Ýurdumyzda ýaş nesliň ösen döwrüň talaplaryna laýyk derejede bilimli, terbiýeli, sagdyn bolmagy, dünýä derejesinde hünärleri ele almagy üçin uly işler durmuşa geçirilýär. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» ýörelgelerini berjaý etmekde milli bilim ulgamynyň işgärleriniň öňünde sanly bilimiň häzirki zaman tehniki serişdelerini, maglumat gorlaryny peýdalanmak, bilim işgärleriniň bu ugurda taýýarlygyny kämilleşdirmek, ýokary hilli bilim gorlarynyň we hyzmatlarynyň elýeterliligini üpjün etmek hem-de bilim bermegiň dowamynda sanly bilim serişdelerini, şol sanda elektron okuw kitaplaryny we gollanmalary ulanmak ýaly möhüm wezipeler goýuldy. Şu nukdaýnazardan ugur alnyp, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda döredilen “Bilim portalynda” professor-mugallymlaryň geçýän sapaklarynyň wideoşekilli ýazgylary, okadýan dersleriniň umumy, amaly we tejribe okuw sapaklary, şeýle-de dersler boýunça test ýumuşlary, peýdalanylýan edebiýatlar ýerleşdirildi. Bu bolsa, bir tarapdan, talyplara geçilýän sapaklary ýeňil özleşdirmäge ýardam berse, ikinji tarapdan, maglumat-telekommunikasiýa tehnologiýalary ösdürmegiň esasynda bilimiň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik döredýär.
Şunuň bilen baglylykda, talyplaryň alan nazary bilimlerini tejribede amal edilmegini öwretmek maksady bilen, institutymyzyň binýadynda okuw-tejribelik merkezi döredildi. Bu merkezde tejribe sapaklary guralyp, olarda talyplar sanly bilim tehnologiýalaryň iş ýüzünde işleýiş düzgünleri we şertleri bilen tanyşdyrylýar. Muňa mysal edip, talyplara Simulýator enjamynyň işleýiş ýörelgeleriniň öwredilmegini görkezmek bolar. Bu enjam gaz turbina desgasyny hyýaly iş ýükünde dolandyrýan we özünde birnäçe programmalary jemleýän «9E Simulýator», «CALIK», «CIMLA», «Shortcut», «ToolboxST» programmalaryndan ybaratdyr.