Wagt nämäni aňladýar

10 Mart 2021
1387

Adamzat gije-gündiziň gezekleşmegi, ýyldyzlaryň Aý-Günüň dogup- -ýaşmagy, pasyllaryň üýtgemegi ýaly hadysalar bilen gyzyklanyp gelipdir. Müňlerçe ýyllaryň dowamynda gije-gündiziň, aýyň we ýylyň özara sazlaşygyny, kanunalaýyklygyny tapmak üçin dürli halklaryň arasynda dürli görnüşdäki senenamalary (kalendarlary) döredipdirler. Kalendar sözi asyl manysy latynça “karz ýa-da bergi kitaby” diýmekligi aňladypdyr. Ýagny, gadymy rimliler her aýyň üç gününi aýratyn at bilen belläpdirler, şeýlelikde her aýyň 1-ini kalend, her aýyň 5-ini (käbirlerinde 7-ini) non, her aýyň 13-ini (ýa-da 15-ini) id diýip atlandyrypdyrlar. Ýurduň bergidarlary bergisini her aýyň birinji güni — kalend güni bermeli edilipdir. Şeýle bolansoň, şu ýerden “kalendar” sözi gelip çykypdyr. Kalendar hasaplamalarynyň taryhda üç görnüşi — Aý kalendary, Aý-Gün we Gün kalendarlary bellidir.

Ýyl hasaplamalary gadym döwürlerde dürli usullar bilen amala aşyrylypdyr. Olaryň biri Tropik ýyl hasabydyr, ol 365 gün, 5 sagat, 48 minut, 46 sekunda deňdir. Mundan başga-da, Kalendar ýyl hasaby Tropik ýyla golaýdyr we her 4 ýylda bir gün goşulyp, “Wisokos” ýyly diýlip atlandyrylýar.