Her bir döwletiň ösüş syýasatynyň esasyny düzýän ylym-bilim ulgamyny we ösüp gelýän ýaş nesilleriň bu ulgama höwesini artdyrmak üçin ýurdumyzda guwandyryjy işler amala aşyrylýar. Bu barada hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: “Ylmy açyşlaryň, tehnologiki oýlap tapyşlaryň durmuşymyzyň ähli ugurlaryna tapgyrma-tapgyr aralaşýan döwründe halkyň bilime bolan isleg-arzuwyny kanagatlandyrmak, kämil bilim ulgamyny kemala getirmek, milli we umumadamzat gymmatlyklary esasynda ýaş nesillerimizde raýat düşünjelerini kemala getirmek giň möçberli bilim we ylym reformalarymyzyň düýp özenidir, täze taryhy eýýamyň baş talaplarydyr”. Şu parasatly jümlelere esaslanyp, ýurdumyzyň bilim ulgamynda, şol sanda dil biliminde hem uly ösüşler gazanylýar. Ýagny dil bilimine aýratyn üns berlip, bu ugurdan iş alyp barýan bilermenleriň sany barha artýar. Şol sanda ýurdumyzda daşary ýurt dillerini hem çuňlaşdyryp öwrenmek maksady bilen köp sanly işler durmuşa geçirilýär. Dilşynaslaryň iki diliň özara täsiri we aýratynlyklary barada ýüze çykýan meseleler dogrusynda ençeme nazary ähmiýetli işleri yzygiderli neşir edilýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda halkara bileleşiginiň agzalary bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyklar ýola goýulýar. Häzirki wagtda ylmyň we tehnikanyň utgaşykly ösmegi dünýä ýüzünde ykrar edilen sanly ulgamyň döremegine getirdi. Milli Liderimiziň tagallalary bilen, bu ugruň biziň ýurdumyzda hem giňden ornaşdyrylmagy, ilki bilen, halkara ylmy adalgalaryň ene dilimiziň düzümine aralaşmagyna, galyberse-de, käbir umumy sözleriň halkyň ýönekeý gepleşik dilinde-de orun almagyna getirdi. Bu sözleriň manysyny halk köpçüligine doly düşündirmek, dilimiziň sözlük düzümine goşup ulanyşa girizmek maksady bilen, dilçi alymlar tarapyndan dilimizde duş gelýän adalgalar, alynma sözler dogrusynda ençeme ylmy makalalar, kitaplar çap edilýär, dürli göwrümli sözlükler taýýarlanýar. Şeýle mazmunly gollanmalarda dilimiziň sözlük düzümine täze goşulan sözlere giňişleýin düşündiriş berilýär. Şeýle hem bu ugurdan baş çykarýan ussat hünärmenleriň taýýarlygy hem wajyp meseleleriň biri bolup durýar. Şu nukdaýnazardan hem, milli Liderimiziň badalga bermeginde ýurdumyzda ençeme dil merkezleri, daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen orta mekdepler hereket edýär, ýokary okuw mekdeplerinde dilçi hünärmenler taýýarlanylýar. Bu bolsa döwrebap bilimlerden habarly hünärmenleriň täze nesliniň kemala gelmegi bilen birlikde, berkarar Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da belent derejelere çykmagynda, halkara hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk hem pugtalanmagynda möhüm ähmiýete eýedir.