"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Ýeň­şe bar­ýan ýol

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­myz hal­ka­ra ýa­ryş­la­ryň ge­çi­ril­ýän me­ka­ny­na öw­rül­di. Şol ýa­ryş­lar­da öz il­de­şi­ňi gö­re­niň­de, sport oý­nu­nyň haý­sy gör­nü­şi­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, ba­şyn­dan ahy­ry­na çen­li to­ma­şa edip, ne­ti­jä sa­byr­syz­lyk bi­len ga­raş­ýar­syň. Ýe­ňiş mün­ber­le­rin­de türk­men tür­gen­le­ri­ni, ola­ra me­dal gow­şu­ryl­ýanyny, Döw­let se­na­my­zyň as­tyn­da ýa­şyl Tu­gu­my­zyň be­len­de ga­lyp bar­ýa­ny­ny gö­re­niň­de öz ýa­nyň­daň, «Be­re­kel­la» diý­ýär­siň. Ine, şeý­le tür­gen­le­riň bi­ri hem Türk­me­nis­ta­nyň Içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi­niň ins­ti­tu­ty­nyň hu­kuk fa­kul­te­ti­niň be­den taý­ýar­ly­gy ka­fed­ra­sy­nyň mu­gal­ly­my Nur­ber­di­han Oraz­mäm­me­dow­dyr. Ol ýa­kyn­da ýur­du­myz­da ge­çi­ri­len sam­bo bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň çem­pio­na­tyn­da 90+ kg ag­ram de­re­je­sin­de ýur­du­my­zyň çem­pio­ny bol­dy.

Futbol täzelikleri

Wi­deo­du­şu­şyk fut­bo­ly ös­dür­mek­de iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy giň ge­rim­de alyp bar­mak ba­ra­da­ky me­se­le­le­ri özün­de jem­le­di. Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da dia­lo­gy yzy­gi­der­li alyp bar­mak, tä­lim­çi­lik ug­run­da tej­ri­be alyş­mak, ça­ga­lar fut­bo­ly­ny ös­dür­mek, şeý­le-de, iki ýur­duň fut­bol gu­ra­ma­la­ry­nyň ara­syn­da me­ýil­na­ma­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy alyp bar­mak ba­ra­da pi­kir al­şyl­dy.

Taryhda şu gün

Bedenterbiýe we sport

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedenterbiýäni hem-de sporty ösdürmek üçin paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde döwrüň talaplaryny ödeýän sport desgalary gurlup, ulanylmaga berildi. Şolarda sport ýaryşlary yzygiderli geçirilip, ýaş ýigitleriň we gyzlaryň arasyndan sporty söýýän, geljekde ýurdumyzyň sport abraýyny gorajak türgenleriň ýetişmeklerine oňaýly mümkinçilikler döredildi. Sporta aýratyn ähmiýet berilmegi bilen, beden taýdan berk we ruhy taýdan kämil nesiller kemala gelýär. Bu gün bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak, ýaramaz endiklerden daşda durmak ildeşlerimiziň durmuş kadasyna öwrüldi. Häzirki döwürde bedenterbiýe, sport we sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmek babatda döwlet derejesinde giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlary esasynda sport ulgamynda uly ösüşler gazanylýar. Goý, ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni mundan beýläk-de ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa ornaşdyrmak babatda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!

Halaçly woleýbolçular ýeňiji

2010 — 2011-nji ýyllarda doglan oglanlardan düzülen toparlaryň arasynda woleýbol boýunça welaýatyň birinjiligi ugrunda geçirilen ýaryşda Halaç etrabynyň topary ýeňiji boldy. Toparda etrabyň 3-nji sport mekdebiniň türgenleri çykyş edip, ýaryşa taýýarlygyň ýokary derejesini görkezdiler. Ýaş woleýbolçylar Mukam Merdanow, Gaýrat Nurýagdyýew, Mekan Batyrow, Sähet Mergenow, Guwanç Baýramow dagylara ýörite diplomlar gowşuryldy. Ýeňijileri ýaryşa sport mekdebiniň I derejeli tälimçileri Merdan Annageldiýew we Jumamyrat Jumaýew taýýarladylar. Türkmenabat şäheriniň we Çärjew etrabynyň toparlary degişlilikde ikinji we üçünji orunlary eýelediler.

Ýaryş güýçli toparlary saýlady

Sarahs etrabynyň sport mekdebinde “Biz Oguzhan nesli” ady bilen woleýbol ýaryşy geçirildi. “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi hem-de etrap bilim bölümi tarapyndan bilelikde guralan ýaryşa etrapdaky orta mekdepleriň okuwçy gyzlardan düzülen toparlary gatnaşdy. Ýaş nesli köpçülikleýin sporta çekmek we olaryň sport ussatlygyny ýokarlandyrmak babatda ähmiýetli bolan nobatdaky woleýbol ýaryşyna gyzyklanma uly boldy. Ýaş gyzlar öz aralarynda çekeleşikli oýunlary alyp bardylar. Ýaryş güýçli toparlary öňe saýlady. Şeýlelikde, etrapdaky 10-njy orta mekdebiň topary birinji, 21-nji orta mekdebiň topary ikinji, 1-nji orta mekdebiň topary üçünji orna mynasyp boldy. Ýeňiji bolan toparlar “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň hormat hatlary bilen sylaglandy.

Sport

WOLEÝBOLÇYLARYMYZYŇ ÜSTÜNLIGI Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde uly işler bitirilýär. Sport bilen meşgullanýan ýaşlaryň sany artyp, olar dürli ýaryşlarda şowly çykyş edýärler. Türgenlerimiziň ýeňişli menzilleriniň rowaçlanýandygyna sport mekdebimiziň mysalynda-da göz ýetirmek bolýar. Sportuň woleýbol görnüşi ýaşlaryň arasynda has meşhurlyga eýe bolup, woleýbolçylarymyz uly üstünlikleri gazanýarlar.

Bu gezek Şwentek ýeňiş gazandy

Ten­nis bo­ýun­ça Is­pa­ni­ýa­nyň paý­tag­tyn­da ge­çi­ri­len «Mad­rid Açyk – Mas­ters» ýa­ry­şyn­da er­kek­le­riň ara­syn­da rus­si­ýa­ly And­reý Rub­lew, ze­nan­lar­da pol­şa­ly Iga Şwen­tek ýe­ňiş ga­zan­dy. Rub­lew fi­nal­da ka­na­da­ly Fe­liks Ože-Al­ýas­sim bi­len du­şu­şyp, 2 sa­gat 48 mi­nut­da gar­şy­da­şy­ny 2:1 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. 1-nji set­de 6:4 as­gyn ge­len Rub­lew 2-3-nji set­ler­de 7:5 ha­sap­lar bi­len ýeň­me­gi ba­şar­dy. Bu onuň 2-nji «Mas­ters» ku­bo­gy, şol san­da kar­ýe­ra­syn­da­ky 16-njy ATP çem­pi­on­ly­gy­dyr.

Iki ýaryşda-da italýan klublary çempion boldy

Wo­leý­bol bo­ýun­ça Ýew­ro­pa­nyň Çem­pi­on­lar Li­ga­sy ýa­ryş­la­ry­nyň iki­sin­de-de, ýag­ny er­kek­le­riň hem-de ze­nan­la­ryň ara­syn­da ital­ýan klub­la­ry çem­pi­on­lyk ga­zan­dy. Iki ýa­ry­şyň hem fi­nal du­şu­şyk­la­ry Tür­ki­ýä­niň An­tal­ýa şä­he­rin­de ge­çi­ril­di. Er­kek­le­riň ara­syn­da­ky fi­nal­da Ita­li­ýa­nyň «Itas Tren­ti­no» to­pa­ry bi­len Pol­şa­nyň «Ýast­şembs­kiý Wen­gel» to­pa­ry du­şuş­dy. Ital­ýan klu­by 3:0 (25:20, 25:22, 25:21) ha­sa­byn­da üs­tün çy­kyp, 13 ýyl­dan soň 4-nji ge­zek çem­pi­on di­ýen ady eýe­le­di. Tren­to şä­he­ri­niň we­ki­li mun­dan öň 2009-njy, 2010-njy we 2011-nji ýyl­lar­da yz­ly-yzy­na 3 ge­zek çem­pi­on­lyk ga­za­nyp­dy. Pol­şa­nyň «Ýast­şembs­kiý Wen­gel» to­pa­ry bol­sa bas­syr 2-nji sa­par fi­nal­da ýe­ňil­di.

PSW-niň 25-nji, «Spor­tin­giň» 20-nji çem­pi­on­ly­gy

Ni­der­land­la­ryň hem-de Por­tu­ga­li­ýa­nyň çem­pio­nat­la­ryn­da möw­sü­miň ta­mam­lan­ma­gy­na 2 tap­gyr ga­lan­da, çem­pi­on­lar bel­li bol­dy. Ni­der­land­la­ryň çem­pio­na­ty «Ere­divisie»-de çem­pi­on bel­li bo­lup, Eýnd­ho­wen şä­he­ri­niň PSW to­pa­ry wag­tyn­dan öň çem­pi­on­ly­gy­ny yg­lan et­di. PSW 32-nji tap­gyr­da öz meý­dan­ça­syn­da Rot­ter­da­myň «Spar­ta» to­pa­ry­ny 4-2 ha­sa­byn­da ýe­ňip, möw­sü­miň ta­mam­lan­ma­gy­na 2 tap­gyr ga­lan­da, 2-nji ýer­dä­ki «Fe­ýe­noord» bi­len 9 utuk ara­ta­pa­wu­dy sak­la­ma­gy ba­şar­dy. Şun­luk­da, PSW to­pa­ry 6 ýyl­dan soň çem­pi­on bo­lup, bu ola­ryň 25-nji çem­pi­on­ly­gy­dyr. Soň­ky ge­zek 2018-nji ýyl­da çem­pi­on bo­lan PSW bu ugur­da 36 sa­par çem­pi­on­lyk ga­za­nan «Aýaks­dan» soň 2-nji ýer­de bar­ýar. Ge­çen möw­sü­miň çem­pio­ny, 3-nji bas­gan­çak­da­ky «Fe­ýe­no­or­dyň» 16 çem­pi­on­ly­gy bar.

Ga­ra­şyl­ma­dyk ýe­ňi­ji

For­mu­la 1 bo­ýun­ça möw­sü­miň 6-njy ýa­ry­şy Ma­ýa­mi «Gran Pri­sin­de» ga­ra­şyl­ma­dyk sü­rü­ji ýe­ňiş ga­zan­dy. 5-nji ha­tar­dan baş­lan «McLa­ren» to­pa­ry­nyň bri­ta­ni­ýa­ly sü­rü­ji­si Lan­do Nor­ris ýe­ňi­ji bo­lup, ol 57 aý­la­wy 1 sa­gat 30 mi­nut 49,876 se­kunt­da ta­mam­lap, kar­ýe­ra­syn­da­ky il­kin­ji ýeň­şi­ni baý­ram et­di. «McLa­ren» to­pa­ry-da soň­ky ge­zek 2021-nji ýyl­da Ita­li­ýa­nyň Mon­za şä­he­rin­de ýe­ňiş ga­za­nyp­dy. Ýa­ry­şa il­kin­ji ha­tar­dan bat alan Maks Wers­tap­pen ýe­ňi­ji­den 7,612 se­kunt yza ga­lyp, 2-nji ýe­ri eýe­le­di. Ol sprint ýa­ry­şyn­da ýe­ňiş ga­za­nyp, goş­ma­ça 8 utuk ga­zan­dy. Mün­be­riň 3-nji bas­gan­ça­gy­na «Fer­ra­ri» to­pa­ry­nyň mo­na­ko­ly sü­rü­ji­si Şarl Lek­ler çyk­ma­gy ba­şar­dy. «Red Bull» to­pa­ry­nyň mek­si­ka­ly sü­rü­ji­si Ser­hio Pe­re­siň 4-nji bo­lan ýa­ry­şyn­da «Fer­ra­ri» to­pa­ry­nyň is­pan pi­lo­ty Kar­los Saýns Ju­ni­or 5-nji or­ny eýe­le­di.

APL-de çempionlygyň iki dalaşgäri-de ýeňiş gazandy

Ang­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da sa­na­wyň li­de­ri «Ar­se­nal» öz meý­dan­ça­syn­da «Born­mut» to­pa­ry­nyň der­we­ze­sin­den jo­gap­syz 3 gol ge­çi­rip, or­nu­ny sak­la­ma­gy ba­şar­dy. Lon­don­ly­la­ryň gol­la­ry­ny Sa­ka, Tros­sar hem-de Raýs ge­çir­di. Er­ling Ho­lan­nyň 4 gol ge­çi­ren oý­nun­da «Man­çes­ter Si­ti» öz meý­dan­ça­syn­da «Wul­wer­hemp­ton» to­pa­ry­ny 5–1 ha­sa­byn­da ut­dy. 6 go­luň ge­çi­ri­len oý­nun­da «Li­wer­pul» öz meý­dan­ça­syn­da «Tot­ten­ha­my» 4–2 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Du­şu­şyk­da 1 gol ge­çi­ren Mo­ha­med Sa­lah APL-de bas­syr 3 möw­süm­de 10-dan köp gol we 10-dan köp asist eden il­kin­ji fut­bol­çy bol­dy. «Çel­si» öz meý­dan­ça­syn­da Lon­don der­bi­sin­de «West Ham­dan» 5–0 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy. Du­şu­şyk­da Jek­son 2 ge­zek ta­pa­wut­lan­dy. «Kris­tal Pa­las» bol­sa öz meý­dan­ça­syn­da Oli­se­niň 2 gol ge­çi­ren oý­nun­da «Man­çes­ter Ýu­naý­te­di» 4–0 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. «Ýu­naý­ted» şu möw­süm­de 13-nji ge­zek utu­lyp, bu gör­ke­zi­ji APL-de olar üçin an­tire­kor­da deň­dir. 90-njy mi­nut­dan soň ge­çi­ri­len gol­lar

«Re­al Mad­rid» 36-njy ge­zek «La Li­ga­nyň» çem­pio­ny

Is­pa­ni­ýa­nyň çem­pio­na­ty «La Li­ga­da» çem­pi­on 34-nji tap­gyr­da bel­li bo­lup, «Re­al Mad­rid» 36-njy çem­pi­on­ly­gy­ny baý­ram et­di. «Re­al Mad­rid» öz meý­dan­ça­syn­da «Ka­diz» to­pa­ry­ny Braim Dia­ziň 51-nji, Bel­lin­ga­myň 68-nji hem-de Ho­se­lu­nyň 90+3-nji mi­nut­lar­da­ky gol­la­ry bi­len 3–0 ha­sa­byn­da ýeň­di. Bu du­şu­şy­gyň yzy­sü­re ge­çi­ri­len «Ži­ro­na» — «Bar­se­lo­na» du­şu­şy­gyn­da-da ýer eýe­le­ri­niň ýe­ňiş ga­zan­ma­gyn­dan soň «Re­al Mad­rid» çem­pi­on­ly­gy­ny yg­lan et­di. Şun­luk­da, «Re­al Mad­rid» 36-njy çem­pi­on­ly­gy­ny ga­za­nyp, 27 çem­pi­on­ly­gy bo­lan «Bar­se­lo­na­dan» ep-es­li öň­de bar­ýar. To­pa­ryň tä­lim­çi­si An­çe­lot­ti «Re­al­da­ky» 12-nji, kar­ýe­ra­syn­da­ky 28-nji ku­bo­gy­ny ga­zan­dy. «Re­al Mad­rid» Ýew­ro­pa­nyň TOP 5 çem­pio­na­tyn­da iň köp çem­pi­on­lyk ga­za­nan 2 to­pa­ryň bi­ri bo­lup, ol bu ugur­da re­kor­dy «Ýu­wen­tus» bi­len paý­laş­ýar. «Bar­se­lo­na­ny» ýe­ne-de 4–2 hasabynda ýeň­di we il­kin­ji ge­zek Çem­pi­on­lar Li­ga­sy­na gat­na­şar

4 to­pa­ryň gat­na­şan soň­ky 2 ýa­ry­şy

1972-nji ýyl­da­ky 4-nji Ýew­ro­pa çem­pio­na­ty Bel­gi­ýa­da ge­çi­ri­lip, oňa ýe­ne-de 4 ýy­gyn­dy gat­naş­ýar. Ýa­rym fi­nal­da Gün­ba­tar Ger­ma­ni­ýa ýer eýe­le­ri Bel­gi­ýa­ny Gerd Mül­le­riň gol­la­ry bi­len 2–1, ozal­ky So­ýu­zyň ýy­gyn­dy­sy bol­sa Weng­ri­ýa­ny Ana­to­liý Kon­ko­wyň 53-nji mi­nut­da­ky ýe­ke-täk go­ly esa­syn­da 1–0 ýeň­ýär. Fi­nal­dan öň oý­na­lan bü­rünç me­dal du­şu­şy­gyn­da Bel­gi­ýa 2–1 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­ýar. 18-nji iýun­da­ky fi­nal­da bol­sa Gün­ba­tar Ger­ma­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy SSSR-iň ýy­gyn­dy­sy­ny Gerd Mül­le­riň (27, 58) hem-de Her­bert Wim­me­riň (52) gol­la­ry bi­len 3–0 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war ed­ýär we il­kin­ji çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­ýar. Bu çem­pio­nat­da Gerd Mül­ler 4 gol ge­çi­rip, ýa­ry­şyň iň ne­ti­je­li oýun­çy­sy bol­ýar. 4 ýyl­dan soň çem­pio­nat do­wam ed­ýän for­ma­tyn­da ozal­ky Ýu­gos­la­wi­ýa­da gu­ral­ýar. Çem­pio­na­tyň çä­gin­de geçirilen 4 du­şu­şyk­da-da ýe­ňi­ji esa­sy wagt­da bel­li bol­ma­ýar. Çe­hos­lo­wa­ki­ýa Ni­der­land­la­ry 3–1 (Ond­ruş 19, Ne­ho­da 114, We­se­li 118 — Ond­ruş 73 ö.d.), Gün­ba­tar Ger­ma­ni­ýa bol­sa Ýu­gos­la­wi­ýa­ny 4–2 (Flo­he 64, Di­ter Mül­ler 82, 115, 119 — Po­pi­wo­da 19, Dža­ýiç 30) ýeň­ýär. 5 go­luň ge­çi­ri­len du­şu­şy­gyn­da Ni­der­land­lar Ge­el­siň hem-de Wan de Kerk­ho­fyň gol­la­ry bi­len Ýu­gos­la­wi­ýa­ny goş­ma­ça wagt­da 3–2 ha­sa­byn­da ut­ýar

«Wembley»-däki finalda «Borussiýa Dortmund» bilen «Real Madrid» duşuşar

UEFA Çem­pi­on­lar Li­ga­syn­da fi­nal­çy­lar bel­li bol­dy. PSŽ-ni myh­man­çy­lyk­da-da ýe­ňen «Bo­rus­si­ýa Dort­mund» 3-nji, öz meý­dan­ça­syn­da «Ba­wa­ri­ýa­dan» üs­tün çy­kan «Re­al Mad­rid» 18-nji ge­zek fi­na­la çyk­ma­gy ba­şar­dy. Fi­nal du­şu­şy­gy 1-nji iýun­da Ang­li­ýa­nyň paý­tag­ty Lon­don­da­ky «Wemb­ley» sta­dio­nyn­da oý­na­lar. Öz meý­dan­ça­syn­da 1–0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nan «Bo­rus­si­ýa Dort­mund» to­pa­ry PSŽ-ni Pa­riž­de-de şol ha­sap bi­len ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Çe­ke­le­şik­li we gy­zyk­ly ýag­daý­da ge­çen oý­nuň ýe­ke-täk go­lu­ny 50-nji mi­nut­da Mats Hum­mels ge­çi­rip, ol UÇL-de ýa­rym fi­nal­da ta­pa­wut­la­nan iň ýa­şu­ly 3-nji fut­bol­çy hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy (Raýn Giggz, Edin Je­ko). PSŽ to­pa­ry­na bu go­la jo­gap ber­mek ba­şart­ma­dy. Esa­san hem, oý­nuň soň­ky 20 mi­nu­ty­ny dort­mund­ly­la­ryň je­ri­me meý­dan­ça­sy­nyň al­ky­myn­da ge­çi­ren pa­riž­li­le­riň umumylykda 30 ur­gu­sy ta­kyk bol­ma­dy. Ola­ryň 4 ur­gu­sy­na sü­tün päs­gel ber­di (2 oýun­da je­mi 6 ur­gy sü­tü­ne deg­di). Şun­luk­da, iki oý­nuň ne­ti­je­si bo­ýun­ça 2–0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nan «Bo­rus­si­ýa Dort­mund» ta­ry­hyn­da 3-nji ge­zek fi­na­la çyk­dy. Ne­mes klu­by mun­dan öň 1997-nji ýyl­da Mün­hen­dä­ki fi­nal­da «Ýu­wen­tu­sy» 3–1 ýe­ňip­di, 2013-nji ýyl­da bol­sa «Wemb­ley»-de «Ba­wa­ri­ýa­dan» 2–1 ha­sa­byn­da utu­lyp­dy.

23 medal — üstünliklere goşant

Karate türkmen sportuna soňky ýyllarda halkara ýaryşlardan medaly iň kän getirýän görnüşleriň biri. Bu hakykat ýakynda Ürgenç şäherinde geçirilen Özbegistanyň açyk çempionatynda ýene bir gezek örboýuna galdy. Ýaryşda biziň ildeşlerimiz hormat münberine 23 gezek çykdylar. Halkara ýaryşa türkmenistanly karateçiler bilen birlikde Gyrgyzystandan, Täjigistandan we Özbegistandan jemi 293 türgeniň gatnaşandygyny nygtamak türkmen türgenleriniň gazanan üstünlikleriniň derejesine göz ýetirmekde ähmiýetlidir. Üç myhman döwlete milli ýygyndylar wekilçilik eden bolsa, Özbegistan halkara ýaryşa sportuň bu görnüşleri bilen meşgullanýan klublar arkaly gatnaşdy.

Aşgabat. Aprel. Arena

Aşgabat ýene-de halkara sport jemgyýetçiliginiň üns merkezinden ornuny tapdy. Ak mermere bürenen türkmen paýtagtynyň adyny apreliň buzly arenadaky sport baýramçylygy bilen utgaşdyran ajaýyp waka — Hokkeý boýunça halkara ýaryş dünýäde iri sport merkezi hökmünde uly meşhurlyga eýe bolan Türkmenistanyň mümkinçiliklerini äleme ýaýdy. Halkara ýaryş diňe Watanymyzyň iri sport çärelerini geçirmekdäki tejribesiniň beýany bolmak bilen çäklenmän, türkmen türgenleriniň mümkinçilikleriniň hem aýdyň görkezijisine öwrüldi. Ýaryşyň guramaçylyk derejesiniň nusgalyk hasaplanandygyna aýratyn ünsi çekmek gerek. Çünki hormatly Prezidentimiziň ýaryşy ýokary derejede geçirmek maksady bilen gol çeken degişli Karary Hokkeý boýunça halkara ýaryşynyň kämil derejedäki guramaçylygynyň binýadyny emele getirdi. Halkara ýaryşa taýýarlyk görmekde meýletinçileriň ornunyň hem diýseň uly bolandygyny bellemek gerek. Olar guramaçylyk işleriniň ähli tapgyrlaryna ýakyndan ýardam etdiler.

Taekwondonyň ýaş ussady

Taekwondo ITF boýunça tutluşyk meýdançasynda 5 ýyldan gowrak wagt bäri üstünlikli çykyş edip gelýän ýaşajyk türgenlerimiziň biri Ysmaýyl Taýlyýewdir. Ol Aşgabat şäherindäki 55-nji orta mekdebiň 4-nji synpynda okaýar. Okuwdan boş wagtlary sport mekdebine, türgenleşik zallaryna yzygiderli gatnap, öz taýýarlygyny ýokary depginde alyp barýar. Ýaňy 10 ýaşyny doldurandygyna garamazdan, Ysmaýyl eýýäm ýurdumyzda geçirilýän ýaryşlarda birnäçe gezek çempion bolmagy başardy. Has dogrusy, ol 2022-nji ýylyň iýul aýynda Taekwondo ITF boýunça Aşgabat şäheriniň çempionatynda 30 kilogram agram derejesinde üstünlikli çykyş edip, I orny eýeledi. Şeýle-de şol ýylyň noýabr aýynda geçirilen Türkmenistanyň çempionatynda hem I orny gazandy. Bu Ysmaýyl jigimiziň şahsy tutluşyklardaky ilkinji üstünlikleridir. 2023-nji ýylyň maý aýyndan Ysmaýyl eýýäm ýurdumyzyň adyndan halkara ýaryşlara gatnaşyp başlaýar. Ol Estoniýa döwletiniň Tallin şäherinde Taekwondo ITF boýunça geçirilen halkara ýaryşynda 30 kilogram agram derejesinde çykyş edip, şahsy tutluşykda I orny, 8-9 ýaşly çagalaryň arasynda şahsy tulda II orny gazanmagyň hötdesinden geldi. Mundan başga-da, ol şol ýylda ýurdumyzda Taekwondo ITF boýunça geçirilen birnäçe ýaryşlara gatnaşyp, baýrakly orunlary gazandy.

Ýetginjek hokkeýçileriň üstünligi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hokkeý ýaşlaryň köpçülikleýin saýlap alýan sport görnüşleriniň birine öwrüldi. Ýetginjekler boýunça milli ýygyndymyz mart aýynda Günorta Afrika Respublikasynyň Keýptaun şäherinde Gonkongyň, Tailandyň we GAR-yň toparlarynyň gatnaşmagynda «B» toparyň üçünji diwizionynyň dünýä çempionatynda çykyş edip, kümüş medala mynasyp boldy. Milli ýygynda «Galkan» hokkeý toparynyň ýaşlar ýygyndysynyň tälimçisi Guwançmyrat Jepbarow tälimçilik etdi. Şeýle hem ýaşlaryň bu ýaryşda üstünlikli çykyş etmeginde kömekçi tälimçi Maksat Ataýewiň uly goşandynyň bardygyny bellemek gerek. Türkmenistanyň milli ýygyndysyna Içeri işler ministrliginiň «Galkan», Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň «Şir» we «Türkmengaz» Döwlet konserniniň «Oguzhan» toparlaryndan ýaş hokkeýçileriň 20-si wekilçilik etdi. Ýetginjekler toparynyň düzüminde çykyş eden mekdep okuwçylaryndan Serdar Durdyýewiň, Isgenderhan Durdyýewiň, Elman Isaýewiň, Soltanhamit Wahytowyň, Şöhrat Begliýewiň atlaryny agzamak bolar. Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysynyň oýunçysy Elman Isaýew çempionatyň iň gowy oýunçysy hökmünde saýlandy. Serdar Durdyýew bolsa bir oýunda dört şaýba geçirip, ýokary netije görkezdi.

Ýeňiş baýramyna bagyşlanan ýaryş

“Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň, welaýat Baş bilim müdirliginiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikdäki meýilnamasy esasynda welaýatymyzyň mekdep okuwçylarynyň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar yzygiderli guralýar. Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli Tejen etrabynyň Tejen şäherindäki sport mekdebinde geçirilen woleýbol ýaryşy hem şeýle bäsleşikleriň biri boldy. Ýaryşa etrapdaky orta mekdeplerden okuwçy gyzlardan düzülen toparlar gatnaşyp, woleýbolda ussatlygyny aýan etdiler. Ýeňiş baýramyny dabaralandyrylan ýaryş gyzykly häsiýetde geçip, güýçli toparlary öňe saýlady. Şeýlelikde, etrapdaky 42-nji orta mekdebiň topary birinji, 31-nji orta mekdebiň topary ikinji, 40-njy orta mekdebiň topary bolsa üçünji orna mynasyp boldy. Ýeňiji toparlar “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň hormat hatlary bilen sylaglandy.