2-nji saýlama tapgyryň 1-nji duşuşyklary geçirildi
UEFA Çempionlar Ligasynda 3-nji saýlama tapgyryň 1-nji duşuşyklary geçirildi. Azerbaýjanyň çempiony «Garabag» öz meýdançasynda «Ludogores» toparyndan 2-1 hasabynda asgyn geldi. Öz meýdançasynda utulan toparlaryň ýene biri-de Polşanyň çempiony «Ýagelloniýa» topary bolup, Norwegiýanyň «Bude-Glimt» topary Dueguesiň awtogoly esasynda iň kiçi hasap bilen ýeňiş gazanmagy başardy. Slowakiýanyň «Bratislawa» topary Kipriň APOEL toparyny Petrowiç (71 ö.d.) hem-de Makyň (90+4) gollary bilen, Daniýanyň «Midtýullan» topary-da Wengriýanyň çempiony «Ferenswaroşy» Buksa (17) hem-de Džunyň (69) gollary esasynda 2–0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Çehiýanyň «Sparta Praga» topary bilen Rumyniýanyň FKSB toparlarynyň (Olatunsi 78 – Dawa 61) hem-de Şwesiýanyň «Malmö» topary bilen Gresiýanyň PAOK toparynyň (Ýansson 28, Nanasi 67 – Taison 42, Rahman 75) arasyndaky duşuşyklarda ýeňiş gazanan bolmady. Çempion däl klublaryň arasynda Praganyň başga bir kluby «Slawiýa» öz meýdançasynda Belgiýanyň «Ýunion Sent-Žilluaz» toparyny Çori (2) hem-de Dorliniň gollary bilen 3-1 hasabynda ýeňdi. Fransiýanyň «Lill» topary-da öz meýdançasynda Türkiýäniň wise-çempiony «Fenerbahçeni» kabul e