Sungatlar sanly ulgamda sazlaşdy

18 Mart 2021
2023

Golaýda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Uzeýir Hajibaýly adyndaky Akademiýasynyň arasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, sanly ulgam arkaly onlaýn görnüşde bilelikdäki baýramçylyk konserti guraldy. Bu konsertiň maksatnamasyna esasan iki halkyň hem nusgawy eserleriniň ýaş mugallymlaryň we talyplaryň ýerine ýetirmegindäki çykyşlary girizildi.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda medeniýetleriň dabaralanmagynda, sungat üstünlikleriniň wagyz edilmeginde, sanly ulgamyň netijeliliginiň ýüze çykarylmagynda, tejribeleriň artdyrylmagynda möhüm ähmiýeti bolan wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen bilelikdäki konsert baý mazmunlylygy, ýokary täsirliligi, ruhubelentlik häsiýeti bilen tapawutlandy.

Laçyn JÜMMIÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy.