Islendik döwletiň geljekki ykbaly bilim ulgamy bilen berk baglanyşyklydyr. Ylym we bilim adamzadyň gymmatly baýlygydyr. Türkmenistan Watanymyzy dünýäniň iň öňdebaryjy ýurtlarynyň birine öwürmek, bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek we arassa ahlakly, giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleriň täze neslini kemala getirmek mugallymlaryň zehin-başarnygyna bagly bolup durýar.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek we ösdürmek döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şonuň netijesinde milli ýörelgelere laýyklykda, okuw maksatnamalarynyň, kitaplaryň hem-de gollanmalaryň mazmuny we ylmy-usulyýet ugurlary kämilleşdirilýär. Sanly bilim ulgamy yzygiderli ösdürilýär. Şeýle-de tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň konsepsiýasynda bilim hem-de terbiýeçilik işlerine okatmagyň öňdebaryjy usullary, ylmyň gazananlary, innowasion tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar.