýaşlygyndan atbakarlyk, atlary idetmek baradaky arzuwlary oýaryp, ony ganatly hyýallara atarypdy. Golaýda hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp bolan, «Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen abraýly ady alan, «Gaýrat» medalynyň eýesi Suhandurdy Kuljanow «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň atly sport we atly syýahat bölüminiň seýis tälimçisi bolup zähmet çekýär. Bu ýerde ol halypa seýis hökmünde ýaş seýislere we atbakarlara baý tejribesine daýanyp, gymmatly maslahatlaryny berýär. Onuň ideden we seýislän bedewleriniň ençemesi ýurdumyzda geçirilýän möwsümleýin at çapyşyklarynda ençeme baýrakly orunlara mynasyp boldular. Ýurdumyzda her ýyl geçirilýän Türkmen bedewiniň milli baýramynda hem Suhandurdy halypanyň yhlas siňdirip, ideden bedewleri ýüwrükligi, ýyndamlygy bilen uly aýlawlary baglap, tomaşaçylaryň söýgüsini gazanýar. Ylaýta-da, halypa atşynasyň ýetişdiren «Garaşsyz», «Garader», «Meleguş», «Kerwenbaşy» atly atlary ýyndamlygy, özboluşly gözelligi bilen tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýarlar.

Şanly ýyla şan goşýan wakalar

Ýurdumyzda toýlaryň toýlara ulaşmagy, ähli sebitlerde dürli maksatly desgalaryň yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilmegi şanly ýylyň ajaýyp wakalary hökmünde her birimizde guwanç-buýsanç duýgularyny döredýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň giňden dabaralandyryljak ýylynyň başyndan bäri welaýatymyzda birnäçe desganyň gurlup, toý ruhunda işe girizilendigini bellemek has-da ýakymlydyr. Welaýatymyzyň Kaka we Ak bugdaý etraplarynda täze, döwrebap ýyladyşhanalaryň açylanyndan köp wagt geçmänkä, Ak bugdaý etrabynyň çäginde Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň Karantin merkeziniň açylyş dabarasyna şaýat bolmak bagty miýesser etdi.

Merjen şäher Aşgabat

Ulus-iliň bagtyýar,Merjen şäher Aşgabat!Ösüş bilen galkynýaň,Merjen şäher Aşgabat! Sende durmuş erkana,Binalaryň görkana,Şanyň doldy çar ýana,Merjen şäher Aşgabat!

Mübärek aýyň sogaby

Mübärek Oraza aýy dowam edýär. Ruhy kämillik — adamyň bezegi. Ol ruhy kämillige diňe mizemez erk hem-de örän güýçli ynam arkaly ýetýär. Tutuş otuz günläp agyz beklenip gezilmegi hem ruhy kämilligiň synagy. Oraza aýynda adam öňküsinden has agraslanýar. Sebäbi ol özüni gurşap alan dünýä barada has çuň oýlanýar, özüçe netije çykarýar. Bu aýda «haýyr», «sogap», «adamkärçilik», «päkizelik» ýaly sözler köp gaýtalanýar — adam özüni Ýaradana golaýlaşdyrýar! Onuň ýagşy iş edip, töweregindäkileri begendiresi, alkyş alasy, sogap gazanasy gelýär. Hemişe haýyr işleriň sakasynda durýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň agzaçar sadakasyny bermegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hoşniýetli däp-dessurlarymyzyň, asylly ýol-ýörelgelerimiziň dowamat-dowam bolýandygynyň aýdyň subutnamasy, belent adamkärçiligiň beýik nusgasy boldy. Mähriban Watanymyzyň beýleki welaýatlarynda bolşy ýaly, welaýatymyzyň Baş metjidinde berlen agzaçar sadakasyna hem köp adam ýygnandy.

Aşgabat

Garaşsyz ýurdumyň eziz paýtagty,Ak merjen şäherim gözel Aşgabat!Bagtyýar döwürde geljegiň ýagty,Dillerimde aýdym-gazal Aşgabat! Dost-doganlyk, parahatlyk şäheri,Goýnuň jennet, ýada salýar bahary,Ýeňişlere badalga her säheri,Bedew bady bilen ozan Aşgabat!

Arkadagyň bagt şäheri — Aşgabat

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gözel paýtagtymyz meşhurlyga eýe bolup, ähli ugurlarda ösýän şäherleriň nusgasyna öwrüldi. Aşgabat milli aýratynlyklarymyz bilen utgaşýan ak mermerli binalaryň has köp jemlenen ýeri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabynda orun aldy. Baş şäherimiziň şunuň ýaly ýokary baha mynasyp bolmagynyň özeninde Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli tagallalarynyň, ynsanperwerlige, hoşniýetlilige ýugrulan döwlet syýasatynyň durandygyny aýratyn nygtamalydyrys. «Biziň borjumyz iň gözel we arassa, adamlaryň ýaşamagy üçin oňaýly şäher hökmünde paýtagtymyzyň belent abraýyny saklamakdan ybaratdyr. Şonuň üçin biz Aşgabady has gözelleşdirmelidiris, ony döwrümiziň nyşany bolan ajaýyp şähere öwrüp, çagalarymyza we agtyk-çowluklarymyza miras galdyrmalydyrys» diýip nygtaýan milli Liderimiziň paýhasly ýolbaşçylygynda Aşgabat mähriň, söýginiň, dostlugyň hem-de rowaçlygyň şäheri hökmünde tanalýar. Gözel paýtagtymyz halkara derejesinde maslahatlaryň, duşuşyklaryň, aýdym-saz, sungat bäsleşikleriniň we sport ýaryşlarynyň geçýän ýerine öwrüldi. Ak şäherimiziň myhmanlarda has ýakymly täsirleri galdyrýandygy biziň üçin guwandyryjy ýagdaýdyr. Aşgabat ata Watanymyzyň berkararlygynyň, ösüşiniň, rowaçlygynyň, mähriban halkymyzyň bagtyýarlygynyň, agzybirliginiň nyşany bolup,  göwünlerimize ylham berýär.

Gül-gunçasy gara gözümiň garasy

Magtymguly etrabyndaky Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän muzeýde geçirilen söhbetdeşlik şeýle atlandyryldy. Ol mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna we beýik şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlandy. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat we etrap birleşmeleriniň, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň welaýat bölüminiň bilelikde guramaklarynda geçirilen söhbetdeşlige edara-kärhanalaryň işgärleri we ýaşlar gatnaşdylar. Çärede Garaşsyzlygymyzyň türkmen halkyna beren bagty, eşretli durmuşymyz, beýik Pyragynyň eserleriniň ähmiýeti barada giňişleýin söhbet edildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýetilen belent sepgitler hakynda çykyşlarda buýsanç bilen nygtaldy. Agzybir halkymyzy Garaşsyzlygymyzyň saýasynda baky bagta ýetiren hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleriniň has-da rowaçlanmagy arzuw edildi.

Hünärli eller

Welaýat Baş bilim müdirligi bilen bilelikde «Hünärli eller» ady bilen geçiren bäsleşigimize Balkanabat şäherindäki orta mekdeplerde hereket edýän gyzlar klublaryna gatnaýan gyzlar gatnaşyp, şu okuw ýylynda edilen işleri, gyzlar klubunyň diwar gazetini hem-de klubuň ýolbaşçysynyň hasabat çykyşyny, gyzlaryň arasynda geçirilen duşuşyklary, bäsleşikleri, gazanylan üstünlikleri suratly albomlaryň üsti bilen beýan etdiler. Keşde we surat çekmek, örüm we nakgaşçylyk işlerini wideoýazgylarda görkezdiler, el işleriniň sergilerini guradylar. Watanymyza, bagtyýarlyk döwrümize, Gahryman Arkadagymyza bolan buýsançlaryny goşgularda, gazallarda wasp etdiler. Bäsleşigiň jemi jemlenilende, 12-nji orta mekdebiň «Güldesse» gyzlar kluby baş baýraga mynasyp boldy. 2-nji we 7-nji orta mekdepleriň «Meňli», «Bagtyýarlyk lälesi» gyzlar klublary degişlilikde birinji we ikinji, 5-nji we 21-nji orta mekdepleriň «Näzik», «Tumar» gyzlar klublary bolsa üçünji orunlara mynasyp boldular. Olara Hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy.

Resmi habarlar gysga setirlerde

28-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşler giň gerimli ugurlar boýunça söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini beýan edip, bu gün iki döwletiň hem özara söwdanyň, maýa goýumlaryň möçberini artdyrmak, ulag, aragatnaşyk babatda, senagatyň dürli pudaklarynda, şol sanda azyk, himiýa, ýeňil we elektrotehnika pudaklarynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin ýeterlik kuwwata eýedigini kanagatlanma bilen nygtadylar.

Gadyry egsilmeýän gymmatlyk

Türkmen ilinde toý tutulsa, döwre uludan guralyp, aýdym-saz belentden ýaňlanýar. Şeýle asylly ýörelgelerimiz Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen bagtyýarlyk döwründe-de täze ruhda, milli öwüşginde janlandyrylýar. Muňa döwlet derejesinde bellenilýän baýramçylyklaryň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris. Geçen ýylda hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygynyň halkara derejesinde bellenilmegi, şeýle hem bu milli baýramçylygymyzyň şanly özgertmeler we ýurdumyzyň ýeten derejeleri bilen dabaralandyrylmagy Watanymyzyň Bitaraplyk we Garaşsyzlyk ýaly beýik derejelerine bolan buýsanjymyzy has hem artdyrdy. Şeýle buýsandyryjy wakalar «Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem mynasyp dowam etdirilýär. Çünki mähriban halkymyz üstümizdäki ýylda naýbaşy baýramymyzy ― mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny mynasyp garşylamagy maksat edinýär. Bu barada hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde aýratyn nygtaýar. Gahryman Arkadagymyz Garaşsyz döwletimiziň bu ýubileý toýunyň şäherlerimizde, obalarymyzda gurlup, ulanylmaga beriljek täze binalaryň we desgalaryň açylyş dabaralary bilen ýurdumyzyň her bir raýaty üçin ýatdagalyjy pursatlara beslenmelidigini nygtaýar. Çünki mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýy — hemmämiz üçin hem uly baýram, uly toý. Döwletimiziň synmaz binýady, bagtyýar durmuşymyzyň mizemez esasy bolan Garaşsyzlyk derejämiz ýurdumyzyň

Bagtymyzyň çyragy

Garaşsyzlyk diýlende, ýüregiňi üýtgeşik duýgy gurşap alýar. Çünki mukaddes Garaşsyzlygymyz bagtymyzyň çyragydyr. Döwlet özbaşdaklygy — berkararlygyň, dünýäniň ýüzünde özüňi syýasy taýdan ykrar etmegiň, zähmet ýeňişleriniň hem-de röwşen geljegiňi gurmagyň açary. Şoňa görä-de, ol diňe bir ýurduň ykdysady-durmuş ösüşinde däl, eýsem, halkymyzyň ruhy dünýäsinde hem aýratyn orny eýeleýär. Hut şonuň üçin, ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna badalga berlen ýylymyzyň ilkinji günlerinden kalbymyza dolan buýsanç duýgusy ýaşaýşa, nurana geljege bolan ynamymyzy, kesp-kärimize bolan höwesi has-da artdyrýar. Köňüllerimizi heýjana salýan ata Watanymyza bolan söýgi, halkymyza guwanç, hormatly Prezidentimize bolan bimöçber uly alkyşlar bolsa toý şatlygymyza şatlyk goşýar. Mahlasy, Garaşsyzlygyň döredýän tolgundyryjy täsirleri ruhy dünýämizi gözelleşdirýär, onuň täsiri bilen özüňi erkana, öňküden-de güýçli, gaýratly duýýarsyň. Soňky ýyllarda Watanymyzyň görlüp-eşidilmedik derejede gülläp ösüşine her birimiz şaýat bolýarys, halkymyzyň ykbaly şowlap, tebigatymyzyň hazyna-genjiniň, topragymyzyň bereket-rysgalynyň külli türkmeniň eşretli durmuşyna siňýändigine guwanýarys. Parahatçylykdan, ynanyşmakdan rowaç tapan bagt guşunyň bu gün ak asmanda ganat kakyşy, halkymyzyň agzybirligi, merdanalygy, zähmetsöýerligi, hormatly Prezidentimiziň daşyna jebis bolup, ýeňişlerden-ýeňşe sary batly gadam urşy

Rowaçlygyň belent ruhy

Ýola çykmazdan ozal öz ýurduňyň içinde, adamlaryň ýaşaýyş-durmuşlarynda bolup geçen üýtgeşiklikleri hyýalyňda aýlamak täze pikirleri oýarýar. Diňe bir ýadyňda galanlary däl, öz kompýuteriňe girizen maglumatlaryňy hem seljerersiň. Şeýdip hem-ä edil dutar ýaly galamyňy «düzýärsiň», hem-de ýandepderçäňdäkileri birlaý gözden geçirip, buýsanç-guwanç duýgularyňa täze bir güýç berýärsiň, olaram öz gezeginde ruhuňy göterýär. Ynha, bu gezek hem şu däp bolup galan edähet ýatdan çykmady. Her bir pursady ýadyňy täze bir waka bilen baýlaşdyrýan günleri başdan geçirýän döwrümizde şonsuz mümkinem däl. Bir wakany sypdyrsaň, özüňi daş-töweregi gurşap alan özgertmeleriň ýüzin salyp okdurylyp barýan kerweninden aýrylyp galaýjak ýaly duýýarsyň. Ýurdumyzyň her künjeginde her gün bolup geçýän Nowruz mysaly dünýä täze keşp berýän özgertmeler kerweniň bedew ýüwrükligini ýetirip dur. Ýurduň içinde amala aşyrylýan özgertmeler bilen tele we gazet habarlary arkaly yzygiderli tanşyp durmasaň, kerwenden yzda galjagyň ikuçsuz. Bu bolup geçýän şanly wakalar gyzgyny bilen ildeşlerimize ýetirilip hem dur. Sanly ulgamyň we kämil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde gazetler okyja çalt ýetirilip başlandy.

Gül görkli guwanjymyz

«Türk­me­nis­tan — pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» ýy­lyn­da ýur­du­myz­da toý­lar toý­la­ra ulaş­ýar. Wa­ta­ny­my­zyň at-owa­za­sy älem iç­re da­ba­ra­lan­ýar. Ak mer­me­re bes­le­nen Aş­ga­bat hem gö­zel­li­gi we haý­ran gal­dy­ry­jy bi­na­gär­­lik sun­ga­ty­nyň in­çe syr­la­ry­ny goý­nun­da jem­läp, yla­laş­dy­ry­jy mer­kez hök­mün­de dost-do­ga­na gu­jak ge­rýär. Şan­ly Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 30 ýyl­lyk to­ýy bi­len paý­tag­ty­myz Aş­ga­ba­dyň dö­re­dil­me­gi­niň 140 ýyl­lyk to­ýu­nyň go­şa­la­nyp gel­me­gi bol­sa her bir türk­me­nis­tan­ly­nyň gö­wün gu­şu­ny as­ma­na uçur­ýar. Gu­ja­gyn­da ka­şaň-ka­şaň yma­rat­la­ry, sport des­ga­la­ry­ny, ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­ny, suw çüw­dü­rim­le­ri­ni, ýa­şyl bag­la­ry jem­läp otu­ran ak şä­he­ri­miz Aş­ga­ba­dyň at-owazy tutuş dün­ýä ýaýylýar. Dür­li gym­mat­lyk­la­ry bi­len 11 gezek Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zi­len Aş­ga­ba­dyň Azi­ýa­nyň mer­je­ni ha­sap­la­nyl­ma­gy hem ýö­ne ýer­den däl­dir. 2017-nji ýyl­da Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň ge­çi­ril­me­gi my­na­sy­bet­li gö­zel paý­tag­ty­myz sport jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň we sy­ýa­hat­çy­la­ryň, ja­han­keş­de­le­riň mes­ge­ni­ne öw­rül­di.

Göwne ganat Aşgabat

Aşgabat — ak bagtyň şäheri we göwünleriň ganaty.  Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň bellenilýän ýylynda ak şäherimiz Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen günsaýyn özgerýär. Belent-belent ymaratlar, ajaýyp desgalar, göreni haýran edýän suw çüwdürimler, ak ýollar, bagy-bossanlar, ähli amatlylyklary bolan ýaşaýyş jaýlary paýtagtymyzyň görküne görk goşýar. Şeýle binalaryň birnäçesiniň täsinligi, gözelligi we kaşaňlygy babatda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi bolsa munuň halkara derejesinde ykrar edilmegini aňladýar. Baş şäherimiziň binalarynyň ak mermer bilen örtülmegi bolsa, paýtagtymyzyň aýratynlygyna öwrüldi. Onsoň ak mermerden toý donuny geýen paýtagtymyza neneň bagtyň şäheri diýmejek?! Sungat eserini ýadyňa salýan binalar ajaýyplygy, owadanlygy, täsinligi bilen hemmeleri haýrana goýýar. Şonuň üçin hem paýtagtymyz barada şahyrlarymyz şygyr düzse, bagşylarymyz ajaýyp aýdymlary döredýärler. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen üstümizdäki «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda türkmen halky bir supranyň başyna jebisleşip, paýtagtymyz Aşgabadyň döredilmeginiň 140 ýyllyk toýuny toýlar. Şu mynasybetli bilim ojagymyzda göreldeli okuw sapaklary, sapakdan daşary çäreleri, kitap sergilerini guramagy meýilleşdirýäris. Şeýle-de Aşgabat şäheriniň güni, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýy, Medeniýet we sungat işgärl

Parahatçylygy dörediji milli Lider

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň, Mejlisiniň deputatlarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen bilelikdäki mejlisde hormatly Prezidentimiz çuň manyly we baý mazmunly çykyş edip, uzak geljegi nazarlaýan taryhy pursatlara ýokary baha berdi. Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň halkyň Baştutany hökmünde we halk bilen bilelikde alyp barýan parasatly syýasaty dünýäde nusgalyk derejede ösüşlere eýe bolýar. Şol taryhy günüň yzysüre hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda merjen şäherimiz Aşgabatda geçirilen «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy» atly ýokary derejedäki halkara maslahat hem munuň aýdyň güwäsidir.