Üstünligiň aýdyň ýoly

9 Mart 2021
1320

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň her bir güni altyn harplar bilen ýazylan ýeňişlere beslenýär. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy dabaraly bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky ösüşler, özgerişler halkymyzyň ýüreginde buýsanç duýgularyny oýarýar.

Türkmeniň taryhyna göz aýlanyňda, halkymyzyň ylma, bilime uly hormat goýandygyny görmek bolýar. Eline kitap alan her bir adamyň sarpasy belent tutulypdyr. Has zehinli, ylym-bilim dünýäsiniň kämillik basgançaklarynyň belentliklerine galan alymlara bolsa keramatly, halatly adamlar hökmünde seredilipdir. Olaryň ýakan bilim çyragy ynsanlara durmuşda nur saçypdyr. Ýaşyl ýapraklaryň Güne tarap ýüzüni öwrüşi ýaly, adamzat hem öz aňyny bilim çyragyna tarap öwürýändir, sebäbi ylym, bilim ähli ýollara ýagty saçýan çyragdyr.

Jennet AMANOWA,
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy.