Milli Liderimiz: «Her bir döwletiň binýadynyň berkligi, ösüşiniň ýokary depgini, ýaşaýyş-durmuş derejesi ýurtda alnyp barylýan bilim-ylym syýasaty bilen berk baglydyr» diýip, parasatlylyk bilen belleýär. Munuň özi ösüşiň täze belentliklerini nazarlap ynamly öňe barýan Berkarar döwletimizde bilim ulgamyny ösdürmegiň döwlet syýasatynyň iň bir ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülendigine şaýatlyk edýär. Hut şonuň üçin eziz Diýarymyzda ylym-bilimiň ileri tutulýan ýörelgelerine eýerilip, bu babatda ýurdumyzy syýasy, ykdysady, medeni taýdan ösdürmegiň derwaýys meselelerinden ugur alynýar.
Mälim bolşy ýaly, 2017-nji ýylyň sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. Bu Konsepsiýa bilim ulgamynyň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün etmek, sanly enjamlary giňden peýdalanmak arkaly bilim berlişiniň hilini ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Täze taryhy eýýamda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek babatda yzygiderli işler amala aşyrylýar. Ak şäherimiz Aşgabatda we welaýatlarda döwrebap bilim ojaklary gurlup, ulanylmaga berilýär. Bu bilim ojaklarynyň ählisinde sapaklary multimediýa serişdelerini peýdalanyp, interaktiw usulda geçmäge mümkinçilikler döredilýär. Okuw maglumatynyň multimediýa serişdesini peýdalanmak arkaly interaktiw usulda geçilmegi sapagyň gyzykly, özüneçekiji bolmagyna, çuňňur özleşdirilmegine we okuwçylaryň döwrüň ösen tehnikasynyň mümkinçiligine akyl ýetirmegine ýardam edýär.