Aşgabat şäherindäki Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebinde Milli Bahar baýramy mynasybetli “Kitap — bilimleriň açary” atly kitap sergisi guraldy. Sergi bu harby mekdebiň, Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet muzeýiniň, we Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň işgärleri we mugallymlary tarapyndan bilelikde guraldy. Sergide hormatly Prezidentimiziň Watan goragçylary üçin ýazan ajaýyp kitaplary, türkmen ýazyjylarynyň çeper eserleri we mekdep okuwçylarynyň çeken suratlary ýaýbaňlandyryldy.
Aşgabat şäheriniň Medeniýet müdirliginiň garamagyndaky “Aýjan” atly çagalar tans toparynyň we 7-nji çagalar-sungat mekdebiniň sazandalar topary sergini has-da dabaralandyrdylar. Sergi dabara gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.