«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bilim ulgamynda döredip berýän mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, bilim işgärleri kämil nesli ýetişdirmekde ýadawsyz işleýärler. Okuwçylaryň bilimli, terbiýeli, berk bedenli, sagdyn ruhly, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda paýtagtymyzdaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 131-nji orta mekdebiň mugallymlary yhlasly zähmet çekýärler. Biz ýakynda bu mekdepde bolup, onda bilim-terbiýeçilik işleriniň alnyp barlyşy bilen tanyşdyk.
Bilimi kämilleşdirmek ugrunda