Täsirli edebi agşam

9 Mart 2021
1218

Mekdebimizde “Dünýäniň görki — mähriban ene” atly edebi agşam geçirildi. Oňa mekdebiň ýokary synplarynda okaýan gyzlar we mekdebiň zenan mugallymlary gatnaşdylar. Zenan edebi onuň el hünärindedigi we terbiýesindedigi barada bu ýerdäki edilen çykyşlarda bellenildi. Eneleriň waspyny ýetirýän goşgular okaldy. Okuwçy gyzlaryň hormatly Prezidentimiziň “Enä tagzym — mukaddeslige tagzym”, “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly eserlerinden edep-terbiýe we ene hakyndaky rowaýatlar we tymsallar esasynda taýýarlan sahna çykyşlaryna tomaşa edildi. Eneler hakyndaky aýdymlary bolsa okuwçy gyzlar tüýs ýürekden ýerine ýetirdiler.

Edebi agşam oňa gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.

Almagül SAPAROWA,
Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň 45-nji orta mekdebiniň mugallymy.