Saz öwretmegiň aýratynlyklary

2 Mart 2021
1522

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyz uly ösüşlere beslenýär. Şeýle ösüşlere buýsanyp, ýaş nesilleri milli ýörelgelerimize mynasyp terbiýelemek gadymy medeniýetimizi, aýdym-saz sungatymyzy öwretmek jana-jan borjumyz bolup durýar. Munuň özi ýaşlaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmeginde, pikirlenişiniň we dünýägaraýşynyň giňemegine ýardam edýär. Esasan hem ösüp gelýän ýaşlaryň aýdym-saz sungatyna düşünmeklerine oňat mümkinçilikleri döredýär.

Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde milli ýörelgeler esasynda ýaşlary terbiýelemek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Ýörite sazçylyk mekdebimizde hem ýaşlara saz sungatynyň aýratynlyklary öwredilýär. Milli sazlarymyza hem dünýä halklarynyň sazlaryna inçeden düşünmekleri üçin ýörite notalar öwredilýär. Şonuň üçin hem ýaş sazandalarymyz sazyň dürli ugurlaryny ýeňillik bilen öwrenýärler. Sazy öwrenmekde notalaryň uly ähmiýeti bardyr. Bu sazy ýerine ýetirmekde hem, täze sazy öwrenmekde hem ýeňillikleri döredýär. Şeýle hem saz notalary bu ugra çuňňur düşünmäge ýardam edýär.

Elmira AKSENOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep internatynyň mugallymy.